ÝETIŞIKSIZ OKUWÇYNYŇ GÜNDELIGI

BU BIZIŇ MEKDEBIMIZ


Aslynda meniň-ä multfilmden gowy zadyň barlygyna ynanmaýan döwrümiň üýtgemegine mekdebe gitmegim sebäp boldy. Meňem okuwçy boldum diýip begenip baran mekdebim iki-üç günden soň: irden ukyňdan alyp galýan, dört sagatlap oýnap bolmaýan, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmeseň ejeň-kakaň urmadyk şarpygyny urýan ýere öwrüldi. Soň-soňlaram men düşünmän geçdim: näme üçin mugallym dört bilen dördi goşup dokuz çykarýan okuwçyny halamaýarka? Hemmeler diňe bäşlik alsa onda kim yzky partada oturyp sag-aman sapak gutaryp jaň kakylmagyny dileg etsin?
Başda hatymyň owadan bolmagy sebäpli, azajyk dil ugrundan gowy okabam başladym. Arman dil edebiýaty sapagy bilenem uzak oňuşmadym. Aýyrgyçlara ýetenimizde, mugallym meni hem gowşaklygym sebäpli, gowy hasaplaýan okuwçylarynyň arasyndan aýyrdy.
Kitaby, kitap okamagy gowy görýän kakamyňam meniň ýazyjy bolmagymy isleýän umydyny hem, alyp beren döwli kitabynyň sahypasyndan samalýot ýasap uçuran günüm puç etdim.
13

Ine, taryh dersini welin, hemme zatdan gowy görýän. Hiç zat goşmaly däl, ýazmaly däl diňe gürrüň beribermeli. Mugallymyň ünsli diňlemeýän pursadynda taryha özüňçe düzediş girizseňem bolýar. Barybir, taryhyň içinden Spartak ýa-da Gannibal çykyp «Biz-ä beýle zatlary etmändik» diýjek gümanlary ýok. Geldi mugallymam «Taryhyň atasy Gerodotdyr» diýen bolup, geçmiş- taryhyda ata-babaly ediberýärdi. Bir gezek dagy sentýabrda täze okuw ýylyna baranymyzda, senenama kalendar barada täsin zat gürrüň berdi.
— Awgust aýy öň 30 gün ekeni, ýöne rim şasy Awgust öz ady dakylan aýyň daýysy Sezaryň ady dakylan iýulyndan bir gün kemligi sebäpli, sentýabrdan awgusta bir gün geçiripdir. Şondan bärem awgust aýy 31 gün...
Bäh, şonda bir begenip, bir gynandym. Gör, ol patyşa sebäpli biziň tomus rugsadymyz bir gün köpelipdir. Wah, aljakmy, alda bir gün däl-de, on gün, näme biri käýäp durmy diýsene?!.
Özümiň-ä halamaýanym hasapdy. Mugallymyň «Matematika ylymlaryň şasydyr» diýmegine garamazdan, hiç şol «ylymyň şasy» bilen jynym jyňkyryşman geçdi. Alta sekizi köpeltsem, iliň tersine hökman meniň jogabym elli çykýar ýa-da kyrk dört. Beýlekiler bolsa ýüzi nola köpeldibem jemi nola deňlän bolup otyrlar. Meniň-ä gündeligimde-de hasapdan iň ýokary baham dörtlük. Olam käwagt ýetdirýän bagtdy.
Sag-aman jaň kakylyp, hasapdan-a sypdym diýip begenersiň welin, öňüňde «dowzahyň gapysam şeýle gorkunç däldir» diýdirýän fizika otagynyň gapysy abanyp durandyr. Enemiň «Sag aýagyň bilen gapydan girseň, işiň şowly bolýar» diýenini ýatlap, ilki-ilkiler fizika otagyna sag aýagym bilen girýädim. Iki-üç gezekden soň-a, sapak bilmeýän okuwça, fizika otagyna emedekläp girse-de şowlulygyň ýokdugyny bildim.
Jaň kakylar welin, geler ine, Anna mugallym «fizika algebraň doganydyr, bärde-de matematika badyr, hasap badyr» diýip. Özem şeýle bir talapkär, gaharjaň. Içiňden geçip gelýän gözlerem birki gije ýatman basyrganyp geçer ýaly etjek. Erbet ýerem sapagy bilýänden
14

