Itler hakynda hadyslar

Abu Talhadan getirilen rowaýata görä, ol: Allahyň Resulynyň: "Perişdeler it, surat we heýkel bar bolan jaýa girmezler" diýenini eşitdim.
(Buhara, Bad-il Halk: 27; Musulman, Libas: 17)

Ebû Talha’dan aktarılan rivayete göre, şöyle diyor: Resulullah’dan işittim şöyle diyordu: “Köpek, resim ve heykel bulunan eve melek girmez.” Buhara, Bed-il Halk: 27; Müslim, Libas: 17

Jabir b. Abdylla Allahyň Resuly (saw) itleriň öldürmegini buýurdy. (Biz hem itleri öldürdik) Hat-da çölden gelen aýalyň itinide öldürdik. Soň bolsa itleriň öldürilmegini gadagan etdi we: "Arassa gara we iki nokatly bolany öldüriň. Sebäbi ol iblisdir" diýip buýurdy.
(Sahîh-i Müslim Muhtasarı, 1,1572)


Câbir b. Abdullah, Resûlullah sallallâhu aleyhi ve sellem, köpeklerin öldürülmesini emretti. (Biz de köpekleri öldürdük) hatta çölden gelen bir kadının köpeğini bile öldürmüştük. Daha sonra köpeklerin öldürülmesini yasakladı ve, 'Hâlis (düz) siyah olanını, iki noktalı olanını öldürünüz. Çünkü o, şeytandır' buyurdu demiştir.
(Sahîh-i Müslim Muhtasarı, 1,1572)


-Abu Hureýranyň rowaýat etmegine görä, Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) : Kim aw, süri ýa-da ekin meýdan üçin bolmaýan bir iti ýanynda saklasa, her günki amalyndan iki karat egsiler" diýip buýurdy.
(Sahih Musulman Konsisi, 1,1575)

- Ebû Hüreyre'den yapılan rivayete göre, Resûlullah sallallâhu aleyhi ve sellem: 'Kim, ne av, ne sürü ne de tarla için olmayan bir köpeği yanında tutarsa, her gün amelinden iki kırat eksilir' buyurmuştur. (Sahîh-i Müslim Muhtasarı, 1,1575)
1 лайков 516 просмотров
24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
11 фев 2023, 18:34
Lebap welaýatynda it urşy gadagan edilipdir.Beýleki welaýatlardada gadagan edildimikä?
Yusup
11 фев 2023, 19:33
ay mena ynanamok muna. Sebabi hadyslaram yoyulyp bashlady. Paytaht Abdulhamitda patysha Abdulhamit haywanlar hakda bir hadys aydya weli shumat yadyma dushenok. Yslam dini 72 fykra bolunmeli bu hadysam shol 72 fykran biri yoyan bolmaly
Hiayress26
Автор 11 фев 2023, 20:30
Arada bir molla düşündirjek bolýar, goýunlaryň nähili bereketli, itleriň bolsa tersine bereketsiz jandardygyny. Aýdýar: "Goýunlary näçe soýup iýsegem, gurbanlygy göz öňüňe getir, sanaýmalyja günüň içinde näçe millionlap goýun soýulýar, şonda-da olaryň sany kemelenok, tersine artýar. Sebäbi, olar bereketli pygamber gören jandarlar. Alla birini alsa on edip gaýtarýa. Ine Allaň bereketi, emma itler goýunlar ýaly soýulmasada köpelýän däldirler" diýip maňa goýunyň bereketliligini düşündirjek bolýar. Menem "agam goýunlaň baş sany itlere garaňda köp (goýunlar 1,5 mlrd töweregi, itler 500 mln töweregi dünýäde). Onsoňam goýunlary adamlar öz janlaryndan ýeg görüp idetýäler, yzyna düşüp bakýalar, olara ot basýalar, suwa ýakýalar, sowukda guzylary bolsa ot ýakyp başynda otyrýalar, wagtal-wagtal däri-derman edip durýalar, garaz çagadan gowy bolmasa çagaça seretýäler, emma itlere beýle däl. 500 mln it bar bolsa şoň 1/4 adamlar tarapyndan ideg edilýändir, galany seňk-seňk edip aç garynlaryny süýreşip entäp ýören itlerdir. Entäp ýören itler bolsa uzak ýaşamaýar we köp tohumam ýaýradyp bilmeýär, ýaýratsada sanaýmalyja aýakda galýandyr. Ana şoň üçin goýunlary näçe soýsaňam itlerden köp" diýdim weli, düşünmedi öýdýän. O mollada pygamberimiz "it görseňiz kowuň, ol nejis haýwandyr" diýen pikire uýýan mollalardan eken.
Jeksparro
11 фев 2023, 20:50
Pygamberimiz Muhammet aleýhyssalamyň öz aýdan hadysy bar: Men Dünýä ýüzüne rehmet üçin gelen pygamberdim'' diýýär. Şu hadysdan salgylansak ýokarky aýdylan hadysa gapma-garşy gelýär. Muhammet s.a.w. hemme janly-jemendä haýyrly doga etmek üçin gelen pygamber. Şol bir wagtyň özünde dünýäniň hemme adamlaryna-da yns-jynslara-da.
Jeksparro
11 фев 2023, 20:51
O haýwan eýle, bu haýwan beýle diýmedigini bilýärin. Hadyslar @Anil Kapuryň aýdyşy ýaly ýoýulan bolup biler...
Jeksparro
11 фев 2023, 20:53
Iň bärkisi Sahyhy Buharynyň hadyslarynyňam köpüsi hakyky däl pikirimçe...
Yusup
11 фев 2023, 21:08
Shayylarda bir dushunje bar "Jebrayyl a.s yalnyshyp Muhammede pygamberlik berdi. Aslynda Ala berilmelidi" diyip. Kabanin in uly butuny yykanda Muhammet s.a.w guyji yetman Alynyn ustune munup yere gacyryar. Shondan ugur alyp shayylar shu dushunja eyeryarler. Sholaram musulman ine. Musulman bar musulman bar Kopusi musulmanchylygy oz bahbitlerine ulanyalar. Arada awtobusda biri sakaly 16 tapgyrdan ya sonky chykan mashyn almak un osduryaler diyipdi. Osdurlen her sakala hormat goymaly dal. Her sakalyn her tarynda gor nace guna ishleri bukyalar.
Yusup
11 фев 2023, 21:11
Namaz okayalar oraza tutyalar. Yone aylykda aylygym az diyip dawa edyaler. Gunde 5 wagt namaz shonun arassa 2sini ishde okayan. Hersi un ortaca yarym sag gitse gunde 1 sagat. Bughalteriya baryp sho 1 sag kem ishlan men sho sagady Allahyn razylygy ucin gecirdim diymeyaler yone sana kop ishlense senin aylygyna dawa edyaler. Garaz perishde yaly adam yok yone perishde yaly hasiyeti alyp bolar.
Yusup
11 фев 2023, 21:22
Hemedany,

