Meniň itler bilen ýaşasym gelýär...

LIRIKI GOŞGY

Meniň itler bilen ýaşasym gelýär,
Üýrüşinden janyň gönenip gidýän.
Meniň itler bilen ýaşasym gelýär,
Haýbatyndan agzyň öwelip gidýän.
...Namysa galaýsa, namysdan ölýän,
Itler bilen meniň ýaşasym gelýär...

Meniň itler bilen ýaşasym gelýär,
Ak, ala, sarymtyl, gara, goňurrak...
Ar almaly bolsa, bir özüni däl,
Hakyn alyp, aňyrkynam oňarýan,
...Edenin, edýänin, etjegin bilýän,
Meniň itler bilen ýaşasym gelýär.

Wepa hakda samyrdydan daş bolan,
Ilki namys, onsoň meýli aş bolan.
Eýesiniň gapysyny gujaklap,
Ölensoňam, ho-ol hendege taşlanan...
...Dünýäni it bolup, it bolup ýeňýän,
Itler bilen meniň ýaşasym gelýär!

Aýgül GARAÝEWA
6 лайков 276 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
05 июл 2022, 20:19
Ajaýyp goşgy!
Gowy görýän-dä şu Aýgül gelnejäň goşgularyny. Şol ugradan kitabymdaky bar goşgusyny okap çykdyňyzmy?!
Nazar
05 июл 2022, 20:22
Massimus agam shol dowamyny yazjak bolup goýanlaryň dowamyny hacan goyjak agam. Bir okap göwni kelläni açalyda
Ahmet
05 июл 2022, 20:31
Oňat goşgy eken. Öljek wagty özi ýitirim bolýan eken. Eýesine dert bolasy gelýän däldir-dä janawer,
jesedini gözläp tapmaly...
Massimus
Автор 05 июл 2022, 20:49
Nirvana,
Ajaýyp goşgy!
Gowy görýän-dä şu Aýgül gelnejäň goşgularyny. Şol ugradan kitabymdaky bar goşgusyny okap çykdyňyzmy?!

Howwa, okadym
Massimus
Автор 05 июл 2022, 20:54
FanB,
Massimus agam shol dowamyny yazjak bolup goýanlaryň dowamyny hacan goyjak agam. Bir okap göwni kelläni açalyda

Ýazyşdyryb-a goýdum, biraz işlemeli ýerleri bar, ilki haýsynyň dowamyny goýaýyn?
Nazar
05 июл 2022, 20:55
Massimus,
Haysyny goysanam okarys
Belki
05 июл 2022, 21:01
Edil şu goşgusyny halamok.It sözüni goşga gelişdiremok.Galyberse-de pikrini beýan edişem goşguny ýöntemleşdiripdir.Şu pikrini proza görnüşinde aýdan bolsady,onda jüpüne düşerdi.Goşgy has inçe zat.Massimus,
Agam,şol otludaky gyzly wakañ dowamyny goýaý.
Massimus
Автор 05 июл 2022, 21:14
Mümkin,
Massimus,
Agam, şol otludaky gyzly wakañ dowamyny goýaý.

Bolýar, nesip bolsa, ýetişsem şu gün gijiräk goýaýaryn
Kerbaba
05 июл 2022, 21:21
Говача потрадымы сува якып йордум бирки гунликде. Гиже сува айланып гелип сув адигими чыкарып гойсам бир тайыны готерип гидипдир итлер....ирден гозлей гозлей тапмадым.. Итин гу гылыгы боланокда..
Kerbaba
05 июл 2022, 21:22
шу гылыгы
Oksimiron
05 июл 2022, 22:57
Şeýdip ýazyp biläýseň