soramaz. «Işiň aňsadyny ýalta tapar» diýlişi ýaly, okuwçyň gowşagynam Anna mugallym tapardy. Gözleýänem men ýaly «Maňa degjekden Hudaý saklasyn» diýip, dileg edip oturanlardyr.
Bir gezek sapakda öňündäki tejribe stola öz aýdyşy ýaly «elektirik geçirjili zynjyr» diýişdirip birtopar zat çykardy, iş edibem düzdi. Menem dürli-dümen satylýan bazardaky enjamlar ýaly eken-aý diýip, boýnumy süýndürip, geň galyp otyryn.
Öz aýdyşy ýaly «zynjyry» düzüşdirip bolan mugallym:
— Kim zynjyrda elektrik togunyň üýtgeşini görkezjek?! — diýdi. Yzda oturan ýerimden, elini galdyrar diýip çaklaýanjalarym «Men görkezjek mollum-da, men mollum!» bolşup, el galdyryp, gygyryp başladylar.
Mugallym welin, olara barmysyňyzam diýenokdy. Derrew aňdym, diýmek, bilmeýänlerden sorajak bolýar. Şol pursat gysgajyk bolsa-da ýaşanja ömrümde iň uly ýalňyşyma sebäp bolan bir pikir kelläme geldi duruberdi. Menem bilýänden bolup elimi galdyraýyn-da, sapaga jogap bermekden sypaýyn diýdim. Soňam özüm aşagyrak eglip, hamana, dünýäň bar agramy asylan ýaly galmasy kyn bolan elimi ýuwaşlyk bilen galdyrdym. Wah, şo gezek «Meni Hudaý tutdy» diýleni boldy. Öň etmedik töwekgelligiňi edip näme etjek, oturda gömül-de, toguň üýtgeýşini görkezip senden Amper boljakmy diýsene.
Anna mugallymyň:
— Altyýew el galdyrýa weli, ýa gözüme görünýämikä?.. Gel hany, gel Altyýew... — diýmesi, hamana biri gulagyma «gündeligiňde ýene bir ikilige ýer bardyr-a» diýip, pyşdyrdan ýaly bolup eşidildi.
Yzky partadan tejribe stola barýançam, iki gezek derläp, üç gezek sowadym öýdýän. Gaýtarmyş atadan başlap, gyssanjyma goýnuň piri Musa pygambere çenli kömege çagyrdym.
— Tüweleme Altyýew, gel hany... Sen bar-a, şu çynyňy etseň biljek okuwçy weli, özüň ýöne ýygralyk edýäň-dä.
«Ýygralyk näme işlesin diýsene mollum, men mekirlik etjek boldum. Wah, näbileýin şunça okuwçynyň içinden saýlap meni görjegiňi».
15

— Altyýew, hany toguň güýjüni nädip üýtgetmelidigini görkez...
«Wah, tejribe görkezip bilýän bolsam, men bu wagta çenli Galileý bolaýmajakmy». Durun agaç ýuwudan ýaly bolup. Mugallym özümden bilib-ä bir zatlar etmejegimi aňdy öýdýän:
— Altyýew, hany ilki togy bir birikdir-ä — diýdi.
Men gorka-gorka iki sany simi rozetka birikdirdim. Bagtyma minus-plýusy dogry gelipdir. Ullakanja çyrajyk dym-gyzyl bolup ýandy.
— Berekella, hany indi rezostat bilen tok güýjüni peselit.
«Rezostat diýeni şudurda Alla jan!» diýip, süýnmek zadyň çykyp duran nurbatjygyny süýşürip goýberdim. Bir-a «gümp» bolanyny, birem gulagymyň düýbüne «şarp» bolanyny bilýän. Peseltmän, gaýta güýçlendiren bolsam nätjek. Okuwa gelip eşitmedik käýinjim bilen, mekdep taryhynda adam ogluna goýlan däldir diýdirýän semiz, ullakan ikilik alyp, geçdim ýerime. Içimdenem ýetişibildigimden hüňürdeýän, ýene özümde günä goýamokda. «Fizikler eýle, fizikler beýle diýip öwenem bolýalar. Sähel zady ýalňyşsaň «gümp» boljak bolsa ondanam bir sapak bolarmy. Aslynda fizika diýilýän idili ylym bolsa, alymlary kellesine alma gaçsa dartyş güýjümi, nämemi, şony açdym diýip öwünip ýörmezdiler. Düşünjeli adam kelläňe alma gaçsa ilki bilen bagyň miwesiniň ýetişendigini aňmazmy».
Şeýdip, menem mekdebimizde «Fizika otagynda lampa ýaran okuwçy» ady bilen uludan-kiçä belli adam boldum. «Saman otla, at gazan» boldy meňkem.
Dogrusy bir zada anyk göz ýetirdim. Hiç haçan bilmeýän zadyňy bilýänden bolmaly däl ekeni. Şol pursat bolsun ýa-da soň bolsun barybir ýalanyň aýan bolýandygyna akyl ýetirmelidigine düşündim. Ilki basjak ýoluňa seretmeli ekeni. Hawa...


