"Dogry bilinen ýalňyşlar"
1. Kitaplar bilen dost bolan adamlar akyllydyr (ýalňyş).
Köp kitap okamak ýa-da gaty zehinli bolmak, akmak, däli, psihopat ýa-da ganhor bolmaýandygyňyzy añladmaýar. Okamak bilen häsiýet aýry zat, akylly bolmak "etme" diýleni etmezlikdir, okamak maglumatdyr, bilmekdir, öwrenmekdir. Kişi zehinlidir ýöne bu zehini erbet zada ulanyp biler, ýa-da akmak ýaly görünip hereket edip biler. Mysal: Ted Bandy gaty zehinli, bilimli, hukugy tamamlan adam, ýöne dünýäniň iň meşhur ganhory.
2. Ýagşylyk etseň ýagşylyk alarsyň (ýalňyş).
Her-kime ýagşylyk edilmez, diňe ýakyn we mynasyp adamlara ediler, olarada mydama edilmez, wagtal-wagtal ediler, edeňde-de nädip edýändigiňi bildirmek gerek, "aý ola hemme zady edýär" diýdirmezlik üçin. Real dünýä gaty başga. Mydama ýagşylyk edip, ýagşy niyetde bolan akmakdyr, ak ýürekli däldir.
3. Bu bir gyz, ýer bereyin (ýalňyş).
Bir adama jynsyýeti sebäpli hormat goýulmaz, ynsan bolany üçin hormat goýular. Jynsyýete görä baha beren adam jahyldyr we jynsparazdyr. Bir nobatda 5 sagat garaşyp duran adam, bir gyz gelse ýerini bermez, maýyp we ýarawsyz bolsa ýerini berer (sebäbi durmaga mejaly ýokdur). Şeýle-de göwreli aýallara we garry adamlara ýer beriler, sebäbi çydap bilmezler. Her-hili mesele döremegi ahmal.
4. Ýüregiň arassa bolsa, ýitirseňem gazanýaň (ýalňyş).
Ýüregiň arassa bolmagy her ýerde geçirimlilik etmegi añladmaýar. Käbir özüçe has aýdyňlanan adamlar ýamanlyk edenede ýagşylyk etmegi ýa-da bagyşlamagy uly zat ýaly görkezip bilerler ýöne biz beýle däl, biz olar ýaly aýdyň däl ýa-da intek ol hezretleriniň derejesine ýetmedik, haksyzlyk bolanda başymyzy sallap oturmarys. Biri saňa gödeklik etse, haksyzlyk etse, hakyňy çeýnese ýa-da seniň durmuşyňa goşulsa muny hökman bildirmegiň gerek "seret sen meni şeýle edýäň" diýip bilmeli.
5. Çynyň bilen isleseň başararsyň (ýalňyş).
Bir zada yhlas etmek ýa-da alada etmek bilen ony gazanmak başartmaýar, isläniň ýetmez yhlasyňam ýetmez, hatda azap etmegiňem ýetmez. Belki başarmazlygyň ahmal, her-hili zat bolup biler. Meşhur millionlarça reper ba bolsa, azap edip bolup bilmedik trillionlarça reper bar. Biz diňe başaranlary eşitýäris we reperlik bilen meşhur bolmak mümkünçiliginiň nähili azdygyny bilmeýäris. Mediýa başarmadyklary görkezmez. Biraz real düşünmek we hemme mümkünçiligi gözden geçirmek gerek.
@Syrly_wakalar.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.