Garynjany men nämüçin halaýan ? (Gaty gowy goşgy )
Pikir berseñ ,
Halap-halamaz ýaly,
Garynja bir göze ilýän zadam däl .
Emma halaýan men ol janaweri ,
Ýogsam ol dil bilýän ,añly adam däl .
Goşga-da garynja gelşip duranok.
Ýöne men şonda-da,şony halaýan .
Dymýanlygy,
Dilsizligi üçin däl ,
Güýçli gara zähmetini sylaýan .
Dymýanlygy,
Dilsizligi däl dänim ,
Ýalan sözlemeýşi hormata laýyk.
Günuzyn gybyrdap ýörendir özem ,
Ne serpaý tamakin ,
Ne uly baýlyk.
Ikatýok özünden iki esse agyr
Iýmit iýýär,
Bir diýenin gaýtalap.
Garynja özünden üç esse agyr ,
Ýük göterýär ,
Ýene işe döwtalap .
Şondan garynjany halaýan men-ä ,
Garynjany basmak günädir ,günä !
Ata ATAJANOW .
1968
Halap-halamaz ýaly,
Garynja bir göze ilýän zadam däl .
Emma halaýan men ol janaweri ,
Ýogsam ol dil bilýän ,añly adam däl .
Goşga-da garynja gelşip duranok.
Ýöne men şonda-da,şony halaýan .
Dymýanlygy,
Dilsizligi üçin däl ,
Güýçli gara zähmetini sylaýan .
Dymýanlygy,
Dilsizligi däl dänim ,
Ýalan sözlemeýşi hormata laýyk.
Günuzyn gybyrdap ýörendir özem ,
Ne serpaý tamakin ,
Ne uly baýlyk.
Ikatýok özünden iki esse agyr
Iýmit iýýär,
Bir diýenin gaýtalap.
Garynja özünden üç esse agyr ,
Ýük göterýär ,
Ýene işe döwtalap .
Şondan garynjany halaýan men-ä ,
Garynjany basmak günädir ,günä !
Ata ATAJANOW .
1968
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.