Allanur ÇARYÝEW “Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligi”
9 лайков 1 215 просмотров
38комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:21
Kitaplarymy pytradyp, enemiň gözegçiliginiň astynda, öý işlerime dümtünip otyryn. Gözüm kitapda bolsa-da, bar pikirim enemiň ýanynda myrlap ýatan pişigimiziň sapaga taýýarlanmak aladasynyň ýoklugy baradaky görübilmezçiligimiň daşynda. Enem jorap örüp oturşyna käte onuň arkasyny sypalaýar. Şeýdibem meniň pişigimize bolan basdaşlygyma hasam meçew berýär. Ahyryn saklanyp bilmän eneme habar gatdym:
— Ene, şu gün Aýna mollum, kitap okamaýan adamlaň beýleki adamlardan düşünjesi pesdir diýdi.
— Dogry aýdypdyr-da...
— Hym-m... ýöne, senem kitap okaňog-a ene...
Enem gözüni alartdy-da, ýanyndaky ýatan hasasyna elini
ýetirip, meniň sowalyma sessiz jogap berdi. Enemiň hasasyny elledigi: «Ýene bir gezek agzyňy açdygyň, bäriňden şu barar» diýdigidi. Hasany göreninden Meleje (Meleje — pişigimiziň ady. Şo hakda hem ýazarmykam diýýän öz-ä...) assyrynlyk bilen enemiň ýanyndan gaçmak bilen boldy. Sebäbi enem gahary gelen wagty pişigi bilen hasaly «gürleşýärdi». Elbetde, meni urşy ýaly gaty urmazdy, ýöne Meleje hasanyň ýerinden gozganmagynyň kän bir gowulyk bolmaýandygyndan ýeterlik habarlydy.
Ine, indi pişigem birahat boldy. Men bolsa tersine rahatlandym. Dogry-da walla, men-ä kitap okamaly olam ýatmalymy?!.
Karkara
27 фев 2023, 20:24
Bir iki ýyllygyň dowamynda iň köp satylýan kitaplaryň biri «Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligi».
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:27
Astronomiýadan sapak berýän Bilbil mugallyma:
— Başga planetada ýaşaýyş bamyka? — diýip sowal berdim. Mugallym:
— Altyýew, senem oturyp-oturyp bir zatlar tapaýýaň-da — diýip, närazy boldy. — Elbetde bar. Astronomlar ýaşaýyşyň alamaty bar bolan ýüzlerçe planetalary hasaba aldylar...

Ähli mugallymlardan ýuwaşlygy, şonuň üçinem özüňi gyzyklandyrýan islän sowalyňy berip bolýandygy üçin okuwçylar sapaga degişli bolmasa-da, Bilbil mugallyma ýerli-ýerden sowal berip başladylar.
— Mollum, onnoň ol adamlaň daş keşbi nähilikä?
— Daş keşbi barada-ha anyk maglumat ýok bolaýmasa...
— Şolaňam hersiniň öz ady bamyka?!
— Men näbileýin!
— Biziň planetamyza-da gelerlermikä?
— Gelmekleri ahmal...
— Mollum, birden şolar sizden bir okuwçyňyzy ber diýip
sorasa kimi berersiňiz?
Turan goha kellesini tutup oturan mugallym Orazyň bu içi
güjükli sowalynam jogapsyz goýmady:
— Ýanyňdaky Altyýewi berip goýbärdim?
Hemmeler berdiler pakyrdyny. Men ör-gökden geldim:
— Nämüçin meni, mollum?!
Başga planetalylar diýip okuwçylaryň peltesine ot degrenime
içi ýanyp duran mugallymyň jogaby nagt boldy:
— Bir samsygyň azalmagy synpymyz üçin uly ýitgi bolasy ýok... Eşidiler-eşidilmez edip hüňürdeýän:
— ...Ýöne olar samsygy berip goýberjekden has akylly bolaýmasa... — Näme... näme diýdiň?..
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:28
Karkara
Bir iki ýyllygyň dowamynda iň köp satylýan kitaplaryň biri «Ýetişiksiz okuwçynyň gündeligi».

