ABORT TOSLAMALARY WE HAKYKATLARY
Şu ýylyň iýulynda, ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti Roe v Wade aborta rugsat berýän dawasyna täzeden garady we aborta bolan konstitusion hukugy ýatyrdy. 2020-nji ýylyň güýzünde, Polşa hem abort gadagançylygyny girizipdi. Şeýle tendensiýalar bütin dünýädäki adam hukuklaryny goraýjylary ynjalyksyzlandyrýar.
Abort örän jedelli mesele. Käbir adamlar aborty her bir aýalyň esasy hukugy hasaplaýarlar. Käbirleri ony çaga öldürmäge deňeýär we abortyň önelgesizlige eltýändigine ynanýarlar. Beýlekiler bolsa, abortyň filosofiki we dini taýdan etika dogrylygyny ýa nädogrylygyny soraglaýarlar.
Bellik: Makala diňe maglumat bermek maksatly bolup, lukmançylyk maslahaty däldir. Islendik bejergi lukman bilen maslahatlaşyp kabul edilmelidir. Makala diňe ylmy we statistiki maglumatlara esaslanýar. Abortyň etiki, dini we filosofiki taraplaryny öz içine almaýar.
Abort barada ençeme toslamalar we pikirler giň ýaýran. Olardan birnäçesi:
Toslama: Abort etmek zerur däl, sebäbi göwreliligiň öňüni almagyň dürli usullary bar.
Hakykat: BSGG-nyň statistikasyna görä, her ýyl dünýäde 121 milliona golaý göwrelilik islenilmeýän göwrelilikdir. Meselem: jynsy ýa-da reproduktiw zorluk sebäpli göwreli galmak, adamsy ýa-da maşgala agzalary aýalyň göwreliligiň öňüni almak üçin edýän tagallalaryna päsgel bermegi. Dünýädäki meýilleşdirilmedik on göwreliligiň altysy we ähli göwreliligiň ondan üçüsi abort bilen gutarýar. Ýagny, meýilleşdirilen göwrelilikde hem dürli sebäplere görä abort etmek zerurlygy ýüze çykyp biler. Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri bolsa 100% göwreli bolmakdan goramaýar.
Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (CDC) maglumatyna görä, ABŞ-da ýoldaşy tarapyndan jynsy zorlugy başdan geçiren 18 million aýaldan 30% -i şol bir adam tarapyndan reproduktiw taýdanam zorlanypdyr. Olaryň 23%-e golaýy ýoldaşynyň jyns gatnaşyklaryndan öň prezerwatiw geýmekden ýüz öwürendigini aýtdylar. BSGG-nyň 2008-nji ýylda geçiren gözlegine görä, 80 million meýilleşdirilmedik göwreliligiň ~ 33 milliony göwreliligiň öňüni alyş serişdelerini ulanandan soň ýüze çykdypdyr.
Aýallaryň başga sebäplere görä-de abort etdirýänligine düşünmek möhümdir. Meselem: sosial, ykdysady, syýasy, şeýle hem, enäniň janyna howp salýan saglyk meseleleri.
Bütin dünýäde abort giň ýaýbaňlanan prosedura bolup, ortaça her dört göwreliligiň biri abort bilen jemlenýär.
Toslama: Abortdan soň psihologiki gaýraüzülmeler ýüze çykýar.
Hakykat: Psihologiki meseleler stresli durmuş ýagdaýlarynyň aglabasynda, şol sanda, abortdan soň hem ýüze çykyp biler. Emma, bu abortdan soň döreýän tendensiýa ýa-da adaty ýagdaý däl.
Amerikan Psihologiki Assosiasiýasynyň (APA) hasabaty, göwreliligiň ilkinji üç aýynda geçirilen abortdan soň, negatiw psihologiki meselelere sebäpkär birnäçe faktorlaryň bardygyny belledi. Mysal üçin: stigma (masgaralama), sosial goldawyň pesligi, özüňe ynamyň peselmegi, öňden bar bolan psihologiki meseleler, göwreliligiň nä derejede islenendigi we ş.m.
