Daş töwerek durşuna ýalan

Daş töwerek durşuna ýalan
Aşakdaky aýtjak zatlarymyň barsy diňe ýöne bir çaklama we hiç bir ýagdaýda hakykat bolmaga dalaşgärlik edenok.

Biz adamlar, Hudaýyň 6-njy taslamasy. Bizden öň, Beýik Ýaradyjy 5 sany siwilizasyýany döretdi we ýok etdi. Netijede oň ýerine başga aňly-düşünjeli jandarlar bilen doldurdy, ol jandarlar biz. Bizden öň ýok edilen 5 sany siwilizasyýaň atlaryny keramatly kitaplarda eşitseň bolýar. Olar Samud we Ad halklary, ýenede Nuh we Lut halky bar we şuňa meňzeş. Geçmişde ýok edilen siwilizasyýalaryň barsy jynsy we dini azgynçylyk zerarly ýok edildi. Biziň siwilizasyýamyz hem kiçijek ädimler bilen dos dogry ýok edilmä tarap barýar, ýöne ol günüň haçan boljagy hiç kime belli däl. Ýewreýleriň salamlaşmasy 6-njy öý diýen manyny berýär, ýagny 6-njy siwilizasyýa. Kerimi Kuran 5 sany ýok edilen siwilizasyýa barada häli şündi nygtap geçýär. “Matrisa” çeper filimi hem 6-njy siwilizasyýa barada gürrüň berýär. (Hat-da resmi ylym hem planetanyň bäş sany uly heläkçiligi başdan geçirendigni aýdýar) Garaz nirä seretseň Beýik Ýaradyjy 5 gezek dünýäni öçürüp açypdyr diýen habar ýüze çykýar we hä diýmän 6-njy gezek düwmä elini uzatjaga meňzeýär? Sebäbi adamzadyň azgynçylygy ähli serhetlerden geçdi. Bize geregi hem şol, men gynanjak däl.
Eger biz 6-njy siwilizasyýa bolsak, 5-nji siwilizasyýa haçan ýok edildi diýen sorag ýüze çykýar? Biziň resmi taryhçylarymyz, biziň planetamyzyň iň esasy ýalançylary, taryha degişli ähli zatlary uzaltmagy gowy görýärler. Mysal üçin dinozawrlaryň ýok bolanyna 65 milliýon ýyl ozal boldy we şuňa meňzeş. Resmi taryhçylary diňleseň, taryhdaky ähli bolup geçen hadysalar, şeýle bir alyslarda bolup we bolmany hem anyk däl. Üstünden köp wagt geçen zada ynanma kynlaşýar, şol sebäpden hem taryhçylar ähli zady südürmäni gowy görýärler. A biziň siwilizasyýamyzyň ýaşy bolsa, bary ýogy 250-300 ýyl. Hawa, Beýik Ýaradyjy bary ýogy 300 ýyl mundan öň gaharlandy-da, 5-nji we iň owadan, iň kuwwatly we biziň sanymyz bilen deňeşdireňde bizden hem epesli kän bolan siwilizasyýany ýok etdi, we oň ýerine bizi ýerleşdirdi. Şu wagtky adamzadyň taryhy bary ýogy 300 ýyl, ondan kän däl.

Bizden öňki 5-nji siwilizasyýa kimler bolan we olar nähili ýaşan?

