Jynsy terbiye name

Jynsy terbiýe näme?

Jynsy terbiýe adam seksuallygy barada hemmetaraplaýyn bilim bolup, ol diňe anatomiýa we kontrasepsiýa degişli maglumatlar bilen çäklenmeýär. Hemmetaraplaýyn bilime adamlaryň arasyndaky sagdyn gatnaşyklar, kyn ýagdaýlardan dogry baş alyp çykmak ukyplary hem degişlidir. Bu sapaklarda okuwça adamyň seksual we önelgelik saglygy barada doly we dogry maglumatlar berilýär. Maglumatlar okuwçynyň ýaşyna görä düzülip hödürlenilýär. Meselem, Niderlandiýada şeýle gürrüňdeşlikler çaga 3-4 ýaşanda başlanylýar. Bu 4 ýaşly çaga "jynsy gatnaşygyň" geçirilişi düşündirilýär diýmek däldir. Gürrüňdeşliklerde duýgularyňy beýan etmäge, söýgä, dostluga, garşydaş jynsa bolan garaýyşlara üns çekilýär. Gynansakda, ýerlikli bilim ýetmezçiligi sebäpli jemgyýetimizde köpler jynslaryň arasyndaky bilim diňe jynsy gatnaşyk barada diýip hasaplaýarlar.

Mekdepde berilýän maglumatlar, sapaklar ylmy, lukmançylyk jähtinden dogry bolup, aşakdakylary öz içine almalydyr:

↪ Jynsy taýdan erjeşme, jynsy zorluk, jynsy gaçakçylyk (adamy tenini satmana mejbur etmek)

↪ Ýakyn ýoldaşlaryň we jübütleriň arasynda ýüze çykyp biljek fiziki zorluk, ruhy we emosional zulum. Onuň alamatlary we çözgütleri.

↪ Adam seksuallygy we onuň çylşyrymlylygy.

↪ Jynslaryň deňligi.

↪ Gyz, oglan, zenanlyk, erkeklik barada giňden ýaýran emma nädogry düşünjeler.

↪ Sagdyn gatnaşyklar we psihologiýa: söýgi, dostluk.

↪ Gürrüňdeş bolmak medeniýeti.

↪ Jynsy gatnaşyklara "razyçylyk" bermek medeniýeti we kyn ýagdaýlarda (zorluk hüjüminde, gabanjaňlykda) çykalga tapyp bilmek.

↪ AIW-iň, jynsy gatnaşyklar arkaly ýaýraýan ýokanç keselleriň öňüni almak, barlagdan geçmek.

↪ Göwreliligiň öňüni almak, ene-ata bolmak.

↪ Abort barada ylmy maglumatlar.

Bilermenleriň bellemegine görä netijeli, täsirli mekdep bilimi şeýle çemeleşmelerden düzülen bolmaly:

1. Çagalaryň, ýetginjekleriň ýaşyna, akyl düşünjesine göra işlenilip taýýarlanylan maglumatlar.

2. Okuwçylar sapaklara özlerini arkaýyn duýup gatnaşmaly. Okuwçylary masgaralamaga, aýyplamaga, utandyrmaga çemeleşmek netijesiz we zyýanlydyr.

3. Ýaş adamlaryň, ýetginjekleriň, çagalaryň gönüden-göni gatnaşmagynda, olar bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde taýýarlanan maglumatlar we sapaklar geçirilmeli.

4. Ýaşlara özleriniň maşgaladaky, ýaşaýan jemgyýetindäki gymmatlyklaryna düşünmäne, seljermäne pursat döredilmeli.

5. Ýaşlar söhbetdeş bolmagy, "ýok" diýip bilmegi, jedelleşip pikir alyşmagy öwrenmeli.

6. Sapaklarda durmuşda bolýan, durmuşdan alnan wakalara, ýagdaýlara esaslanan oýunlar ulanylmaly. 18-nji asyryň ahlak meseleleri galdyrylman, şu döwürde, ýaş adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary mysal alynmaly. Sapaklar interaktiw görnüşde geçirilmeli. Okuwçylaryň soraglaryna, gyzyklanmalaryna jogaplar gözlenilmeli.

Adam seksuallygy – bu giň manyly termin adamyň jynsy agzalaryndan we gylyk-häsiýetinden daşary hem onuň özi we başgalar bilen gatnaşyklary duýuşyny, öz jynsyny we jynsy şahsyýetini kabul edişini, şeýle-de beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklaýşyny öz içine alýar. Adam seksuallygyna biologik, psihologik, sosial, ykdysady, syýasy, medeni, kanuny, taryhy, dini, we ruhy faktorlar täsir edýär.

Seksual saglyk – bu adamyň öz seksuallygyna bolan fiziki, ruhy we sosial taýdan sagdyn gatnaşygydyr. Seksual saglyk seksuallyga zorlanmadan, deňsizlikden, zalymlykdan azat bolan lezzetli we howpsuz seksual gatnaşyklara pozitiw, hormat bilen garamagy talap edýär.
2 лайков 330 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şamuhammet
13 июн 2021, 16:59
Jynsy terbiýe hakynda Ginekologlaryň, Seksologlaryň kitaplaryny okamagy maslahat berýäris...
Biohimik
Автор 13 июн 2021, 17:53
Jeksparro,
Menem gosulyan.
Biohimik
Автор 13 июн 2021, 18:39
Jeksparro,
+99364423862 imo gelayiñ tanysmaga
aymyrat
13 июн 2021, 22:16
--------------------------