Salam. 4-ne geçiriljek “Edebiýat agşamy”-na gatnaşýaňyzmy?
Гость
27 фев 2023, 20:28
Gowy kitaplaň biri
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:29
Гость
Gowy kitaplaň biri

Okadyňmy joram?
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:31
«Şu gün pylan mollum ýok, gaýdyberiň!» diýen habardan gowy täzelik barmyka?..
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:32
Agşam togumyz kesildi welin, hezil etdim. Öz ýanymdan ertir mugallymlara «Agşam çyra söndi, şoň üçin öý işimi işläp bilmedim» diýerin diýip begendim. Soňam «Biziň-ä çyramyz sönmedi.

Bahana etme!» diýmezleri ýaly, mugallymlaryňam togy kesilen bolawersin diýip dileg etdim.
** *
Esen: «Maňlaýyňy ýüz gezek dyrnasaň hindi bolýaň» diýdi. Ýöne hindi bolaňok ekeniň, sam’syk bolýan ekeniň. Maral mugallym şu gün Esen, Oraz üçimize şeý diýip gygyrdy.
Karkara
27 фев 2023, 20:32
Nirvana, entek belli däl. Siz gatnaşýaňyzmy?
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:35
Karkara
Nirvana, entek belli däl. Siz gatnaşýaňyzmy?

Gynansak-da, ÝOK. Gatnaşsaňyz bellikler alyň Çaryýewiň dilinden diýjekdim.
Karkara
27 фев 2023, 20:36
Nirvana
Nähili bellik?)
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:43
Karkara,
Kitaby barada pikirler…)
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:51
Meniň goşgy ýat tutjak boluşym şeýleräk:
— Eý, mek-de-bim... ja-na... jam... wiý, jan eken-ä... Eje-e-e, ajykdym men-ä.
— Häzir, azajyk garaş oglum — diýip, ejemiň sesi gelýär. Men ýene goşgyny gaýtalap ugraýan:
— Sa-ňa bolan.... söýgi-i-im kän... Pişşim-pişim, gel hany bäri?
Meleje öýe girişine maňa gözi düşýär-de, duran ýerinden yzyna aýlanyp, ok ýaly atylyp çykyp gidýär. Men kitaba seredip oturşyma, öýe berlen ýumşy «Goşgyny ýat tutuň» diýmän «Goşgyny labyzly okaň» diýipjik ýazaýmaly-da diýip ahmyr edýän. Azajyk oturýanda ýene goşgyny gaýtalap ugraýan:
— Eý, mekdebim jana-jan... Bäh...

Daşarda çagalaryň sesi gelýär.
— Eý, mekde... — Men kitaby ýapýanda, daşary ylgaýan: — Aý, bor-laý, yzyny ertir irden ýat tutaryn-da...
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:52
Men 45 minudyň käte 1 sagatdanam köp bolýandygy barada islendik
kişi bilen jedelleşip biljek. Hasam halamaýan sapaklaryň-da şeýle.