Eger çakym çak bolsa 5-nji siwilizasyýa boýlary 5-7 metre ýetip duran ägirt adamlar we olar öz durmuşy bilen şu wagtky resmi taryhdaky Rim halkyna meňzeýär. Yzy üzülmeýän keýpi sapalyk, jynsy gatnaşyklarda hiç hili serhet ýok, öz uýaň bilen ýatyp turybermeli. Ylymyň derejesi şeýle bir ösen bolupdyr, adamlara zähmet çekmek gerek däl, bar zat mugt we bar işi robotlar ýerine ýetirýär. Hawa hawa, 5-nji siwilizasyýa robotlary ýasap bilýän eken, olaryň ylmynyň ösen derejesi biziňkiden ep-esli ýokarda bolypdyr. Ol döwürler ýurtlar diýen düşünje hem bolmandyr. Tutuş dünýe yzy üzülmeýän şäher bolupdyr, näçe müň kilometr geçseň hem şäheriň yzy üzülenok. Şeýle siwilizasyýany Beýik Ýaradyjy bary ýogy 300 ýyl mundan öň ýok edipdir. Ol siwilizasyýaň galdyran yzlary hem bar, şol yzlar biziň döwrümiziň käbir bilesigeljilerine gün berenok. Mysal üçin köne döwürden galan köşükler we başga jaýlar. Piterda ýerleşýän ermitaž diýilýän bina 5-nji siwilizasyýaň guran binasy. Ýewropada ýerleşýän köneden galan islendik köşük ýada başga bir bina, 5-nji siwilizasyýaň galdyran binalary. Müsürdäki piramidalar, beýik hytaý diwary hem 5-nji siwilizasyýaň işi. Kerimi Kuranda Beýik Ýaradyjy geçmişdäki siwilizasyýaň galdyran guýylaryny, köşüklerini we başga yzlaryny göreňzokmy, ol yzlary siziň goýýan yzlaryňyzdan hem has göze ilginç diýip bir näçe gezek agzap geçýär.
Beýik Ýaradyjyň 5-nji siwilizasyýany nähili ýarag bilen ýok edeni belli däl, kimdir biri ýer ýüzüýn suw aldy diýýär, kimdir biri ol ýaraga ýadro ýaragy diýýär, hamala ýer ýüzüni GOOGLE kartalary bilen gowja yzarlasaň, ýadro urgularyň yzlaryndan dolumuşyn. Nähili bolanda-da Beýik Ýaradyjy 8 miliýartdan hem kän bolan halky, olaryň şäherleri bilen bilelikde ýok etmegi başarypdyr. Ýöne ýok etme ähli ýerde deň bolup geçmedik bolmaly, sebäbi ýewropa ülkesinde 5-nji siwilizasyýaň guran binalary diýseň kän, geçmişiň köne şäherleri. 5-nji siwilizasyýa ýok edilende ähli ýerlerden beter iň köp zeper çeken, şu wagtky çölleriň bar ýerleri, Sahara, Garagum we Gobi çölleri. Ýewropaň az zeper çekeni zerarly, ol ýer ahyrzamandan soň, (5-nji ahyrzamandan soň) diýseň çalt özini tutýar we 5-nji siwilazyýadan galan ähli tehnalogiýalary ele alýar we ýer ýüzüni basyp alyp başlaýar. Şol sebäpden ýewropa ylymda öňde barýar, aslyýetinde olar hiç zat oýlap tapmadylarda, diňe geçmişden galan tehnalogyýalary ele saldylar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bizi, adamlary ösüşde diňe öňe barýar diýip ynandyrjak bolýarlar, hakykatda bolsa biz diňe yza barýas. Ylmy ösüş köne döwür geçmişde bir ýerlerde bolupdyr, biz bolsa gün saýyn ol ösüşden daşlaşýas, haýwanlaşýas. Ýokarda agzalanlaryň hasabyna, ýenede bir zat azajyk hem bolsa hakykylyk goşýar: 20-njy asyryň başynyň we 19-njy asyryň soňunyň fantastiki çeper edebiýaty. “Göze görünmeýän adam”, “Suwuň aşagy bilen 20000 liýe”, “Wagt maşyny” we başga şuňa meňzeş eserler. Bu eserleriň öz döwründe döremäge hiç hili haky ýokdy, eger çaklamalar dogry bolsa ol eserlerdäki tehnalogiýalar 5-nji siwilizasyýadan galan tehnalogiýalar barada gürrüň berýärdiler. Ol eserleriň ýewropada dörändigi hem ýöne ýere däl. Göz öňüne getiriň, bizde Gökdepe urşy gidip dur, a ýewropada bir ýerde Gerbert Wels atly ýazyjy “Dünýeleriň urşy” diýen eseri ýazýar we ilkinj gezek lazer şöhle ýaragy barada gürrüň berýär. Gökdepe urşy 1881-nji ýyl, Romanyň çapa çykan ýyly 1897-nji ýyl. Bary ýogy 16 ýyl tapawudy bar, emma romandaky tehnalogýalar biziň şu wagtky tehnalogiýalarymyz bilen kybapdaş.