Şol bir wagtda, durmuşyň beýleki stresli ýagdaýlary hem negatiw psihologiki gaýraüzülmelere eltip biler. Meselem: çaganyň dogulmagy ýa-da çaganyň ogullyga alynmagy we ş.m.
Toslama: Abort saglyga howply!
Hakykat: Beýleki operasiýalar ýaly, abort hem töwekgelçilikli bolup biler, emma howpsuz we howply abort tapawutlandyrylmaly. Lukmançylyk hünäri bolmadyk adamlaryň ýa-da minimal medisina standartlaryna laýyk gelmeýän gurşawda geçirilen abort howply abortdyr. Howply abortda abortdan öň ýa abort wagtynda ýüze çykyp biljek ýerliksiz ýagdaýlar saglyk meselelerine sebäp bolup biler.
Ähli medisina düzgünleri berjaý edilende, abort çaga dogrumyndanam has ygtybarly lukmançylyk proseduralaryň biri hasaplanýar. Howpsuz abortda, ýagny göwreliligiň ilkinji üç aýynda derman serişdeleri bilen lukman amala aşyranda gaýraüzülmeler ýüze çykmaýar.
ABŞ-nyň akuşerler we ginekologlar assosiasiýasy abort töwekgelçiliklerini doly däl abort diýip atlandyrýar. Oňa ýatga ýokançlyklaryň düşmegi, güýçli ganama ýa-da ýatgynyň we beýleki agzalaryň zeperlenmegi degişlidir. Emma, bularyň ýüze çykma ähtimallygy juda az. Bu esasanam, abortyň lukmançylyk şertlerine laýyk geçirilmegine we doktoryň hünär derejesine baglydyr.
Göwreliligiň möhleti näçe uly bolsa, abort bilen bagly dürli gaýraüzülmeleriň döremek howpy şonça ýokary bolýar. Ýöne, ähli lukmançylyk şertleri ýerine ýetirlende, göwreliligiň ikinji ýarymynda hem ygtybarly we howpsuz abort geçirse bolar. Adatça, bu möhletde dilýatasiýa we ewakuasiýa usulynda (ýatgy boýunjygynyň kanalyny giňeltmek we göwrelilik dokumalarynyň hemmesini aýyrmak) abort etdirmek maslahat berilýär. Emma, dünýäniň köp ýurtlarynda bu prosedurany geçirmäne taýýarlykly lukmanlar ýeterlik däl. Şol sebäpli, bu möhletde göwreliligi aýyrmak üçin howpsuz abort geçirmäne mümkinçilik berýän medikamentoz (dermanlar bilen) usuly hem ulanylýar. Meselem: Şwesiýa we Şotlandiýa ýaly käbir Ýewropa ýurtlarynda, göwreliligiň ikinji ýarymynda köplenç medikamentoz abort geçirilýär.
Toslama: Abort geljekde çaga galmak mümkinçiligini azaldýar.
Hakykat: Dogry geçirilen lukmançylyk abortynda çaga önelgesizligine eltýän töwekgelçilik az bolýar.
Beýik Britaniýanyň Milli saglygy goraýyş gullugynyň (NHS) maglumatyna görä, abort prosedurasynda ýatga ýokançlyklaryň düşmegi geljekde çaga galmazlygyna eltýän ujypsyz töwekgelçilikdir. Şeýle-de bolsa, ony wagtynda bejermek töwekgelçiligiň öňüni alyp biler.
Maýo klinikanyň eksperti Iwonn Tobanyň aýtmagyna görä, hirurgiki abort bilen wagtyndan öň dogrum we çaganyň pes agramly dogulma töwekgelçiliginiň arasynda uly bolmadyk arabaglanşyk bar. Birnäçe gezek kýuretka (ýatgynyň içindäki dokumalary aýyrmak üçin ulanylýan çemçe şekilli gural) ulanylyp, hirurgiki abort geçiren aýallarda ýatgynyň içki örtüginde tyglaryň emele gelme howpy döräp biler. Bu geljekde çaga galma kynçylygy bilen bagly bolmagy mümkin.
