Caga garasylan bolmaly 1 bölüm

I
slendik jynsy gatnaşyklary başlan aýal maşgala we erkek adam hemişe
islenilmedik göwreliligiň bolup biljekdigini ýatda saklamalydyr.
Islenilmedik, meýilleşdirilmedik göwreliligiň aýalyň durmuşyny üýtgedip,
generation abortyň bolsa onuň saglyk ýagdaýyna täsir edip biljekdigini
bilmelidir.
Çaganyň dogulmagynyň garaşylan we islenilen bolmagy we özüňi
garaşylmadyk kynçylyklardan goramak üçin her bir jübütlere göwreliligiň
öňüni alyş serişdeleri (kontrasepsiýa usullary) barada bilmek peýdaly bolup
bilerdi.
Gadyrly okyjy! Biz öz kitapçamyzda has ýörgünli ulanylýan göwreliligiň
öňüni alyş serişdeleri barada esasy maglumatlary bermäge çalyşdyk. Şu wagt
ene-ata bolmaga howlukmaýan bolsaňyz, öz durmuşy meýilleriňize, saglyk
ýagdaýyňyza we ýaramlylygyna baglylykda, Siz öz kontraseptiw serişdäňizi
saýlap bilersiňiz.
Bu saýlawy Siz diňe lukman bilen bilelikde amala aşyrmalysyňyz!
Dogjak çaga garaşylan bolanda – diňe şu ýagdaýda ol ene-atanyň
, maşgalanyň berkligini we mähirli gurşawy üpjün edip biler!
ÜZÜLEN JYNSY GATNAŞYK
Nähili ulanylýar?
Erkek adamynyň öz ujydyny döli dökmezden (eýakulýasiýadan) öň jynshanadan çykarmagyna esaslanandyr.
Ygtybarlyk derejesi – 45-50%
Artykmaçlygy:
& Jübütleriň islegine görä hemişe elýeterdir;
& Maddy çykdaýjylary talap etmeýär.
Ýetmezçiligi:
/ Erkek adam dölüň dökülmegini gözegçilikde saklamaga ukyply hem
bolsa, peşew çykaryş ýollaryndan bölünip çykýan ilkinji damjalarda
hem spermatozoidleriň millionlarçasy saklanyp, islenilmedik
göwreliligiň döremegine getirip biler;
/ Lukmanlar tarapyndan emeli üzülen jynsy gatnaşygyň jübütleriň
saglygyna ýaramaz täsir edýändigi bellenilip geçildi. Kadaly, adaty
jynsy kanagatlanmanyň bolmazlygy, aýalda jynsy sowuklygyň, erkek
adamda bolsa jynsy gowşaklygyň we erkeklik jyns mäziniň keselleriniň
döremeginiň sebäbi bolup biler.
HIV/AIDS we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklardan gorap
bilmeýär.
3 лайков 170 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.