Dinozawrlar barada

Ýokardaky teoriýada dinozawrlara ýer tapmak azajyk kyn düşýär. Belki dinozawrlar 5-nji siwilizasyýa bilen bilelikde şol döwrüň janly tebigaty bolandyr, belkem 6-njy siwilizasyýaň güni doganda dörändirler? Eger 5-nji siwilizasyýaň ýadro ýaragi bilen ýok edilendigini hasaba alsaň, şu ýerde dinzawrlaryň döreýşi barada örän geň teoriýa ýüze çykýar. Ýadro ýaragynyň radio-aktiw şöhle galdyrýanyny biz bilýäs, radioaktiw şöhle bolsa jandarlarda genetiki mutasiýa döredýär, mysal üçin gök önümleri şöhlelendirseň olar adatdan daşary ulalyp başlaýarlar. Bize aýdanoklar, ýöne janly jandarlary hem şöhlä tutsaň, olar adatdan daşary äpet bolýan bolmaklary mümkin? 1998-nji ýylda düşürlen “Godzilla” atly çeper filimiň mazmunyna görä ýadro ýaragy synagdan geçirilýäm adadadky zemzemlerden äpet dinozawrlar peýde bolýar, ol kino bolsa bize kadyrma bilen nämäň nämedigini düşündirjek bolýan bolmagy hem ähtimal? Eger geçen siwilizasyýa ýadro ýaragy bilen ýok eilen bolsa, diýmek Hudaýda Ýadro ýaragy bardygygyny aňladýarmy? Bar zat beýle ýönekeý däl, Beýik Ýaradyjy bir okda müň towşan urýar we örän çylşyrymly göçümleri edýär. Eger çakym çak bolsa demirgazykda bir ýerde şu wagt hem 5-nji siwilizasyýaň bir iki sany ülkesi bar we ülkäň adamlary öz kowumdaşlaryny ýadro ýaragy bilen 300 mundan ýok etdiler. Elbetde olaryň şeýle etmäge öz sebäpleri bolandyr, netijede bolsa bar zat Beýik Ýaradyjyň emrine gulluk edýär. Indem bolsa ýene dinozawrlar barada dowam edeli. Dinozawrlar hiç mahal ýokdylar, olar diňe 5-nji siwilizasyýaň ýok edilen wagty ýadro ýaragyň radio-aktiw şöhlesi zerarly, süýrenjilerden mutasyýa esasynda, bary ýogy 300 ýyl mundan öň peýda boldylar. Iň soňky dinizawrlary 1945-nji ýylda biziň ata babalarymyz ýok etdiler. Bul eýýäm dinozawrlar barada 2-nji teoriýa. Internetda gabat gelýän örän täsin teoriýaň mazmunyna görä, 1-nji we 2-nji jahan urşlarynda wepat boldy diýip hasap edilýän adamlar, hakykatda ýer ýüzüni diri galan dinozawrlardan arassalamak üçin peýdalanypdyr. Mysal üçin aýdaly seni urşa çagyrýarlar we samalýoda mündürip bir ýerler alyp gidýärler. Seň we sen ýaly esgerleriň öňünde tokaýy duşmandan arassalamaly diýip mesele goýýarlar, ol tokaýda bolsa dinozawrlar ýaşaýar, sen isleseň islemeseň söweşmeli bolýaň, ýöne söweşden soň yzyňa dolanoňok. 2-nji jahan urşunda diňe SSSR-den 18 miliýon adam yzyna dolanmady, Hytaý döwletinde 50 miliýon adam. Elbetde resmi taryh bar zady başga äňende gürrüň berýär, emma käbir çaklamalara görä miliýonlarça adamlar bize näbell tokaýlarda dinozawrlara garşy söweşyp şol ýerlerde galypdyrlar, ýa-da wepat bolupdurlar.