kamil murshidem tapmak kyn.
Hiayress26
Автор 11 фев 2023, 21:55
Jekwarabey,
Anil Kapur,
Eger hadys ýalňyşdyr öýdýän bolsaňyz, ylymy güýçli molla, ahun, ymam kim tanyşyňyz bar bolsa sorap göräýiň. Sebäp, ylymy ýetik adam pygamberiň aýdan zadyny göni ret edip bilesi ýok. Ýumarlamagy weli ähtimal.
Hiayress26
Автор 11 фев 2023, 22:04
Ine mysal üçin, Türkmenistandaky köp adam özüni musulman saýýa, ýöne musulmançylyga gabat gelmeýän birnäçe zatlary edýär. Mysal üçin, bir wagtky jahyl kowumlar ýaly daşlary oýup özlerine çokunarlary (aýlanarlary ýaly, seýilgähdäki ýada Magtymgulyň 60 metrlik heýkeki) ýaly heýkel ýasaýarlar. Yslamda bu eýýam gadagan edilen. Mysallar bilenem, hadyslar bilenem görkezýär. Ybraýymyň Käbäň butlaryny (heýkellerini) döwüşi, Musaň göläň heýkelini döwüşi, Muhammet pygamberiň Käbädäki butlary (heýkelleri) döwüşi bilen. A biziň molla-ahunlarymyz bolsa şeýle zatlara pata okaýarlar, doga-dileg edýärler. Nädip düşünmeli indi?! Musulman diýmek bizde gowy adam, ahlakly adam, ynanyp boljak, ýüpüniň üstünde odun basyp boljak diýen manyny aňladýar, a hakyky musulmançylyk bilen weli asla baglanşygy ýok.
Hiayress26
Автор 11 фев 2023, 22:07
Her kim özüni gowy adam hasaplaýa, ýada özüniň şeýledigine belki özüni ynandyrjak bolýar.
GuljemilE
11 фев 2023, 22:35
Ona bilmedim yone itin tuykuligi haram diyip eşdipdim...
We Muhammet s.a.w. in kowun diymegi çyna yakyn dal pikirimçe
Jeksparro
11 фев 2023, 23:18
Hiayress26
Jekwarabey,
Anil Kapur,
Eger hadys ýalňyşdyr öýdýän bolsaňyz, ylymy güýçli molla, ahun, ymam kim tanyşyňyz bar bolsa sorap göräýiň. Sebäp, ylymy ýetik adam pygamberiň aýdan zadyny göni ret edip bilesi ýok. Ýumarlamagy weli ähtimal.


