Tut agajy fakty!!!
Türkmenistanda iň meşhur we köp ýaýran miweleriň biri tut hasaplanýar. Käbir şäherleriň we obalaryň köçelerinde, mundan 100 ýyl ozal ekilen tut agaçlaryna duş gelse bolýar. Tut ýetişdirmekde we eksport etmekde Hytaý bilen Hindistan öňdebaryjy ýurtlar bolup durýarlar.
Gadym zamanlardan bäri tut agajyň ýapraklaryny, esasanam, ýüpek gurçugyny iýmitlendirmek üçin ulanypdyrlar. Tut agajyň miweleri azyk önümçilikde hem ulanylýar. Ony çig hem-de täzeden işlenen görnüşde ulanyp bolýar. Dünýä bazarlarynda, bu miwäni guradylan hem-de konserwirlenen görnüşde satylýar. Tut agajyň miwesinden, esasanam, mürepbe, şerbet, jem we dürli erginler edilýär. Şeýlede tutdan süýjülikler bolan pastila we sukatlary öndürýärler. Käbir ussat tehnologlar bu miweden emeli bal hem alyp bilipdirler. Bu agajyň ýapraklaryndan öý haýwanlary üçin "ýaşyl iým" önümçiligini gurnamak hem mümkin. Alymlar tudyň ýapraklarynda öý haýwanlary üçin peýdaly bolan minerallar we iýmitleri tapdylar. Şeýlede tut ýapraklaryny farmaseftikada ulanyp başladylar.
Tut agaçlaryny senagat taýdan ösdürip ýetişdirmek üçin uly göwrümli we köp hasyl berjek tudana agaçlaryň saýlanan görnüşleri ekilýär. Tudanalar tiz ezilýändigi sebäpli, äkidilip getirilende önümiň ýitgisi köp bolup biler. Dünýä ýüzünde sarp edijileriň ekologiki taýdan arassa önümlere bolan ymtylmalarynyň artmasy bilen tudyň ýapraklary, tudanalary we çybyklary barha giňden ulanylyp başlanjagyny göz öňüne getirsek, seleksionerleriň tut agaçlaryň miweleriniň ezilmeýän kiçi görnüşli agaçlaryny ýetişdirmek ähtimallygy bar. Häzirki wagtda dünýä ýüzünde tut agaçlaryň müňlerçe görnüşleri bar, bu bolsa senagat görnüşindäki ekerançylygy ýola goýmak üçin geljekde mümkinçilik hökman bolar diýmek.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.