Dünýäniň iň ÝIGRENJI adamlary... Çydamak mümkin däl !

Ynsan diýeniň bir pozitiw hereketli bolmaly. Zyýansyz ähli zada hormat goýmaly we sylagy bilmeli. Ýöne käbir daşy adam sypatly mallaryň edýän hereketleri meniň nerwimi öldürýär. Bu ynsanlary diňe men däl, daş töweregindäki hemme kişi, hatda maşgalasam ýigrenýär. Indi kim bular ? Hemme zada göwni ýetmezçilik edip, diňe özüni öwüp başgalaryň aýybyny ýüzüne aýtýanlar. Umuman bularyň bilim tarapyndan subut edilen adam bar, EGOIZM.
Bu ynsanlar şeýle bir ýigrenji welin agzyny-burnuny gana bulasyň gelip gitýär käwagt.
Bir klasdaşym bardy, özi gyzdy. Her sözünde, gowy zat bolmagyna garamazdan diňe ezmek, hiç zada gowy baha bermän kiçi düşürmek häsýeti bardy. Bir zat agzalsa "waý nämesi gowy?", "waý goýaýda", ol hiç welin bir kişi agzalanda "waý omy?", "şo kirlimi?" we ş.m sözler bilen ýüzlenýärdi. Bir başga gyz klasdaşym özi barada bir zat gürläpdi, şonda "waý sen bir goýaýa sen şeýle zat edersiňmi?" diýdi, elbetde gülüşip geçilip gidildi, ýöne şol gyzyň ýigrenjiniň iň soňky derejesini gazandy öz garşysyna. Tutuş synp ýigrenýärdi, ýöne özüne köp bildirenoklardy. Ýigrenjiligiňem bir çägi bardyr, ýöne bu kişilerde ony görüp bolanok, şeýle bir ýigrenji ýürekbulanç welin sözlerinden ýaňa çykyp daşarda dem alyp özümize gelýäris. Edep terbiýäni birazajyk biläý köp däl, şonda-da hormatyň bir ynsan bilen gatnaşyk saklamagyň iň uly ýoludygyny bilersiň. Ýöne sizde hiç terbiýe we hormat goýmak ýok. Bak ynsan sypatly mal çaga, garşyňdaky bir YNSAN, duýgulary bar pikirleri bar.
Ynsanyň aýbyny ýüzüne aýtmak biraz gödegem bolsa peýdasy deger, ýöne iliň içinde aýbyny ýüzüne aýtmak ony kiçi düşürer. Hz. Alynyň aýdyşy ýaly "Iliň içinde biriniň aýbyny aýtmak ony masgaralamakdyr". Kişi gaty erbet ýagdaýa düşýär we garşysyndakyny ynjytmazlyk üçin dymmany saýlaýar, olam muny hasam erbet ýagdaýa düşürýär.
Ol akyla mätäç paranoýak bolsa hemme kişiniň içinde aýbyny, halamaýan zadyny arkaýyn aýtýar. Her zadyň öz ýeri we wagty bar. Umuman hemme häsýetlerini üýşürip jemläňde ynanylmaz bir ýigrenji harakter orta çykýar. Eý ýigrenji jahyl ynsan, biraz pozitiwlik barada, pespällilik barada maglumat edin. Diňe jahyl ynsanlar ders bermäne höweslidir.
Muny men prosta öz durmuşymdan mysal getirdim, gaty köp bular ýalylar aslynda. Hemme kişiniň içinde ego bar, ýöne munyň çenden çykmagy egoistlygy orta çykarýar. Egoist ynsanlaryň iň ýakynlaram belli bir wagtdan soň özüni goramak üçin bu ynsanlardan uzak durmagy saýlaýar. Bu ýagdaýam egoist kişileri gaty erbet ýalňyzlyga itýär we halanmaýan adam halyna getirýär.
Kişi gaty ejizem bolmaly däl gaty syçrap duranam bolmaly däl. Sebäbi gaty ejiz kişilerem şularyň bir görnüşi. Haýal gepläp hemme kişiň göwnünden turjak bolup... Netijede diňe ezip geçýärler. Şo sebäpli aralykda bolmak, biraz agressiw bolmak sylagyňyzy ýere düşürtmeýär.
Men hiç wagtam "Diňe ýagşylyk et, ýagşylyk etseň ýagşylyk alarsyň" we ş.m düşünjeleri goldamadym. Ýagşylyk et, ýöne çaky bil. Gaty hoşniýetli bolanyň, adamlara diňe ýagşylyk edeniň itçede görülmedigine köp gezek gabat geldik. Şo sebäpli hiç kime köp ýüz bermeli däl, biraz agras bolmaly.
Umuman bular ýaly ýigrenji ynsanlaryň üýşmeleňi bolan dünýäde biraz agras bolmak ätiýaçly bolmakdyr.
Sizde-de barmy şeýle adamlar ? Ýa sizde-de şeýle häsýetler barmy ?
7 лайков 353 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
11 ноя 2021, 21:05
Kime degişli indi bular?
Hanguly
Автор 11 ноя 2021, 21:08
Ogulşirin_Bayramowa,
Şolar ýaly häsýetlilere diýjek welin men muny imenno birine ýazamok umumy aýtýan
Ogulşirin Bayramowa
11 ноя 2021, 21:10
Wlad,
Hmm bolyala yokarky mowzugymda azajyk pozitiw bol diyip bärdede negatiwlik agzalypdyr maňa degişlidir öydüp gorkdymla)))
Hanguly
Автор 11 ноя 2021, 21:15
Ogulşirin_Bayramowa,
Negatiwlik biraz kem düşünmek bilen baglanşykly, özem arkaýyn boluň men hijem kakdyryp söz diýmeýärin. Diňe dogra dogry ýalana ýalan
Ogulşirin Bayramowa
11 ноя 2021, 21:17
Wlad,
Hmm ok)) ???
Maksat
11 ноя 2021, 21:17
Her ýerde bar olar yaly adamlar. Özünden ökdäni görýänçäler...
Shahrukh khan
11 ноя 2021, 21:23
Hic kimin aybyny acma menem senin aybyny acmaryn.