** *
Şu okuw diýilýän zat kime gerekkä? Mugallymlar:
— Maňa-a gerek däl şu okuw... Enem:
— Kökikesilen, seň şu okuwyň maňa geregi ýok. Okasaň oka, okamasaňam halanyňy et...
Ejem:
— Ýat tutjagyň çyn bolsa ýene bir gezek okap bereýin. Bolmasa şu okuwyň maňa gerek ýeri ýok.
Menem şeý diýýän:
— Maňa-da gerek däl... Bäh, onda kime gerekkä?..
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:54
Bilbil mugallym: «Maňa bir zady köp gaýtalatmaň...»;
Maral mugallym: «Hemişe gaýtalap ýörmeli...»;
Täjigözel mugallym: «Şo bir zady gaýtalap durma!..»
Aýna mugallym: «Gaýtalap-gaýtalap, men-ä totyguşa döndüm...»; Meret mugallym: «Düşünmedik bolsaňyz aýdyň! Men ýene bir
gezek gaýtalamagy kyn görüp duramok...» diýýärdi.
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:56
Mugallymlaryň hemmesi birmeňzeş pikirde. Olar mydama «Siziň parallel synpyňyz sizden has edepli» diýýärler.
Telwas
Автор 27 фев 2023, 20:56
Yzky partada oturmagyň hezildigini öňki partada oturýanlar bilýänem däldir. Ýogsa olar beýdip öňde oturýandyklaryna gomalyp ýörmezdiler.
** *
Mugallymlarda hemişe ätiýaçlyk ruçka bolýar. Haçanda «Ruçkamy galdyryp gelipdirin» diýip, ýazmajak bolup bahana edip ugraýaň welin, «Me, şuny al-da, ýazyp başla!» diýip çykaryp berýärler.
Ahmet
27 фев 2023, 21:01
Iki-üç gezekden soň-a, sapak bilmeýän okuwça, fizika otagyna emedekläp girse-de şowlulygyň ýokdugyny bildim.
)))
Telwas
Автор 27 фев 2023, 21:03
«Seň iň gowy görýän sapagyň haýsy?» diýip soranlarynda, men «Iň soňky sagatdaky sapak!» diýýän.
Telwas
Автор 27 фев 2023, 21:03
Synp otagy täsin bir ýer. Öňde oturýany yzky partada oturdyp, yzda oturýany öňde oturdyp, jeza berip bolýar.
Telwas
Автор 27 фев 2023, 21:05
Batyr mugallym gahary gelen wagty şeýle bir çalt-çaltdan gürleýärdi welin, aýdanlaryna düşünip ýetişmersiň.
— Wah, siziň okamagyňyz üçin nähili aladalar edilýändigini bir bilýäňizmi? Mollumlar siziň bolgusyz hereketiňizi görmek üçin däl-de, size iki-ikiň dört bolýandygyny öwretmek üçin bäş ýyl Aşgabatda okamaly bolýa... Mekdebe gelýäkäňiz aýagyňyza tiken çümmezligi üçin ene-atalaňňyz size köwüş satyn alyp berýäler. Daýhan birleşik bolsa, şojagaz köwüşleňňizi gum basmasyn diýip, mekdebiň ýoluny asfaltlady. Hökümet sizi hol tokaýdaky möjekleň iýmezligi üçin daşyňyza diwar aýlap, iki gat edip mekdep salyp berdi... Sapakda arkaýyn oturaryňyz ýaly birtopar agajy çapyp oturgyç, parta ýasadylar. Alymlar bolsa şu emelsizler peri syýa batyryp kösenmesinler diýip, içi şarikli ruçga oýlap tapdylar. Köne
döwürdäkiler deýin ikilikçileň taýaklanmazlygy üçin hökümet
113

siziň arkaňyzda durjak okuwçylaň hukugyny goramak hakynda kanun kabul etdi... Boş kelläňize agram düşmesin diýip, ho-ol Atda garawula, tas meň aýlygyma deňeçer pul berip, her kyrk bäş minutdan jaň kakdyrýalar... A siz şulara derek näme berdiňiz? Hä?!.
Men-dä beýle sowallara jogap ýokdy.
Telwas
Автор 27 фев 2023, 21:06
Kakam gündeligimdäki bahalary görüp, çaltlyk bilen daşyndaky adyny okady:
— Gündelig-ä özüňki ekeni weli, bahalar kimiňki?.. — Mollumlaňňky, kaka!
— Bäh, olar bu bäşlikleri ýalňyşyp goýdularmyka?! Ýylgyrýan:
— Ýo kaka, ýalňyşmanym üçin goýdular...
RelaX
27 фев 2023, 21:08
Nirvana,
Seni dünkide biri gözläp ýördi blog açyp...
Ahmet
27 фев 2023, 21:17
«Saman otla, at gazan» boldy meňkem.
Bu nakyl adatça Guýa sy*da at gazan diýip tanalýar dämi näme?
Ahmet
27 фев 2023, 21:24
Karkara,
Salam. Sizi tanamadym?
Karkara
27 фев 2023, 21:27
Nirvana,
Bolýa
Ahmet
27 фев 2023, 21:29
Rigel
Fizika bilen matematika asla fogan pogan dal. Fizika takyk dal tukeniksiz matematika takyk

Fizika takyk däl? Goýsaňyzlaň, iliň ýanynda bir aýdaýmaň ))) Takyk ylymlaryň hatarynda durýara olam )))
Pegas
28 фев 2023, 01:04
Allanuryň goşgulary köp esse gowy şu kitabyndan. Reklamasy özünden uly bolan eser.
Harmony
28 фев 2023, 01:28
Like Jeff Kinney's "Dairy of a wimpy kid"
(Типа "Дневник слабака" у Джеффа Кинни)
ýüreksözi
28 фев 2023, 09:27
Bu kitabyn pdf si barmyka