?


Salam Gadyrlylar!
Ähliňizi Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn. Täze ýylyň her güni iň ajaýyp duýgularyňyzyň, kalbyňyzyň iň näzik tarlaryny kakyp çalýan owazy bolup gelsin-de, ruhuňyzy güle büresin, gün şöhlesiniň ýagtysy bilen öýüňize bagt girsin! Ýakynlaryňyzyň söýgüsi, mähri bilen ojagyňyz, kalbyňyz ýylasyn! Alla ähliňize jan-saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, agzybirlik bersin! Ýylyňyz bereketli, rysgally, düşümli gelsin!
10 лайков 330 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Soho
31 дек 2022, 09:12
Waleykim salam, Amin, shu taze yyl diyilyan bayramy howesli garshylap goremok, chagakam Ayazbaba hakykydyr oydyadim, mekdebe gatnap bashlamda, taze yylda oydakilerin sowgat alyp, onam Ayazbaba mana bermegi uchin berenlerini gorupdim...
kesirkelle
31 дек 2022, 09:50
Arzuwlarñyz wysal tapsyn.
..
Hiç mahalam 3 ýaşymda da hakyky aýaz baba ynanamokdym:) aýaz baba bolan bolup oýnaýan köp kino goren bolmagymam ahmal.
7 ýaşlamdakam, menden 1.5 ýaş uly goñşyñ çagasy aýaz baba hat ýazypdyr. Menem ony keçäñ aşagyndan tapdym. Dörinjiremek endigimem ýok wln, çüñki çykyp durdymy, birhililik bn alypdym. :"Salam; Aýazbab! Mümkin bolsa şu täzeýyl" yzyny okap ýetişmedim, elimden aldy. Menden has ekabyr bolansoñ, bogalaşyp alyp bilmedim. Hat uzakdy. Men şonda şoña şeýle bir geñ galyp seredipdim. Häzirem geñ galýan. Häzirem bilesim gelýä, hatda näme ýazanyny... şo ýaşlardaky hyýalbent çagañ psihikasyny. Ýöne şo wagtky öz psihikama da haýran galýan, töweregim durşyna hyýalbent çagaka men nädip özimi uly adam hasaplap bildimkäm; nädip olara çaga seredýän goz bn seretdimkäm dp aklym haýran....
parca■
31 дек 2022, 09:59
Salam.
??????????????????❄️❄️❄️ С НОВЫМ ГОДОМ❗❗❗
Sag boluň. Ählimiz üçin hem düşümli ýyl bolsun!
Ahmall
31 дек 2022, 10:01
Siziñkem gutly bolsun
Gauzen
31 дек 2022, 10:48
Barça türkmen halkynyň baýramy gutly bolsun!
Telwas
Автор 31 дек 2022, 20:24
Beýlede bir içgysgynçlyk bolar eken. Täze ýylyňam öňkije gyzygy gaçaýypdyr.
Telwas
Автор 31 дек 2022, 20:28
Meň bilen bile ýolka gitjek barmy araňyzda?
Siziň biriňiz bilen gidäýmesem, öýde özüme deň-duş galmandyr ?
Telwas
Автор 31 дек 2022, 20:29
Geçen täze ýylam şeýdip arzymy aýdyp gidendirin men çaga şu ýerde. Öýe gelsemem üýtgän zat ýok :)
Telwas
Автор 31 дек 2022, 20:31
Ýa-da öňkije endigimi edip 12 hem diýip durman ýataýsammykam?
Telwas
Автор 31 дек 2022, 20:33
Hemme zatdan beter ertir şu taýýarlan zatlarymyzyň yzyny ýygnamaga we pasudalary ýuwmaga ýaltanýan…
Telwas
Автор 31 дек 2022, 20:36
Siz maňa üns bermänjik synlap oturyberiň, men samyrdap-samyrdap ýadap goýaryn.
Men bir zada düşünemok, meň üçin adaty günler hezillik. Baýramçylyk günleri bolsa içgysgynçlyk. Üns beren bolsaňyz öýe gelenim bäri ýekeje gezegem içim gysýar diýip gelen däldirin şu ýere. A bu gün bolsa şatlanmaly wagt gamgyn men. Ah durmuş…
Telwas
Автор 31 дек 2022, 20:43
Pegasam öýlenip bize toý çakylyk aýtmanmyş.
Ladybugyň çagajygy bolup bize buşlamanmyş.
Khanture bize aýtman UFA şäherine okuwa gidenmiş.
Rigel ýaryşda ýeňiji bolup bürünç medala eýe bolanmyş.
Kesirkelle 100 manada bilet alyp Jonyň konserdine gidenmiş ýa gitjek bolanmyş.
Ahmedik söýgüli tapyp ondanam aýrylanmyş.
5x agza Moskwa işe gidenmiş.
Aýsapar uzak gün oçerde durup işini bitirip bilmän gaýdanmyş.
DonMaxx lapataly ýer gazjakmyş.
Nairobi Pegasyň toýundan habarsyz galanmyş.
Belki tans oýnamak günä diýip tansy oýnamagy bes edenmiş.

…. Yzyna ýaltanýan.
Belki
31 дек 2022, 21:17
Hemedany, men hiç kime tans oýnamagy goýanymy aýtmandym.Sessizje goýupdym :) Ýöne Nirvana içimi bilipdir. Bu babatda sen günäkär (günäkär sözi bu ýerde ýalñyş. Günä gazanmak beýle añsat bolmasyn-laý :) müýnli diýäýeli) däl. Arkaýyn bolup bilersiñ.
Yusup
01 янв 2023, 00:58
2022nji yyl men ucin yatdan chykmajak yyllaryn biri boldy. Mashgalam chagalarym bilen Dunya chempionadynyn 1 oynunam sypdyrman agzybirlikde tomasha etdik. 2 oyun 2022 yylda hic yadymyzdan chykmaz. Fransiya 90+9 Lewandowski 3-1 etmegi ayalymyn gujaklap begenshi we Horwatlaryn Braziliyany yaryshdan goybermegi ondan bashga jigimin toyyna bashlamagymyz kici gyzymyn kaka eje ene ata diyip gurlap bashlamagy yatdan chykmajak wakalar kop boldy.


Hemmanizi taze yylynyz bilen gutlayan
Ahmet
01 янв 2023, 04:30
Nirvana,
Dogrusy, men ondan aýrylamok, ol menden aýryldy :(