Hic yerde satylmayan sowgat.
Ir bilen atasy oña täzeje gündelik alyp berdi. Shol günem kakasy shäherden gaýdyp geldi. Kakasy oglanjygy shähere alyp gitmäge gelipdi. Oglanjyk kakasy bilen shähere gaýtdy. Ýolboýy kakasy oglanjyga bir agyz hem söz atman, dymyp gelýärdi. Diñe sürüji bälçiräp, kakasynyñ göwnüni göterjek bolýardy. Käwagt sürüjiniñ gözi oglanjyga düshse, ol oña-da henek atman duranokdy. Emma oglanjyk bashga pikirleriñ küýündedi. Ol elindäki gündeligine nämeler ýazjagy barada oýlanýardy.
Shol günden soñ aý aýlanyp, ýyl geçdi. Oglanjyk henizem gündeligine öz arzuwlary hakynda ýazýardy. Her gije kakasy üçin dileg edýärdi. Bir gün kakasy özüniñ resminamalaryny gözläp, oglunyñ otagyna girende, stolyñ üstündäki gündelige gözi düshdi. Ony bir salymda okap çykdy. Bozuldy. Oglanjygyñ otagyna gözüni aýlady. Otagyñ kem zady ýokdy. Otagda bir özi kemdi. Ogluna alyp beren pianinosy hem durdy. Emma ogly welin gündeliginde 14 ýashynda özüniñ iñ arzuwlan sowgadynyñ nämedigini bashgaça ýazypdyr. "MÄHIR WE SÖÝGI". Oglanjyk ähli doglan günlerinde kakasyndan nämä garashandygyny ýekän-ýekän ýazypdyr. Onuñ ýazan zatlary hiç ýerde satylmaýardy. Oglanjyk gündeliginiñ bir ýerinde sheýle ýazypdyr:
"Kaka, kaka jan! Sen näme üçin meni göreñok? Durmushyñda men hem bar ahyryn. Men seni söýýän. Bir gün hökman meni söýüp bashlajakdygyña hem ynanýan. Maña shondan gymmatly sowgat ýok". Shol barmana, oglanjyk ylgap içeri girdi. Onuñ kakasynyñ elindäki gündelige gözi düshdi. Gözüni mölerdip, kakasynyñ görejine seretdi. Emma bu gezek näme üçindir kakasynyñ nazary üýtgeshikdi. Kakasynyñ göreçlerinde, onuñ henize çenli görmedik aýratyn bir röwüshi bardy. Kakasynyñ gözi nemlidi. Oglanjyk hemme zady añdy. Ol ylgap baryp, özüni kakasynyñ gujagyna oklady. Ol häzir özüni sheýle bir bagtly hasaplaýardy.
Gysgaldylan.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.