BARGA GUZY
Çöl tebigaty bilen tanyshmak üçin gezelenje çykypdyk. Birdenem ýapynyñ güneýindäki çopan çatmasyna gözümiz düshdi. Biz salamlashyp öteli diýip, oña tarap sowuldyk. Goshda ýashuly çopan dynç alyp oturan eken. Salam-helikden soñra ýashuly:
__ Oglanlar, oturyñ bir barga guzym bar, shony soýup bereýin - diýip, mürähet etdi.
Ýoldashlarymyzyñ biri:
__ Ýashuly, ,,berre guzy" diýilýän ýalydy, ,,barga guzy" diýilýänem barmydyr? - diýip sorady.
Ýashuly äwmedi:
__ Oglanlar, berre guzy bilen barga guzynyñ tapawudy bardyr - diýip, düshündirmäge durdy.
Berre - guzy diýmegi añladýan eken. Ol tüýüniñ gershi açylyp, soýmaga ýaran guza aýdylýar. Umuman, ,,berre guzy" diýmek ,,ýash guzy" diýmegi añladýar.
Ýöne barga guzy berre guzudan tapawutly. Tomsuñ ortasynda bir sebäp bilen höwür goç bagdan boshanar ýa göwegi üzüler, onam çopan görmän galar. Sheýdip, wagtyndan juda ir birlän-ikilän goýun guzlar. Olam çopana ish bolar. Guzyny gyshdan doñdurman çykarmakda ish bardyr. Sag-aman aýagyny deñläp gitse, goýunlar guzlap bashlanda, shol guzynyñ guýrugy tegelenip ugrar. Shol guza hem ,,barga guzy diýilýändir.
Höwür goçlaryna juda sak bolaýmasañ, isleseñ, islemeseñ, her bir sürüde birlän-ikilän barga guzy tapylýandyr.
,,Görülmedik illerde eshidilmedik gep ýatyr" diýilse-de, görüp-bilip ýören zatlarymyzyñ arasynda-da adyny bilmeýän zatlarymyz az däl bolara çemeli.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.