Şumahal ýanymda ejem bolsady...

Daşymdan guwanyp synlap oturan,
Ýürek tarlarymy sazlap oturan,
Gara saçlarymy sypap oturan,
Şumahal ýanymda ejem bolsady.

Ne hyýal,küýde men bilerim ýaly,
Mundanam has bagtly bolarym ýaly,
Bölüp ýüregimi bererim ýaly,
Ýanymda şumahal ejem bolsady.

Görünmezdi dünýe beýle dar bolup,
Mährinden erärdim dagda gar bolup,
Otyryn men bir hoş söze zar bolup,
Şumahal ýanymda ejem bolsady.

Aý howlugýar gökden ýere düşmäge ,
Heý , umyt barmyka saňa duşmaga,
Ýene birje gezek derdinişmäge,
Ýanymda şumahal ejem bolsady.

Sadaja göwnüni awlarym ýaly,
Ne derdi bar eken, aňlarym ýaly,
Boýnundan gujaklap aglarym ýaly ,
Şumahal ýanymda ejem bolsady.
Ýanymda şumahal ejem bolsady...
9 лайков 286 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Sayrak gus
24 фев 2022, 15:27
Ejegyz awtory kimkä? Gowy goşgy ekeni paýlaşanyňa köp sag bol.
ýüreksözi
24 фев 2022, 15:32
Gülşirin Hanowadymaý şuň awtory
Sayrak gus
24 фев 2022, 15:37
Цитата: ýüreksözi
Gülşirin Hanowadymaý şuň awtory

"Ýylgyr eje ýylgyr eje"
ýüreksözi
24 фев 2022, 15:43
SAYRAK GUS,
howwa şuň aýdymama bardy Batyr familiýasyny bilemok şol aýdymmy şol
Sayrak gus
24 фев 2022, 15:51
Цитата: ýüreksözi
SAYRAK GUS,
howwa şuň aýdymama bardy Batyr familiýasyny bilemok şol aýdymmy şol

Aýdymyny diňläp göremok. Ýöne goşgyny diýseň halaýanda.
ýüreksözi
24 фев 2022, 16:29
SAYRAK GUS,
Howwa goşga söz ýok aýdymam gowy
Pegas
24 фев 2022, 16:47
Цитата: SAYRAK GUS
Ejegyz awtory kimkä? Gowy goşgy ekeni paýlaşanyňa köp sag bol.

Hatyja Hajyýewa
Gozel
24 фев 2022, 17:02
Gaty gowy. Ejelermiziñ gadyrny bilip ýaşalyñ. Saña biwepalyk etmejek iñ soñky demine çenli jandan söyjek ýeke täk ynsan ejemizdir.
Sayrak gus
24 фев 2022, 17:04
Цитата: Pegas
Цитата: SAYRAK GUS
Ejegyz awtory kimkä? Gowy goşgy ekeni paýlaşanyňa köp sag bol.

Hatyja Hajyýewa

Seýitnazar Seýdini okan gyzjagazmyka şol. Bir wagt "Garagum" žurnalda goşgularyny okapdym. Oňatja ýazýa.
Pegas
24 фев 2022, 19:07

Hawa, şol. Gyzjagaz däl-de, gelinjik indi)