Geliň gybat edeliň

Geliň gybat edeliň

Hemmäjämiz üýşüşip,
Geliň gybat edeliň .
Degişip hem gülüşip,
Geliň gybat edeliň .

"Salam!" ilkinji sözüň,
"Gowmy?" ikinji sözüň,
Çatdan aýyrman gözüň,
Geliň gybat edeliň.

Gyzlaryň geler bary,
Oglanlar bolar däli,
Gybatkeş aýal ýaly,
Geliň gybat edeliň.

-sumsyk samyrdap,
lap, samahyllap,
Birek-biregi gollap,
Geliň gybat edeliň.

Gepläberseň gep bolar,
Diýseň derdiň dep bolar,
Işsizlerem toplanar,
Geliň gybat edeliň.

Göwünlermiz hoş bolar,
Gaýgy-gussa daş bolar,
Ýöne bary boş bolar,
Geliň gybat edeliň.

"Gürrüň süýjiden süýji,
Samança ýokdyr güýji,
Işsizleriň alajy,
Geliň gybat edeliň.

(01.04.2023)

Gerçeknazar Amannazarow.
0 лайков 191 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
RelaX
01 апр 2023, 16:49
Şu Oraza aýynda Gybat edeliñ diýäñmi?
Dowsypat
01 апр 2023, 17:51
Gybat edeli diymaninde göyä gybat etman oturan yaly
02 апр 2023, 11:19
Biriniñ gepini ozgerdip (göterim goşup) aýtmaklyk gybat diýilýär. Söhbet diýen bolsañ...
Gerceknazar
Автор 02 апр 2023, 20:44
FairXVIII
Biriniñ gepini ozgerdip (göterim goşup) aýtmaklyk gybat diýilýär. Söhbet diýen bolsañ...

Söhbet diýseňem bolýar ýöne has gülkünç bolmagy üçin gybat diýdim. Ýöne köpler degişmäme düşünmedi.
03 апр 2023, 09:13
Gerceknazar,
Bolmanda gürrün.