ABŞ-nyň akuşerler we ginekologlar assosiasiýasy abortyň önelgesizlik töwekgelçiligini artdyrmaýandygyny belleýär. Holmlund we kärdeşleri hem bu netije bilen ylalaşýarlar. Olaryň 2016-njy ýyldaky gözlegi, 2008-2010-njy ýyllarda Finlandiýaly 57406 aýalyň anamnezini (keseliň döreýiş we ýaýbaňlanyş taryhy barada maglumatlar) gözden geçirdi. Şol aýallaryň 5167-si ozal abort geçiripdir. Gözlegiň netijesi: Öň abort etdiren, ýöne ilkinji gezek çaga doguran aýallar, ozal abort etdirmedik, emma ilkinji gezek çaga doguranlara seredeniňde önelgesizlige garşy bejergä az mätäç (öň abort geçiren – 1.95%, ozal abort geçirmedik – 5.14%) bolupdyrlar.
Toslama: Abort gadagançylygy abort etdirýänleriň sanyny azaldar
Hakykat: Statistikalar aborty gadagan etmegiň aborta bolan talaby, mätäçligi azaltmaýandygyny görkezýär. Gaýtam, gadagançylyk aborty howplylaşdyrýar.
BSGG-nyň maglumatlaryna görä, dünýädäki ähli abortlaryň 45%-e golaýy howply abort. Olaryň üçden biri hünärsiz işgärler ýa zyýanly usullary ulanmak ýaly aborta niýetlenmedik ýerlerde geçirilipdir. Howply abortlaryň 97%-i ösýän ýurtlarda geçirilip, ýurtlaryň köpüsinde abort doly ýa-da bölekleýin gadagan edilen we stigma hasaplanýar.
Bu nämäni aňladýar? Abort gadagançylygy medisina şertlerine laýyk gelýän we hünärmen lukmanlar tarapyndan geçirilmeli aborty aradan aýyrýar. Bu bolsa howply abortlaryň sanyny artdyrýar. Şeýlelikde, aýallar kanuny jogapkärçilige çekilmezlik üçin ýasama serişdeleri ulanyp, göwreliligi düşürýärler ýa-da hünärmenlik derejesi pes bolan lukmançylyk işgärlerine ýüz tutýarlar.
Guttmaher institutynyň hasabatyna görä, aborta rugsat berilen ýurtlarda her 1000 aýalyň 34-si abort geçirýän bolsa, doly ýa bölekleýin abort gadagançylygy bolan ýurtlarda bu san her 1000 aýaldan 37-si. Abort gadagançylygy bolan ýurtlarda bu sanyň has kän bolmagy ahmal. Çünki, hasabatlar gizlin abortlary we "abort turizmini" (abort rugsat berlen ýurda gidip abort etdirmek) köplenç statistika goşmaýar.
Netijeler:
↪ Ençeme göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň göwrelilikden 100% goramaýanlygy sebäpli abort geçirme töwekgelçiligi aradan aýrylmaýar. Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň düýbünden ulanylmadyk halatlarynda meýilleşdirilmedik göwreliligiň bolmagy mümkin. Mundan başga-da, meýilleşdirilen göwrelilikde hem abort etmek kararyna gelnip biler.
↪ Abort hemişe psihologiki gaýraüzülmelere sebäp bolmaýar. Bu aýalyň durmuşyndaky beýleki dartgynly ýagdaýlara we faktorlara bagly bolup bilýär.
↪ Howpsuzlyk çärelerine laýyklykda geçirilen abort ygtybarly we täsirli prosedura bolup, geljekki göwrelilige howp salmaýar we önelgesizlik töwekgelçiligini ýokarlandyrmaýar.
↪ Abort gadagançylygy abort geçirýänleriň sanyny azaltmaýar, ol diňe howply abortlaryň sanyny köpeldýär.
↪ Stigmany ýok etmek we kanun taýdan abort elýeterliligi ýokarda bellenilen meseleleriň aglabasyna çözgütdir.
Çeşme: Мифы и правда об абортах
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.