Masonlar Iliýuminatlar we başga peläketler

Djon Koulman atly bir ýazyjy ýer ýüzüni dolandyrýan güçleriň, aýdaly masonlaryň we başga şoňa meňzeş peläketleriň 250 ýyl mundan öň peýda bolandyklaryn nygtaýar. 250 ýyl mundan öň, angliýaň baý maşgalalry ýer ýüzüni ýüzüp çykýarlar we narkotik söwdasynda başlaýarlar. Eger çakym çak bolsa 5-nji siwilizasyýaň adamlary bilen, biziň döwrümiziň adamlary bilelikde ýaşan bolmaly. Boýlary 5-7 metra ýetip duran adamlar bilen boýy 2 metra zordan ýetýan adamlar. Ýöne biziň halkymyz juda az sanly bolup äpet adamlaryň hyzmatynda bolan bolmagy ähtimal? Soň uly urş, uly jenjel we dawwa. Demiz gazykdan bir ýerden ýadro reketalary, beýik beýik şäherler weýran, ägirt adamlar ýitip gitmegiň bär ýanynda we 6-njy siwilizasyýaň güni dogýar. Ahyrzamandan iň az zyýan çeken ýewropa çalt çaltdan ösüp başlaýar we ýer ýüzüni kalonýa öwürýär, basyp alan ýerlerinde öz mekeplerni gurýar we çagalara ýasama taryh öwredip başlaýar. Masonlar we başga güçler biz ýaly samsyķlary aldamak üçin tapylan zatlar. Islendik topar özüne näme at daksada, olar mydama bir zat üçin jemlenşýärler, hökümdarlyk we pul.

5-nji siwilizasyýadan diri galanlar

Beýik Ýaradyjy islendik ülkäni ýok etmäkä, ol ýerik hökman Perişdeleri duýduryş bilen ugradýar we diňe şondan soň öz işine başlaýar. Emma hemişe bolşy ýaly duýduryşa hiç kim boýun egenok. Eger ülke çenden aşa azan bolsa, Beýik Ýaradyjy ol ýerden günäsiz adamlary daşyna çykarýar we ülkäni harap edýär. Nähili geň bolsada 5-nji siwilizasyýadan diri galanlar hem bar. Olar biziň planeta diýän ýerimizden demirgazyga tarap ýaşaýarlar. Eger çakym çak bolsa, ol oglanlar musulman bolmaly? Sebäbi olarda köp aýallylyk bar we olaryň erkekleriniň sakallary ösgün, musulmanlyk bilen gabat gelýän başga alamatlar barada hiç zat bilemok. Başga tarapdan Amerikaň birleşen ştatlarynyň çäklerinde Marmonlar diýilýän dine uýýanlar hem köp aýallylygy amal edýärler. Diýjek bolýanym köp aýallylyk musulmançylykdan alamat däl. Garaz Beýik Ýaradyjy 5-nji siwilizasyýadan gowy adamlary daşyna bir ýerik çykaran bolmaly, ýa-da gowy adamlara ýadro ýaragyny berip, haram adamlary ýok etmegi emr eden bolmaly? Edil biziň döwrümizde Wladimiz Putyn aklyny ýitirip, Ýewropa ýurtlaryny ýadro ýaragy bilen tekizläp başlasa, biziň barymyz bolýan zatlarda harby syýasaty göreris. Emma bar zada ýokardan seretseň, Beýik Ýaradyjy diňe bir beçewazlykda we küntüçilikde gark bolýan ýewropany arassaladygy bolar. Belkem şuňa meňzeş bir zatlar 5-nji siwilizasyýa bilen bolup geçendir? Nähili bolanda-da demirgazykda bir ýerde beýik siwilizasyýaň galak gaçaklary ýaşaýar. Ol adamlaryň boýlary 5-7 metr. Ol siwilizasyýa, biziň siwilizasyýamyza tehnalogiýa satýar, nähili satýar, altyna çalşýar. Biz bolsa Kompýuterlary Bill Geýts öz garažynda oýlap tapdy diýip pikir edýäs. Ol siwilizasyýa altyny gurluşykda giňden ulanýar, jaýlaryň üçegini altyndan gurýar, penjireleri altyndan we şuňa meňzeş. Ol siwilizasyýa barada “Tüsseleýän Hudaý” atly eserde agzap geçilýär. 1829-njy ýylda çapa çykan kitapda el telefony barada gürrüň berlýär, men welin lkinji el telefony diňe 2006-njy ýylda gördüm. Telefon eýýäm 177 ýyl bäri bar eken, ol hem iň azyndan.

