HEKAÝA

ÜSTÜNLIK!

Temaňyz: Mertebe
4 лайков 227 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress26
19 фев 2023, 21:31
Iň uly mertebe / hekaýa

Notalarda men şeýle bir saz ýazdym. Ýumşak... Edil sen ýaly. Mylaýym... Edil sen ýaly. Heñi dury... Edil sen ýaly.
Begendim. Elime gyjagymy alyp notalary ritme geçirdim. Ol saña meñzemedi.

Albomyma men şeýle bir surat çekdim. Zenan... Edil sen ýaly. Saçlaryna gyraw düşen... Edil sen ýaly. Gözleri dünýä... Edil sen ýaly.
Begendim. Albomdan ýylgyryp duran zenan saña meñzeýär. Ýöne, ol saña meñzeş däl.

Mähnet gaýada heýkel ýasadym.
Bili ýegşeren... Edil sen ýaly. Bagry girýan... Edil sen ýaly. Gussaly... Edil sen ýaly.
Begendim. Seniñ hamraklygyñy oña siñdirip bilipdirin. Ýöne, onda seniñki deý mähir ýok.

Kemsindim...
"Balam" diýdiler... Edil sen ýaly. "Geldiñmi sag aman" diýdiler... Edil sen ýaly. "Kabul bolsun doga-dilegleriñ" diýdiler... Saña niýetlenen.
Içimden ýüzlendim. Jogap ýok. Gygyrdym "Ejeeeeee!" Öz sesimi diñe özüm eşitdim.

(Awtory men däl, ýöne azap edip şu ýaryş üçin şu wagt ýazypdyr)
Waleryanka
19 фев 2023, 21:47
Wii menem hekaya toparda ekenim-a).Hiayress-a emellapdir tanysh usti bilen.)
Telwas
Автор 19 фев 2023, 22:02
Mertebäňe deňäp namysym-arym,
Watan – saňa gurban bolsyn bu janym!

Watan – başda täjim. Tugym – mertebäm.


Dowam etdiriň şygarlary.
Waleryanka
19 фев 2023, 22:06
Menzil bilen Proliga nirde siz?
Perman Izakow
19 фев 2023, 22:23
Waleryanka
Menzil bilen Proliga nirde siz?

Menä oňarjak däl bagyşlaň.
Waleryanka
19 фев 2023, 22:31
"Watanymyzyn mertebesi Halkymyzyn mertebesidir!"
Aýgül Ýazweliýewa
19 фев 2023, 23:05
Kemsidilen mertebe

Meni haýran galdyrýan ýeri, adamyň mertebesini köplenç, şol adam we beýlekiler tarapyndan gowy diýilip ykrar edilen, gowy görülýän adam peseltýär.

Üsti başy arassa, namazhon, kitaphon, terbiýeli, 12 süňňi sagat, zehinli oglan özi ýaly gowy taraplara eýe bolan gyzy gowy gördi. Ol gyz hem köp wagt geçmänkä ol oglany çyn ýürekden söýdi. Emma...

Elinden gelse adamlara ýagşylyk edýän, tebigy gözelligi her kimi haýrana goýýan, eli çeper, dili çeper, sada gyzy özüniň ilkinji we ömürlik söýgüsi hasap edýän oglan hemişe ýüreginde saklaýardy. Nesibesi çekip onuň bilen aragatnaşyk açmagy başardy. Ahyr soňy pursady gelende oňa ýüregindäkileri buşlady. Şu sözlerden soň, bir ýylyň dowamynda ol gyzyň söýgüsini gazanmagy başardy. Emma...

Siziň pikiriňizçe "emma" sözünden soň näme bolandyr öýdýäňiz?!

Emma, ol oglan biraz wagt geçenden soň, ol gyzdan daşlaşyp başlaýar. Bir aýyň içinde oglanyň beýle hereketiniň sebäbi gyza aýan bolýar. Ýigidiň ol gyzy "söýmezden", has dogrusy "söýýän diýmezinden" öň söýgülisi bolandygy we onuň bilen arasyna tow düşüp, soňundan ýaraşandyklary belli bolýar.

Emma, birnäçe aý geçenden soň, ol gyz ýigit bilen öz-özünden urşup başlaýar, ýönekeý zatlara-da öýkeleýär, edip bilse habarlaşmajak bolýar. Ahyr soňy oglan gyza şeýle haýyşt edýär:
- Maňa ýüregiňdäkileri aýt, saňa bir zad-a bolýar. Menden gizleme, näme bolsa-da men senden razydyryn. Dogryňy aýt, gaty görmerin, men seniň bagtly bolmagyňy isleýärin...
Gyz oňa şeýle jogap beripdir:
- Gaty gynanýan... Meni bagyşla, seni hiç wagtam söýüp bilmedim. Ýüregimde başga biri ýaşaýar, ilkinji söýgim. Aslynda, ony unudyp seni söýmek isläpdim, ýöne bu bolmajak zat eken. Men başaryp bilemok...

Ine, size söýgi. Çyndan-da bu söýgümi beri? Ýok, bu söýgüni "görkezme esbap" edinip, adamlardan öz bähbitleri üçin peýdalanmak. Bu söýgi däl, kemsidilmek, mertebäň aýak asdy edilmegi.
Başgalar bilen düşünişmek üçin ilki özüňe düşünmegi başarmaly. Daş-töweregiňdäkilere terbiýe bermezden öňürti, özüňi terbiýelemeli. Hawa, adam ýalňyşýar. Emma, şol bir ýalňyşy ýalňyşdygyny bilip durup gaýtalaýanlara näme diýmeli?! Olar üçin ýönekeýje ýalňyş ädim hasaplanyp edilýänem bolsa, başgalaryň kemsidilmegine, hasrat çekmegine, ynamsyzlyga, arakhorlyga, erbet kesellere, hassalyga iň soňunda-da biwagt ölüme eltip biler.

Aýgül Ýazweliýewa ?