Men bu pikiri olar ylalaşsynlar diýip aýdamok, ylalaşsynlar ylalaşmasynlar öz işleri. Maňa näme olardan!
Jeksparro
11 фев 2023, 23:29
Hiayress26
Ine mysal üçin, Türkmenistandaky köp adam özüni musulman saýýa, ýöne musulmançylyga gabat gelmeýän birnäçe zatlary edýär. Mysal üçin, bir wagtky jahyl kowumlar ýaly daşlary oýup özlerine çokunarlary (aýlanarlary ýaly, seýilgähdäki ýada Magtymgulyň 60 metrlik heýkeki) ýaly heýkel ýasaýarlar. Yslamda bu eýýam gadagan edilen. Mysallar bilenem, hadyslar bilenem görkezýär. Ybraýymyň Käbäň butlaryny (heýkellerini) döwüşi, Musaň göläň heýkelini döwüşi, Muhammet pygamberiň Käbädäki butlary (heýkelleri) döwüşi bilen. A biziň molla-ahunlarymyz bolsa şeýle zatlara pata okaýarlar, doga-dileg edýärler. Nädip düşünmeli indi?! Musulman diýmek bizde gowy adam, ahlakly adam, ynanyp boljak, ýüpüniň üstünde odun basyp boljak diýen manyny aňladýar, a hakyky musulmançylyk bilen weli asla baglanşygy ýok.



Juma Hudaýgulynyň Suratçylyk hakynda ýazan makalasyny okap gördüňmi? Şonda düşündirilýär Heýkelçiligiň ýa surat çekmekligiň musulmanlykda bolup bolmaýandygyny...
Hiayress26
Автор 12 фев 2023, 04:40
Jekwarabey,
Ýok, paýlaş okaly.
Goklors
12 фев 2023, 09:34
Ite degsen ýada gyllygy degen zat eşigine degdigi, täredin bozulýar diýýäler.
Goklors
12 фев 2023, 09:35
Molla işdeşim bar. Özi gowy adam. Altmyşyň onundan geren,ýokary bilimli.Aň bilimem ýokary. Ikimiz käte "garpyşýas". Bir gün iti ýamanlap pişigi öwüp dur.
Özüňe sorag berip göräýmeli it gowumy pişik? Pişik ogry, äpişgäňden öýe girip saçagyňdaky nanyňy kertip gidýär ýa ketegiňe girip çüýjäňi iýýär. Bir peýdaly tarapy syçan tutýar diýäýmeseň olam öz bähbidi. A itler jemgiýet üçin peýdasy uly öýüňe sak bolmakmy, jenaýat açmakdada kömegi biçmöçber, çopanlaryň kömekçisi. Obadaky itlerä süräbem öýe salyp bolanok. "It wepa aýal biwepa" diýen sözem bar türkmenlerde. Dogry eýesiz gezip ýören itlerem bar, biri ýal bermese aç ölmezlik üçin birzatlar etmeli.
Goklors
12 фев 2023, 09:46
Itleriň köpelmezligi, özüme şeýdip durlanyny goremok. Meselem it güjüklese sekiz güjüjek dogursa, dördi köpek dördem gançyk. Adatça gançyk güjik gereklenmeýär. Heniz gözi açylmanka diriligine gömýän ekenler. ýada itler köpeliberse emeli arassaçylyk geçýäler
Goklors
12 фев 2023, 12:24
@Hiayress26 Karpat dagy ýene diýip bar eseri, kitapçyda
Goklors
12 фев 2023, 12:27
"It itdirdä atsanam bor çapsaňam"
Hiayress26
Автор 12 фев 2023, 12:48
Goklors
@Hiayress26 Karpat dagy ýene diýip bar eseri, kitapçyda


Juma agaňmy?!
Goklors
12 фев 2023, 15:19
hawwa
Wednesday
12 фев 2023, 15:27
Heýkel bilen suraty adam doretdi düşnükli. Iti kim doretdi onda??
Oz doreden zadyny ýigrenip. Oz çagasyny ýigrenýän ene ýa ata bola