Titanik barada ýene bir çaklama

Titanik gämisi barada biziň ählimiz bilýän bolsak gerek? Eýsem biz näme üçin bilýäs? Sebäbi titanikli temany köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly häli şündi owkalap otyrlar. Eger owkalaýan bolsalar, diýmek ýöne ýere däl, diýmek bizden bir zady gizleýärler. Köpçülikleýin Hudaýdan ýüz öwürme hadysasy uly jahan urşlarynyň başlamagyna eltýär. 20-nji asyryň başlaryna ýewropa we russiýa ýurtlary Hudaýdan ýüz öwürdiler we netijede kiçijek ahyrzamany başlaryna çagyrdylar. Ahyrzamanlaryň barsy welin şol bir senary boýunça geçýär. Şähere töwella üçin Perişde ugradylýar, töwellany hiç kim kabul edenok, belkem Perişdäni aklyndan aşazan bilen çalşyp köşükden kowýandyrlar, bu zatlary men eýýäm bilemok. Netijede şäherden halal adamlary çykarýarlar we armageddon başlaýar. Indem Nuhyň gämisini ýadyňyza salyň, titanik bilen meňzeşlik göze ilýär? Belkem Beýik ýaradyjy Ýewropa gan çaýkamazdan öň (yzly zyna 2 sany jahan urşy bilen) ol ýerden ähli halal adamlary alyp çykandyr? Bize bolsa Hudaýa garşy çykýan adamlar titanik gark boldy diýýärler. Eger Nuhyň eýýäminden birje ülke diri galan bolsa, olar hem görüplikden ýaňa Nuhyň gämisi gark boldy diýerdiler. Titanik gark bolmady, ol barmaly ýerine ýüzüp bardy. Kerimi Kuranda Beýik Ýaradyjyň Beýik Pratakollary bar. Şolaryň esasynda daş töwerekde bolýan zatlara gowy düşünseň bolýar. Mysal üçin Kerimi Kuranda Musa Pygamberiň halky altyndan gölä çokunyp başlaýar we Hudaýdan ýüz dönürýärler, netjede ýokardan inen jeza: –Siz birek biregi öldürersiňiz, –bu bolsa diňe urşy aňladyp bilýär. 20-nji asyryň başynda hem köpçülükleýin Hudaýdan ýüz dönme başlaýar we ýene şol öňki köne jeza, bir hudaýsyzlar, başga hudaýsyzlary öldürip başlaýar. Gepiň gerdişine görä aýtsaň, edil şu wagt ukraina bilen ruslarda hem şol ýagdaýa tomaşa edýäs, bir hudaýsyzlar, başga bir hudaýsyzlary öldürýärler. Ýaňy aýdyşym ýaly Kerimi Kuranyň Mukaddes pratakollary.


Internet maglumatlary esasynda taýarlandy

©Rahman Zulfikarow
2 лайков 516 просмотров
31комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Dowsypat
21 сен 2022, 12:58
A biziň siwilizasyýamyzyň ýaşy bolsa, bary ýogy 250-300 ýyl. Hawa, Beýik Ýaradyjy bary ýogy 300 ýyl mundan öň gaharlandy-da, 5-nji we iň owadan, iň kuwwatly we biziň sanymyz bilen deňeşdireňde bizden hem epesli kän bolan siwilizasyýany ýok etdi, we oň ýerine bizi ýerleşdirdi.

Magtymguly Pyragynyň dünýä inenine 300 ýyl bolýar.6-nji swilizasiýa Magtymguly bilen deň derejede başlapdyr diýip hasap edeliň!Indi Magtymgulynyň "Bilmenem ýakynmy ahyrzamana" atly goşgusyny alyp görsek,bir hili geň ýagdaý bolonokmy.Täze başlanan swilizasiýada Magtymguly atamyz ahyrzaman barada,azgyn mollalar barada,şerigata amal edilmezlik barada goşgy ýazmagy geň ýagdaý.Diýmek,biziň swilizasiýamyz başlanan dessine bozulup ugrapdyrda.
Brock
21 сен 2022, 13:14
Menem mason. Adym, latyn (iňlis alfabidinde) 26-njy harp we 11 sany goşsaň familýamyň baş harpy. Otçestwamam şol. At otçestwaň arasy 11 harp we Familiýa, otçestwam bir. Iki meňzeş familiýa we otçestwa 1 nji harp. 1 we 1. Buda birikdirseň 11. Eýýäm 2 sany 11-lik sany almak bolýar.

