Öz işiňi açmagyň ilkinji ädimi - şowly bolan biznes plan
Biznes meýilnamany ussatlyk bilen kagyz ýüzüne geçirilen ýagdaýynda taslamany durmuşa geçirmek hem aňsatlaşýar, sebäbi biznes plan pikiriňi jemlemäge, meýilleşdirilen çäreleri we çözülmeli soraglary jikme-jik hasaba almaga we ýerine ýetirilmeli işleri anyk tapgyrlara bölmäge ýardam berýär.
Käbir halatlarda, işewürler biznes meýilnamany düzmegi üçünji taraplara ynanýarlar. Bu öz gezeginde telekeçiniň wagtyny we zähmetini tygşytlaýan bolsa-da, biznes planyň çig düzülmegine sebäp bolup bilýär, sebäbi biznesiň mümkinçiliklerini, kem we artyk taraplaryny şol işi edýän telekeçiden başga hiç kim gowy bilmeýän bolsa gerek.
Biznes planyň manysy:
Her bir amala aşyrylýan iş göwrümi we görnüşi bilen bir-birinden tapawutly bolany üçin, biznes planyň anyk we kesgitli bir görnüşi ýok.
Esasy mesele biznes plany ulanyjylaryň ýagny maýadarlaryň, bankirleriň we başgalaryň soraglaryna jogap berip bilmek, ýagny, biznesiň peýda getirjekdigine ynandyrmak hem-de ýerine ýetiriljek işleriň mümkin boldugyça dogry we gysga görnüşde beýan edilmegidir.
Biznes plan düzülende ony esasan şu aşakdaky toparlara bölüp bolar:
– Taslama barada özüne çekiji bolan giriş we tanyşdyryş bölümi
– Çykaryljak önüm ýa-da hyzmat barada jikme-jik maglumat
– Degişli önüm barada, bazardaky islege we teklibe baha bermek
– Önümçiligi guramak boýunça meýilnama - biznesiň eýeçilik görnüşi, işgär syýasaty, kadalaşdyryjy-hukuk binýady barada maglumatlar
– Marketing boýunça meýilnama - bellenilen maksada ýetmek üçin geçiriljek işler
– Taslamany maliýeleşdirmek boýunça meýilnama
– Garaşylýan netijeler, we geljekde ýüze çykyp biljek töwekgelçilikler hem-de mümkinçilikler.
– Biznes planyň esasy nokatlary
Jemläp aýdanymyzda biznes planda kesgitli bir önümi çykarmagyň anyk gymmaty we onuň bazardaky ortaça bahasy, önüm başyna galýan peýdasy, önümçiligi guramak üçin zerur bolan maliýe serişdeleri, taslamanyň näçe wagtdan soň öz-özüni ödejekdigi, önümçilik üçin zerur şertler we enjamlar, taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin telekeçiniň şahsy iş tejribesi ýa-da ukyp-başarnyklary, geljekde biznesi giňeltmegiň mümkinçilikleri we başgada birnäçe möhüm soraglaryň jogaplary bolmaly.
Biznes plan näçe şowly düzülen bolsa şonça-da telekeçiniň näme isleýändigini gowy bilýändigine şaýatlyk edýär.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.