ŞYGAR

ÜSTÜNLIK!

Temaňyz: Mertebe
4 лайков 415 просмотров
25комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Esma
19 фев 2023, 21:14
Rigel,
Temasy bir hili gyzykly däl ýaly.
Esma
19 фев 2023, 21:17
Rigel,
Ine bu bolýar.
Telwas
Автор 19 фев 2023, 21:17
Mertebe temaň ady.
Esma
19 фев 2023, 21:20
Watan – başda täjim. Tugym – mertebäm.
Esma
19 фев 2023, 21:22
Rigel
Ýaňja transformator dämidaý ýa toba toba gözüme hemme zat elektik bilen baglanyşykly görünip başladymyka

?
ajy
19 фев 2023, 21:30
Rigel, gownuñi giñ tut!
Mertebe bilenem emellap bolarlay
Esma
19 фев 2023, 21:34
Rigel,
Hawa. Men-ä ýene sen bar diýip otyryn. :)
Waleryanka
19 фев 2023, 21:36
Rigel
Kellä zat gelenok

Menka bir zat geldi shuwagt.Rezko yazayyn:)

Wirtualny mertebaniz mundanam belent bolsun, hormatly saytdashlar!
ajy
19 фев 2023, 21:38
Realny* bolmaly daldimi ol waleryanka:)

rigel Salam howwa bar oza. telmin zaryaycik jayy bozuldy. hali shugun bejertdim
ajy
19 фев 2023, 21:46
Men mertebesi hich peselmejek alyyndey ejemi soyyan :)
ajy
19 фев 2023, 21:47
altyndey*
Esma
19 фев 2023, 21:48
Mertebäňe deňäp namysym-arym,
Watan – saňa gurban bolsyn bu janym!
ajy
19 фев 2023, 21:52
Esma hanym, biziñ Watanymyzy
dilinden düshürmän göklerde goýýa Mertebesini. ony gorup guwanyp gitdim:)
Telwas
Автор 19 фев 2023, 21:59
Bizin yashayysh jayymyz 7 mertebeli bolup her mertebede biri birinden mertebeli adamlar yashayar diyip eyyam nache mertebe gaytaladyn sen?

Iý,
iç. sakgyç çeýne
täze görnüş mertebe
bahasy 5manat elli teññe

Mertebesini saklaýan är ilki öz eşiklerini ýuwup-ütüklär, soň aýalynyň eşiklerine geçer.



Dowam etdiriň degişmeleri.
Esma
19 фев 2023, 22:00
garaburc,
Endik edilen sözler-dä :)
Nury
19 фев 2023, 22:26
Köp gyz yrmaklygam boldy mertebe,
Gelişýändir päk hem täk söýgi bir mertlere
ajy
19 фев 2023, 22:41
sakçy diyp peseltmañ mertebesin, goruñ ana hemmelerdenem belent
Nury
19 фев 2023, 22:47
Söýgi - bagtyň gözbaşy
Ýük däldir ol gerdene.
Bu gojaman dünýäde,
Söýülmek - mertebe,
Söýmek - mertebe!
Nury
19 фев 2023, 22:52
Kim, peseldýär aýt hany
Şonuň tumşugyna kakmalydyryn.
Ýok, men diňe belent ŞYGRYŇ däldänim,
Hem öz mertebämiň Sakçysydyryn!
Nury
19 фев 2023, 23:09
Käbir mugallymlar bar: talyby kösemegi özüniň belent mertebesi hasaplaýarlar. Durmuşda şonuň ýaly ,,BELENT MERTEBE" gazanmak hökmanmyka?! Gülkim tutýan zady diýsene, gaýtam, şolar ýaly mugallymlary gowam sylaýarlar. Aý, ýöne gamçyňy gowşagrak tutaýsaň, depäňe çykjaklaram kän. Men-ä bilmedim, adamlar şeýlemi, ýa-da durmuşyň talaby şeýle...
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 23:31
Rigel,
? Gyssanyp başga ýer-ä ýazypdyrynda?
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 23:34
Kemsidilen mertebe

Meni haýran galdyrýan ýeri, adamyň mertebesini köplenç, şol adam we beýlekiler tarapyndan gowy diýilip ykrar edilen, gowy görülýän adam peseltýär.

