Mazaryñ üstündäki sagat (awtor Şirhan)
Mazaryň üstindäki sagat. (Bolan waka)
Gülnäzleriň öýi obadan çetiräkdedi,obanyň gonamçylygynyň golaýyndady.Ejesi kakasy ýogalansoň Gülnäz agasy,gelnejesi bilen bile şu öýde ýaşaýardylar.Agasy köplenç iş saparynda bolýardy.Gülnäz bolsa gelnejesi bilen galmaly bolýardylar.
Bir günem gelinejesi çagalaryny alyp atasy öýüne gezmäge gitdi.Gülnäzem düýn agşam ejesi bilen kakasy düýşine girensoň,gonamçylyga baryp,olaryň mazarlaryna zyýarat etmegi ýüregine düwdi.Gonamçylyga baryp,bilýänje aýat dogalaryny okap,ejesi kakasynyň ruhlarynyň şat bolmagyny dileg edip gelýärkä,bir mazaryň üstünde duran,aýal-gyzlaryň dakynýan altyn sagadyna gözi düşdi.Sagadyň hiç ýerine zeper ýetmändir,işläp durdy.
Gülnäz "Muny bärde näme üçin goýdularka?! Ýa biri gaçyryp gidäýdimikä?!"diýip pikirlenip durdyda. "Aý,mazarda ýatan adama sagadyň gerek bolasy ýokla" diýip sagady dakynyp alyp gaýtdy.Öýüne gelip öý işleri bilen boluberdi.
Agşam düşdi.Tomus günleri bolansoň Gülnäz daşarda oturdy.Gullukdaky söýgüli ýigidi jaň etdi.Oň bilen gürleşip bolansoň ýatmak üçin öýe girmekçi boldy.Şol wagtam howlynyň derwezi eýmenç jygyldy bilen açyldy.Gülnäz tisginip derweze tarap seretdi.Hiç kim ýokdy,"Şemal açandyr" diýseňem,çöp başy gymyldar ýaly hem şemal öwüsenokdy.Gülnäz derwezäni ýapyp,gulplap öýe girdi.Öz otagyna girip çyrany ýakdy welin şkafdaky zatlarynyň barynyň akan-dökän edilendigini gördi.Gülnäz gorkyp "Bulary kim beýtdikä?! Ogry giräýdimikä?!" diýip pikirlenip durka agasynyň otagyndan şakyrdy eşidildi.
Näçe gorkýanam bolsa agasynyň otagyna baryp çyrany ýakdy.Çyra ýanan badynada agasynyň şkafyndaky zatlary pytradyp duran aýal bärisine öwrüldi.Ol aýalyň saçlary bulaşykdy,saçyny ýüzüniň üstünden goýbereni üçin ýüzi görnenokdy.Egnindede ak eşigi bardy.Aýaklary ýokdy,howada gaýyp ýören ýalydy.
Ol Gülnäze seretdide,ellerini uzadyp:"Ber!..
Yzyna ber!...Ol meňki, ber!..." diýdi.
Gülnäz gorkunjyna bar sesine gygyryp,daşaryk çykyp Akjagül daýzasynyň öýüne tarap ylgap başlady.Yzyna seretmägede gorkyp ylgaşlap daýzasynyň öýüne geldi.Daýzasy entek ýatmandyr.Daşarda goňşy aýal bilen gürleşip oturan eken.Gülnäz olara salam berdide,gapdallaryna geçip oturyp,yzyna howsalaly seretdi.Gijäň içinde Gülnäziň ýeke gelmegini geňiräk gören Akjagül daýza:
—Gülnäz gyzym eýgilikmi?! Giçden soň bir özüň näme işläp ýörsüň?!-diýip sorady.
—Eýgilik daýza eýgilik.Agama işde,gelinejemem atasy öýüne gidensoň ýeke ýatmaga gorkup geläýdim-diýip Gülnäz öz öýünde bolan zatlary daýzasyna aýtmady.Sebäbi ýaňky zatlar gözüme görünendir diýip pikir edýärdi.
— Gelip gowy edipsiň gyzym.Meňem öýde bir özüm.Daýyňam oglanlary alyp meýdana gitdiler.Pagta suw tutýalar.Ertir geläýmeseler.
Goňşy aýal gidensoň,Akjagül daýza öýe girip Gülnäze öz ýanyndan düşek ýazdy.Esli wagt ondan-mundan gürriň edip uklap galdylar.
Gülnäziň düýşine bu günki öýünde gören şol arwah aýal girdi.Ol Gülnäziň döşüniň üstünde oturyp:"Ber!...Yzyna ber!...Ol meňki ber!" diýip bokurdagyndan bogýardy.Gülnäz hopugyp oýandy.
Sagat 01:43.Gapdalynda daýzasy parahat uklap ýatyrdy.Gülnäz telefonynyň çyrasyny ýakyp daş çykdy.Hajathana barýarka howlunyň garaňky çüňkinden ýene ýaňky arwah aýal peýda bolup Gülnäze tarap gaýtdy.Ol gorkyp,aljyrap elindäki telefony ýere gaçyrdy."Daýzaaaa...daýzajan!" diýip gygyryp ylgap öýe girdi.Oň sesine Akjagül daýza tisginip oýandy.Onýançada Gülnäz ylgap gapydan girdide:
—Daýza howluda birä bar!-diýip,gorkuly hemde aladaly seslendi.
—Ýüregimä ýardyň gyz.Kim bolsun howluda?! Häzir görüp gelerin-diýip,Akjagül daýza daş çykdy.Birazdanam içerik girdide:
—Gözüňe görnen bolaýmasa,daş-töwerekde hiç kim ýok.Bir özüň daş çykmaga gorksaň maňa aýdaýmaly ekeniň.Ýagdaýlaryň bir gowymy özi?!-diýip,Gülnäziň ýanyna geçip oturdy.Gülnäz bolsa hiç zat diýmän,gözüni bir nokada dikip sandyrap oturdy.Akjagül daýza oňa suw içirip,ýerine geçirip ýatyrdy...
Irden Gülnäz öýlerine gaýtdy.Öýleriniň ýakynynda gür agaçlyk,baglyk bardy.Agaçlaryň arasyndan gelýärkä Gülnäziň gulagyna şol arwahyň sesi eşidilip başlady."Ber!...Yzyna ber!...Ol meňki,ber!". "Däliräýdim öýdýän" diýip Gülnäz daş töweregine seretdi.Görse yzy bilen agşamky arwah aýal gelýärdi.Gülnäz gorkup öýlerine tarap ylgady.Öňündäki kiçijek ýapdan böken wagtam,edil biri itelän ýaly bolup,suwa gaçdy.Gülnäz gorkup,aljyrap bar güýji bilen ýapdan çykmaga synanyşdy.Näçe synanyşda kiçijek ýapdan çykyp bilmedi,kimdir biri ony suwa çekýän ýalydy.Şol wagtam arwah aýal Gülnäziň depesinde peýda boldy.
— Meň zadymy ber! diýip arwah güňlenç seslendi.
—Mende seň zadyň ýok!-diýip,gorkudan ýaňa samdyrap duran Gülnäz sakawlap jogap berdi.
Arwah Gülnäziň elindäki sagada gaharly seretdide
—Gowja oýlan hany!-diýdi.Nämäniň nämedigine düşünen Gülnäz elindäki sagady çözüp,sandyrap duran eli bilen arwaha uzatdy.Sagady penjesine gysan arwah birden gözden gaýyp boldy...
SOŇY.
Awror: Şirhan
bolanwaka

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.