Şampunyňyza şeker garyň we netijäni görüň


Saçyňyzy ýalpyldawuk, goňaksyz we owadan etmek üçin dürli-dürli usullary synap görensiňiz. Bu usullaryň arasyna ýene-de täze bir usul goşuldy. Mundan beýläk ulanylýan şampunyňyza azrak şeker goşsaňyz, saçyňyzyňdaky üýtgeşmäni has gowy duýarsyňyz.

Köpümiz, köplenç, saç stilimize we derimiziň gurluşyna görä şampun saýlaýarys. Käbir adamlaryň saçy ýagly, käbirleriniňki bolsa tersine gury bolýar. Edil ýüzüňizdäki ýaly, ölen deri öýjüklerinden dynmak üçin kelläňize hem wagtal-wagtal gowy süpürgiç gerek bolup durýar. Dermatolog Françeska Fusko şekeriň saç üçin täsinlikleri döredip biljekdigini öňe sürýär. Dr. Fuskonyň pikirine görä, şampuna şeker goşup, saçyňyzy has owadan we sagdyn etmek siziň öz eliňizde. Şampunyňyza takmynan bir çemçe şeker goşup, soňra garyp ýuwaşlyk bilen kelläňize çalmaly. Birnäçe minutdan soň saçyňyzy mylaýym suw bilen ýuwuň. Şeker şampuny bilen bir hatarda saçyňyzy siňdirer we bu görnüşde ýaglylygyň öňüni alar. Şeýlelik-de, şampunyňyzyň saçyňyzy nemlendirýändigine göz ýetirersiňiz. Dermatolog, şeker şampunyny her gün ulanmakdan gaça durup, 4 gezekden 1 ulanmagy maslahat berýär.

Sagdyn kelle sagdyn saç diýmekdir. Sagdyn we owadan saçly bolmak üçin şampuna şeker goşmak, kelläňdäki ýagy arassalamaga we ölen derilerden dynmaga ýardam edýär. Saç ideg önümleriniň (nemlendiriji, kondisioner, saç maskasy ýaly) saçyňyza täsirini artdyrýar. Şeker saçyňyzyň has arassa, sagdyn we çygly görünmegine kömek edýär. Bu usul arkaly saçyňyz isleýşiňiz ýaly gözelligiňiziň bir bölegine öwrüler
7 лайков 348 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ajaŷyp
Ajaŷyp
26 янв 2023, 18:56
Boljak zat dal.
Ahmall
26 янв 2023, 19:26
Ajaýyp
Kerbaba
26 янв 2023, 19:30
Чая гарып исжек,шекер болса...
Ajaŷyp
Ajaŷyp
26 янв 2023, 19:47
Ahmall,
Ahmall
Perman Izakow
Автор 26 янв 2023, 20:23
kwadrat kelle,
?
Edepli Gödek
26 янв 2023, 20:23
Kepegi aýyrýamy şu usul hakykatdanam?
Perman Izakow
Автор 26 янв 2023, 20:26
_Bayat,
Kepek näme zat,towuklaryň iýimimi?
Ahmall
26 янв 2023, 20:30
Goñak hem diýilýär öýtýän türkmençe.
Öwreniji
27 янв 2023, 00:18
SSSR den Garaşsyzlyk ýyllarynda, saçy şekerli suw bilen çalanlaryñ saçy şol wagt owadandy indi olaryñ kellesine arybal bn ýuwsañam saç çykanok
Ajaŷyp
Ajaŷyp
27 янв 2023, 00:24
Remezan,
Remezan zyŷan edipmi
Goklors
27 янв 2023, 03:46
Pagta cigit yagyny calayyn
Edepli Gödek
27 янв 2023, 04:48
PROLIGA,
Goňaga kepegem diýilýä(n) (bolmaly)
Edepli Gödek
27 янв 2023, 04:52
"Türkler aýdýalar kepek diýip" diýjekeler tapylar meň bu kepek diýenime.
Ýalňyş bilmeýän bolsam bizde-de kepek diýilýän bolmaly. Ýagny, men türkçe aýdamok. Öňünden gaçaly şeýdip?
Kerbaba
27 янв 2023, 06:24
Туркмен гелин - гызлары асырлар бойы сачыны сузек сув бн ювуп гелди.( чекизе халтадан сузулип чыкян сув).Сонкы 50-йылда тапылды шампун ве бейлеки серишделер. Чакыны,угруны билман уланмаклык болса сачын ишини горди.
Bentner
27 янв 2023, 07:41
Iň gowy we býudjetni wariant ÇEMEN :)
Jeksparro
27 янв 2023, 10:18
''Bars'', ''Ýeke damja'' ''Perliss'' ýa-da ''Panda'' (4/5 litr) ýaly pasuda moýuşşa ýuwmasaňyz bolýa ?