Logika hakda iň gowy düşündiriş

Talyplar okuw sapaklarynyň sanawyna täze bir dersiň girizilendigini gördüler. Ol logika ylmydy. Derse bir garry professoryň girmegine garaşylýardy. Ine, ilkinji sapagam başlady. Talyplaryň biri mugallyma ýüzlendi:
– Hormatly professor, logika bize nämäni öwredýär? Ilki şuny düşündirip berseňiz…
Professor özüne şübhe bilen bakýan talyplara:
– Logika ylmynyň ynsanlaryň dünýägaraýşyna edýän täsirine seljerme bermek biraz müşgil. Şonuň üçin muny size bir mysal arkaly düşündirmekçi – diýdi. – Göz öňüne getiriň: kömür käninden iki sany işçi çykyp gelýär. Olaryň biriniň üst-başy ap-arassa, beýlekisiniň bolsa, kömüriň garasyndan eşiginiň asyl reňkini-de saýgarmak kyn. Olaryň haýsy biriniň ýuwunmagy gerek?
Talyplar ikirjeňlenmezden, jogap berdiler:
– Elbetde, üst-başy kir bolany!
Professor ýylgyrdy:
– Balalarym! – diýdi. – Logika, bu sowala jogap bermezden öňürti şuny soraýar: «Neneňsi bir kömür käninden çykan iki kişiniň biriniň üst-başy arassa, beýlekisiniňki bolsa hapa bolmaly?!.»
4 лайков 145 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#динара.
27 янв 2023, 20:21
Mm bähh...
S❤
27 янв 2023, 20:31
Ilki sony pikirlendim. Son jogabyna garasdym welin aytmadylara on.
Ahmall
27 янв 2023, 21:00
Logikañ asyl manysam pikirlenmek bolýar.