Indi türkmen elipbiýi 19;5;16;1
19+5-16+1=24-16+1=8+1=9

Yokarda 2 sany 11-lik, asakda 9-lyk
Brock
21 сен 2022, 13:15
Hemedany
Şährislama näme diýersiňiz onda?! Şu wagt hem ol ýeriň topragy gyzyl öwsüp dur.

Sen Çärjewe näme diýersiň. Ol ýeriň çägesi gök :))
Brock
21 сен 2022, 13:17
Hemedany
Şährislama näme diýersiňiz onda?! Şu wagt hem ol ýeriň topragy gyzyl öwsüp dur.

Hazir Khanturebir zat diyse ynanjakmy onsan ?
hehehe
Brock
21 сен 2022, 13:26
Hemedany,
Hazira dogrusy bilemok. Yone owrensem peydasy degse owrenerinem. A tak peydasy degmejek zada wagt sarp etmek gerek dal. Bilenim bilenem name peydsy deger sona dusunemok. Ine bildimemda ol dogrumy ya yalnys taryhmy bellem dal. Edil hazirki yaly (ine meselem turkmenistanyn 1991nji yyldan bari yazylyan taryhyny dine kosk taryhcylary yazyar. Taryha halkyn sondan barki hal yagdayh yazylanok. Dine gowy osyar diyilyar. Onsan her dowrunem oz yazyjysy nahili yazanyna ynamsyzlyk doreya. Sebabi goz bn aldaw edilyanini gorup durkan.) yalanlar bn aldanyakan nama gerek. Khanturenin bir filimden soz (biz dine bize owredilenleri bilyas) getirisi yaly belki seyle bolmagam ahmal.
Alfonse
21 сен 2022, 14:06
Brock,
Taryh bu ýazgy ýaly toslama ýada ýönekeý çaklamadan ybarat bolar ýaly ejiz ylym däl. 1991-nji ýyldan bäri ýazga geçirilen zatlaryň ýalňyş taraplary bar, ýöne köp zatlary dogry. Meselem 100-den 60-y ýalňyş informasiýalar. Ýöne ol ýalňyş informasiýalaryňam beýan edilişi dogryda içindäkiler ýalňyş. Meselem Göktürkmen döwleti 552-nji ýylda guruldy. Aslynda Göktürk döwleti 552-nji ýylda guruldy. Türkmen däl bolsada Türkmen, degişli däl bolsada degişli edip görkezýärler. Galybersede XVII-XVIII asyr taryhlaryna agzybir däldiklerini, merkezleşen döwleti gurup bilmändikleri beýan edilýär.
Brock
21 сен 2022, 14:27
Narcissus,
Dusunikli. Hawa bu yazgy toslama, subudy yok. Yokardada Aşakdaky aýtjak zatlarymyň barsy diňe ýöne bir çaklama we hiç bir ýagdaýda hakykat bolmaga dalaşgärlik edenok. diyilip :)
Victus
21 сен 2022, 16:13
Mbah
Brock
21 сен 2022, 16:38
Taýagyň iki ujy bar. Bir ujy "Daş töwerek durşuna ýalan, bizi aldaýarlar" bolsa beýleki ujy bolsa, "daş töwerek durşuna ýalan, bizi aldaýarlar diýip aldaýarlar"
picasso
21 сен 2022, 18:49
Khanture
Kerimi Kuran diyip bilgesleyin yazdynmy ya chyndanam bilenokmy.
Victus
21 сен 2022, 18:55
Bizi kimler aldaya name ucin aldayalar dogruny aytsalar name bolyar
#B.S
Автор 21 сен 2022, 19:04
picasso,
Men ýazamok Rahman Zulfikarow ýazan makalany. Onnoňam dogry ýazlan ahyry.
Yusup
21 сен 2022, 21:34
Hemme bolmaly zatlar bize onunden filmde ya multikde gorkezyaler
picasso
21 сен 2022, 23:32
Wiiii bilemokdym
Şamuhammet
21 сен 2022, 23:59
Bäh Titanik gämisi Nuhuň gämisi diýdiňow Rahman Zülpikär? Oýlandyrdy şol ýerleri.
Alfonse
22 сен 2022, 00:31
Bäh Titaniga Nuhuňky diýipdirmi (doly okamadym wln). Geň görmeli däl indi iki sözi çatyp bilmeýänlerem ylymlar akademiýasynda filosof.
Myrat
22 сен 2022, 01:12
Eý näme diýýäňizaý, titanik & nuhuň gämisi... Titanik gark bolmady, ol barmaly ýerine ýüzüp bardy. Ol nirä bardy onda? Şu Rahman aga erteki ýazýar, sizem ynanyň oturyň:)
Alfonse
22 сен 2022, 01:18
Black day,
Bizä ynanamzoklaý ynanýanlaryň akyly düzüw däl tembol köp alada etme bulary.
Myrat
22 сен 2022, 01:23
Goňşymyzyň howlusynda erkek eşek guzlapdyr. Walla çynym, ynanaýyň! Düýnki täze habarlara görä dünýäniň ilaty 11 milliard bolupdyr. Russiýa 311 million ilaty bilen dünýäde 11-nji orunda durýar. Şu ýyl gyş howanyň temperaturasy ortaça +44... +49C°... bolmagyna garaşylýar. Günüň üstüniň temperaturasy ortaça +10... +15C°... gradus. Öň adam bedeniniň temperaturasy 36.6C°-dy, ol ýalan eken, bizi aldapdyrlar, 40.03C° eken.
Myrat
22 сен 2022, 01:30
Narcissus,
Ynanýaňmy, obamyzda boýy 11 kilometrlik agaç ösüp otyr. 3 tonnadan gowrak agramy bolan sygrymyz bar. 6 sany harby dikuçary hususylaşdyryp özüm nirä gidesim gelse gidýän, gelýän.
DonMaxx
22 сен 2022, 04:34
@Black day

