HAKYKY MUGALLYM DÖWLET HAZYNASYDYR!

1. Okuwçylarda hemişe aýawlylygy terbiýeläň. “Isrip-haram” nakylyna olaryň dowamly eýermegini gazanyň.

2. Mugallym täze adamy kalby bilen ýetişdirýär.

3. Mugallym uzak ýyllaryň dowamynda mährini çagalara paýlap ýörşüne, ahyry şol mähre özi hem mätäç bolup galýar.

4. Sapaklarda öwrediji oýunlardan peýdalanyň. Çaga tebigatyna golaýlygy üçin oýun arkaly öwredilýän temalar ýeňil özleşdirilýär.

5. Mugallym okuwçylaryny öz çagalaryny tanaýşy ýaly tanamalydyr.

6. Ene, ata, mugallym, okuwçy - dördüsi sazlaşykly hereket edenlerinde, diňe şu halatda öňde goýlan maksada ýetiler.

7. Jemgyýet mekdebiň ynjysy bilen ynjyly, derdi bilen dertli bolmalydyr.

8. Terbiýede hem durmuşda maýda mesele bolmaýar.

9. Mugallym okuwçysy bilen jedele girse, hemişe günäkär özüdir.

10. Hat ýazyşynda-da, geýnişinde-de, özüni alyp barşynda-da okuwçynyň mugallymyna meňzäsi gelýär.

11. Hakyky kollektiw birek-biregiň begenjiniň, hasratynyň paýlaşylýan ýeridir.

12. “Bar zady bilýän” diýýän mugallymdan, “Köp zady bilemok” diýýän mugallym ileridir.

13. “Pylanynyň mekdebi”, “Pylankesiň okuwçysy”, “Pylan mekdebiň uçurymy” düşünjeleri mugallymyň we mekdebiň hil nyşanydyr.

14. Mugallyma diňe partada oturanlar däl, eýsem, ulular-da mähir bilen “mugallym” diýip ýüzlenýärler.

15. Sapagy gurak geçýän mugallym öz sapagynda okuwçylaryň neneňsi ezýet çekýändiklerine diňe partanyň aňyrsyna geçip, özi ýaly mugallymyň sapagyna gatnaşanda göz ýetirip biler.

16. Sapak wagtynda mugallym öz şahsy hasratyny unutmalydyr.

17. Igenjeň mugallym okuwçyny irizer.

18. “Durmuşdan, döwürden yza galaýmaýyn” diýen ünji hakyky mugallyma ynjalyk bermeýän böwür sanjysydyr.

19. Mugallymyň baýlygyny maly däl-de, ruhy kesgitleýär. Ruhy taýdan iň baý adamlar mugallymlardyr.

20. Mugallym aň-bilimiň çeşmesidir.

21. Mugallym gerek ýerinde yza çekilmegi hem başarmalydyr.

22. Mugallym üçin okuwçysynyň ynamyndan gaçmakdan hatarly howp ýokdur.

23. Her bir okuwçynyň durmuşdaky ornuny tapmagynda mekdep esasy çelgi bolmalydyr.

24. Her sapak okuwçyny öňküsinden birneme bagtly etmelidir. Şol pursaty çagalaryň gözlerinden okaýan mugallym-da iň bagtly mugallymdyr.

25. Jemgyýet süýt bolsa, mugallym onuň gaýmagydyr. Gaýmagyň boldumlylygy bolsa süýdüň hiline baglydyr.
0 лайков 196 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Begenç
30 май 2021, 10:05
Bravo
ADRIFT
30 май 2021, 10:09
Co gvari
aymyrat
30 май 2021, 10:21
12.dogry