Kerem ýaly

Gurşun ýaly agyr bu ýerde howa,
Gygyrýan
gygyrýan adamlara men:
''Geliň kömek beriň, geliň goldawa,
Eredeliň gurşuny biz güýç bilen!''
Eşidýärin men:
''Gowusy gygyrma,
Gowusy dym sen.
Ýanarsyň
ýanarsyň ýogsa özüň hem,
Kerem ýaly
küle dönersiň şu dem!''
Derdiňi diýere adam ýok bärde,
Ýürekler doňupdyr bir daş mysaly.
Howa gurşundan-da agyr bu ýerde.
Bir wagt Keremiň ýanyşy ýaly,
Hawa, şonuň ýaly,
Şonuň ýaly ýanmak isleýärin men!
Eger-de men ýanmasam,
Eger-de sen ýanmasaň,
Eger-de biz ýanmasak,
Kim gara tüni dargadýar?!
Gara toprakdan-da agyr bu howa...
Ýene-de çagyrýan adamlary men:
''Geliň, geliň!..'' - diýip ähli goldawa. -
Eredeliň gurşuny biz güýç bilen!''


1930 ý.

Nazym HIKMET
türk şahyry.

Terjime eden Ata ATAJANOW
4 лайков 99 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.