cyn bolsa dogrydyr
Şamuhammet
22 сен 2022, 08:19
Black day,
Narcissus,

Şo teswiri ýazmadyk bolsama bilmezdiňizemlaý şu temada Titanik & Nuh hakdaky gürrüňleri. Diňe teswirleri okap teswirçileriň otuny otarman, temadan netije çykarmagy öwreniň!
Gauzen
22 сен 2022, 08:51
Jeksparro
Black day,
Narcissus,

Şo teswiri ýazmadyk bolsama bilmezdiňizemlaý şu temada Titanik & Nuh hakdaky gürrüňleri. Diňe teswirleri okap teswirçileriň otuny otarman, temadan netije çykarmagy öwreniň!

?
Myrat
22 сен 2022, 10:39
Jeksparro
Black day,
Narcissus,

Şo teswiri ýazmadyk bolsama bilmezdiňizemlaý şu temada Titanik & Nuh hakdaky gürrüňleri. Diňe teswirleri okap teswirçileriň otuny otarman, temadan netije çykarmagy öwreniň!

Han ogul, her kime özündir öýtme! Temany tutuş okap aýdýan.
Brock
22 сен 2022, 11:53
Rahman Zülfikarow diýen adam ýok. Bu awtoryň hakyky aday başga. Onsan öz adyny aldap durka ýazanlaryna ynanýaňyzmy???
Brock
22 сен 2022, 12:22
Bu ady näbelli (Rahman däl) ete ýetip bilmesiklerden
#B.S
Автор 22 сен 2022, 12:25
Brock,
Begli ady
Şamuhammet
22 сен 2022, 12:53
Brock,

Şonuň Rahman Zülfikardigini aýtmadyk bolsaň menem özüme Jeksparrodyryn öýdüp ýörüpdirin. Sag bolaý ete-gana ýeten jenap Brock!!!
#B.S
Автор 22 сен 2022, 13:01
Jeksparro
Brock,

Şonuň Rahman Zülfikardigini aýtmadyk bolsaň menem özüme Jeksparrodyryn öýdüp ýörüpdirin. Sag bolaý ete-gana ýeten jenap Brock!!!

hihi
Şamuhammet
22 сен 2022, 13:55
Brock,

Dizlaýk basyşyňdanam belli ete-gana ýetendigiň. Aslynda oň bir peýdasam ýok welin çagalar üçin gerek diýip @Abaddon, goýaýdy şo zady... ?