Üsti başy arassa, namazhon, kitaphon, terbiýeli, 12 süňňi sagat, zehinli oglan özi ýaly gowy taraplara eýe bolan gyzy gowy gördi. Ol gyz hem köp wagt geçmänkä ol oglany çyn ýürekden söýdi. Emma...

Elinden gelse adamlara ýagşylyk edýän, tebigy gözelligi her kimi haýrana goýýan, eli çeper, dili çeper, sada gyzy özüniň ilkinji we ömürlik söýgüsi hasap edýän oglan hemişe ýüreginde saklaýardy. Nesibesi çekip onuň bilen aragatnaşyk açmagy başardy. Ahyr soňy pursady gelende oňa ýüregindäkileri buşlady. Şu sözlerden soň, bir ýylyň dowamynda ol gyzyň söýgüsini gazanmagy başardy. Emma...

Siziň pikiriňizçe "emma" sözünden soň näme bolandyr öýdýäňiz?!

Emma, ol oglan biraz wagt geçenden soň, ol gyzdan daşlaşyp başlaýar. Bir aýyň içinde oglanyň beýle hereketiniň sebäbi gyza aýan bolýar. Ýigidiň ol gyzy "söýmezden", has dogrusy "söýýän diýmezinden" öň söýgülisi bolandygy we onuň bilen arasyna tow düşüp, soňundan ýaraşandyklary belli bolýar.

Emma, birnäçe aý geçenden soň, ol gyz ýigit bilen öz-özünden urşup başlaýar, ýönekeý zatlara-da öýkeleýär, edip bilse habarlaşmajak bolýar. Ahyr soňy oglan gyza şeýle haýyşt edýär:
- Maňa ýüregiňdäkileri aýt, saňa bir zad-a bolýar. Menden gizleme, näme bolsa-da men senden razydyryn. Dogryňy aýt, gaty görmerin, men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin...
Gyz oňa şeýle jogap beripdir:
- Gaty gynanýan... Meni bagyşla, seni hiç wagtam söýüp bilmedim. Ýüregimde başga biri ýaşaýar, ilkinji söýgim. Aslynda, ony unudyp seni söýmek isläpdim, ýöne bu bolmajak zat eken. Men başaryp bilemok...

Ine, size söýgi. Çyndan-da bu söýgümi beri? Ýok, bu söýgüni "görkezme esbap" edinip, adamlardan öz bähbitleri üçin peýdalanmak. Bu söýgi däl, kemsidilmek, mertebäň aýak asdy edilmegi.
Başgalar bilen düşünişmek üçin ilki özüňe düşünmegi başarmaly. Daş-töweregiňdäkilere terbiýe bermezden öňürti, özüňi terbiýelemeli. Hawa, adam ýalňyşýar. Emma, şol bir ýalňyşy ýalňyşdygyny bilip durup gaýtalaýanlara näme diýmeli?! Olar üçin ýönekeýje ýalňyş ädim hasaplanyp edilýänem bolsa, başgalaryň kemsidilmegine, hasrat çekmegine, ynamsyzlyga, arakhorlyga, erbet kesellere, hassalyga iň soňunda-da biwagt ölüme eltip biler.

Aýgül Ýazweliýewa ?
Gerceknazar
20 фев 2023, 07:10
Aýgül Ýazweliýewa,
Ýene gyssanyp başga ýerik ýazypsyň.
Aýgül Ýazweliýewa
20 фев 2023, 11:29
Gerceknazar,
??‍♀️ Aşyl nir-ä ýazmalydy)
Aýgül Ýazweliýewa
20 фев 2023, 11:29
Aslynda nirä ýazmalydym?