Allahutagallanyn kelamy
Hanguly
Автор 11 ноя 2021, 21:30
Hawwa özünden betere duşsalar dymmany saýlaýarlar olaram. Şerraýlygam sözde erbet zat ýaly görünsede biraz üste gidiji bolmagam gerek. Bolmasa adaty ynsanlardan tapawudyň bolmaýar we erbedi olardanam pese düşip bilýäň
Maksat
11 ноя 2021, 21:48
Цитата: Shahrukh khan
Hic kimin aybyny acma menem senin aybyny acmaryn.

Allahutagallanyn kelamy

Şu sözler maña degişli ýaly bolup gitdi.
Hanguly
Автор 11 ноя 2021, 21:54
Цитата: Bayker
Цитата: Shahrukh khan
Hic kimin aybyny acma menem senin aybyny acmaryn.

Allahutagallanyn kelamy

Şu sözler maña degişli ýaly bolup gitdi.

Näme üçin?
Maksat
11 ноя 2021, 21:55
Wlad,
Hökman şerraý bolmaly däl iki söz bilenem üstün çykyp bolýa gürlemänem üstün çykyp bolýa. Esasy senden erbet söz we hereket çykmajagyna ynandyrmak.
Shahrukh khan
11 ноя 2021, 21:55
Цитата: Bayker
Цитата: Shahrukh khan
Hic kimin aybyny acma menem senin aybyny acmaryn.

Allahutagallanyn kelamy

Şu sözler maña degişli ýaly bolup gitdi.


Sana yazmandym :) Tema teswir yazypdym
Hanguly
Автор 11 ноя 2021, 21:59
Bayker,
Dogry, ýöne käbir ýerde 2 sözüň özüňe 100 söz gelmegiňe sebäp bolup biler, şonuň üçin diýdimle. Eger çekeleşýän zadyň wajyp bolsa
Maksat
11 ноя 2021, 22:16
Shahrukh khan,
Degişdim smaylik goýmandyryn. Bärde şuwagt internedem pes haýal ýazyp bolýa birden ýitýä.
Maksat
11 ноя 2021, 22:19
Shahrukh khan,
Degişdim smaylik goýmandyryn. Bärde şuwagt internedem pes haýal ýazyp bolýa birden ýitýä.
Maksat
11 ноя 2021, 22:28
Цитата: Wlad
Bayker,
Dogry, ýöne käbir ýerde 2 sözüň özüňe 100 söz gelmegiňe sebäp bolup biler, şonuň üçin diýdimle. Eger çekeleşýän zadyň wajyp bolsa

Şoñ üçinem şol diýjek iki sözüñ ýerine düşjegini bilip diýmeli bolmasa sesiñi çykarma özleri düşüner ýalñyşýanyna. Hökman gürlemeli bolsa garşyñdaky adamyñ öz dilinde gürleşmeli meñ pikirim.
Aýnur
11 ноя 2021, 22:37
Hakyky zadey yuregimdakini aytdynyz 1 klasdas gyz bar bizinem klasda seyle. Wapse jynymyz alysmaya mena gurleman gezyan mana 1 zat diymese boldy diyip. Yone gerek bolsam hos soz aydyp dasymdan pyrlanya ertir onson yene sol hasiyeti. Kawagt seytseler mekdebe gidesim gelmeya
Darknesss
12 ноя 2021, 00:37
Цитата: Wlad
Ogulşirin_Bayramowa,
Şolar ýaly häsýetlilere diýjek welin men muny imenno birine ýazamok umumy aýtýan

Ozleri ozune ceker diyyanmi :)
ESSALAMUNALEÝKUM
12 ноя 2021, 07:43
Цитата: Mona Songz
Hakyky zadey yuregimdakini aytdynyz 1 klasdas gyz bar bizinem klasda seyle. Wapse jynymyz alysmaya mena gurleman gezyan mana 1 zat diymese boldy diyip. Yone gerek bolsam hos soz aydyp dasymdan pyrlanya ertir onson yene sol hasiyeti. Kawagt seytseler mekdebe gidesim gelmeya

şüküralhämdulilä biziň klasymyza onyň ýalak dä ýöne her ýerde ba işi düşse daşyňda pyrlawaç bolýanlar
Hanguly
Автор 12 ноя 2021, 21:12
Darknesss,
Heh :)