Bäş sagatlap garaşyp, nobatyny bir gyza aldyran oglan
Umuman bir düşünje bardyr, erkekler aýallara we başga kişilere diňe "şo" bolany üçin ýol we ýer bermeli her ýerde. Diýjek bolýanym şu, dursyň bir ýerde nobata, iki sagatlap garaşýaň we iň soňunda nobatyň ýetýär, barjak bolýaň welin bir aýal gelýär we diňe aýal bolany üçin nobatsyz girip gitýär, we ol ýene garaşýar ýarym sagat. Men hijem şu düşünjäni goldamadym.
Bir gezek dokument tabşyrmalydy ýokary okuw üçin, menem garaşyp duryn adamam köp. Paçti 5 sagat garaşandyryn, özümem işim bardy. Iň soňunda adam galmady diýip girjek boldum welin bir gyz geldi, dokument alýanlardan birem "gyz ol girsin" diýdi we ol gyz hiç geplemän derrew girip gitdi. Özem ýaňyrak gelipdi, we men ýene paçti ýarym sagat garaşdym. Aýtdymam "men has ir geldim" diýibem welin "gyza how ol" diýip dogry etdi özünüňkini.
Ilki bilen men ýada her kim bolsa bolsun, näme üçin ýer bermeli men şoňa ? Diňe gyz bolany üçinmi ? Tembol diskrinimasiýa isläňzok onda biraz iki tarapdanam seredeliň. Bolýar men köp garaşmadyk bolsam, işimem ýok bolsa onda "hä" diýerdim. Ýöne 11-den 4-e çenli garaşyp durşym, we onuň ýaňjak gelip syrtarypjyk girip gidişine kaýyl bolmagym mümkin däl.
Bular ýaly meselä köp gabat gelinýär. Awtobusda, nobatly ýerlerde ýada köp ýerde duş gelmek bolýar. Awtobusda hem munyň dogrudygyny pikir edemok. Bu diýýänim hemme kişi üçin däl. Meselem bir garry daýza gelendir, ýada ýaşuly biridir, senem ýaşlygyň üçin turarsyň ýer berersiň. Sebäbi sen ýaş, ol bolsa garry, aýakda durmana güýji ýok, oturmasa bolanok. Ýada göwreli bir aýaldyr, oturmasa her hili ýagdaý döräp biler. Olara ýer berersiň çünki dogry sebäpleri bardyr. Ýöne bir gyza ýada aýala näme üçin ýer bermeli ? Ýada özüňden ulyrak birine ? Durup bilýär, saglygy ýerinde, ýagdaýy tut ýaly, we men oňa ýer bermelimi ? Näme diýseňiz diýiň ýöne diňe gyz bolany üçin men oňa ýer berjek däl. Näme üçin bereýin oňa nobatymy ?
Umuman bu ýerde köp kişi ýalňyş düşünýär. Adamlaram gözüni iki garyş edip sereder, sebäbi toplum ol zatlary bilenok. Görüş şekilleri oňa ýetenok. Sebäbi sosial düşünje pes. Şonuň üçin adamlaryň bu meselede has duýgurçyl bolmaklaryny isleýärin. Nämemiş, biz erkekmişin, hiç zat görmän bilmän ýörenleriň meşhur goragçy sözem şu. Görgüli men ýaly aýdyp bilmän goýun ýaly bolup duranlaryň köp bolmagy gowy däl.
Tanyşyň bolsada ýer berersiň, ýöne diňe gyz, hem nätanyş hiç tanamaýan gyzyňa bermek ýalňyş. Berip bilersiň eger isleýän bolsaň, ol öz hakyň. Iň gowy görýän tankytçylarym hem şeýle düşünýär eken, we ýeke däldigim meni begendirdi.
Belki ulaldandyryn, ýöne men umumy aýtýan. Bu ýagdaý umumy bir mesele we gaýtalanyp dur, ynsanlaryň biraz dogry düşünmegini isleýärin, olaryň şu zatlardan habarly bolmagyny we görüşiniň pozitiw bir tarapdan bolmagyny isleýärin. Men bu ýerde hiç kimem günäkärlämok, dogry tarapdan sereden dogry düşüner. Gyzlaram şeýle düşünýändir diýip pikir edýän.
Bir aýaly diňe aýal bolany üçin söýmeli däl, sebäp bolmaly. Okuwy bardyr, edeplidir, akyllydyr, suratkeşdir, pilotdyr, başarjaňdyr ýagny bir sebäp gerek. Ýöne käbir erkekler diňe aýal bolany üçin gowy görýär ynanyp bilemok, onuň nähilidigi, näme iş bilen meşgullanýany, gowumy erbetmi, kimler bilen gatnaşýar kimleri diňleýär, nämeleri gowy görüp nämeleri ýigrenýär ol zatlar bilen hiç işi ýok. Diňe aýal, boldy. Bagyşlaň welin bular ýaly erkekler bir aýala ýazan gowy sms-ini 100 aýala ýazýan erkeklerden.
Diýjek bolýanym bu her ýerde-de şeýle bolmaly, diňe aýal bolany üçin ýer bermeli däl.

19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.