Gyzlar islänini edip bilmezmi ?

Kitapçy saýdynda bir mowzuga duş geldim. Mowzugyň ady "jemgyýetçilik tankydy". Haýran galyp okasam gyzlardan başga zady agzamandyrlar. Aslynda bu zehin, jemgyýetçiligi diňe gyz bilen baglanyşdyrýar.
Paýlaşan @Jekparro, ýagny maňa zenanlara sögýäň diýen bir kişi. Görýän welin bu adam gyzlary köp alada etýär. Mowzukda şeýle bir söz bar "Orta bilim berip goýberen gyzlar görünmesiz ýerde görünýärler". Indi ilki bilen saňa näme ? Saňa galypdyrmy bir gyzyň nirede görünip görünmejegi ? Eder-eder özüne eder. Elbetde tankytlamaly, ýöne ýazgynyň yzy asyl niýeti orta çykarýar. Mowzukda "jel*p" sözi hem geçýär. Maňa "plan" diýýäň diýen erkek, hemme gyzy bir hasaplan ýazgyny goldaýar, içinde meniň diýenimden beter sözler bolmagyna garamazdan. Soňam "näme üçin gül ýaly gyzlar şeýle ýola düşýär" diýilipdir, gül ýaly gyz beýle ýola düşmez, düşsede gül ýaly däldir. Gül ýaly ençeme gyz bar sen arkaýyn bol. Bir wakany gürrüň beripdir, wakada bir gyz mata üçin oglan bilen ýatýar, soňam ol işe uýasynam goşýar. Meni gaharlandyran ýerem munyň üçin diňe gyzy günäkärläpdirler "sen gyz ahyryn" diýip. Elbetde gyzam günäkär, ýöne "asyl günä gyzda bolsada, erkegem günäli" diýip bilmändirler. Diňe gyz günäli.
Bu ýazgyny paýlaşanam şeýle düşünjededir, we iň erbedem bu kişi maňa gyzlar meselesinde akyl berýär. Men diňe jynsyýeti gyz bolanlygynyň arkasyna gizlenip edenini etýänlere hormat goýamok, olary ynsanam hasap edemok. A tutuş gyzlary masgaralaýan bu temany bolsa, hiç kim duýdurmasada men duýdurýan. Men niýeti ak bolan gyzlary goldaýan. Hemme gyzlar bir däl, we hemme oglanlaram bir däl. Jynsyýet meselesi däl, şahsyýet meselesi bu. Esasy maksat, adam bolsun. "Ulugyz, bahaňy bil" diýen bolup duýduryşam geçen bolupdyrlar. Seniň bahaň hemme gyzlary masgaralap uly tema etmegiňdemi ? Seniň  erkekligiňem şeýle gyzlary tankytlap, bir görseň şolar ýalylara pul berýänligiň bilen ölçälimi ? Eger beýle däl bolsa 1992-nji ýylyň ýazgysyny, we şeýle gyzlary näme üçin beýle serýozna aldyň, we iň erbedem munyň nämesi jemgyýetçilik tankydy, hany düşündir maňa.
16 лайков 524 просмотров
48комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mona Lisa
26 фев 2022, 15:52
Wlad soňky döwur kop yrsyrap ýörsuňiz)
Mona Lisa
26 фев 2022, 15:53
Dogry aýtýaňyz, hemme gyz bir däl, bu şahsyýet meselesi, jynsyýet meselesi däl... brawo
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 15:53
Mona Lisa,
Yrsaramokla, prosta gaty ýalňyş düşünjedä.
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 15:54
Цитата: Mona Lisa
Dogry aýtýaňyz, hemme gyz bir däl, bu şahsyýet meselesi, jynsyýet meselesi däl... brawo

Şoňa düşünenoklar, oglan günäli diýmändirler hijem aýdylan wakada.
Belki
26 фев 2022, 15:55
Wlad,üns beren bolsañyz,şol saýtda mowzugyñ aşajygynda teswir ýazylýanja ýeri bardyr.
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 15:56
Belki,
Düşünmedim ?
Belki
26 фев 2022, 16:05
Mowzugyñ aşagynda teswir ýazylýan ýeri bar diýýän.Şo ýere pikriñizi ýazyp gaýdybermeli ekeniñiz-dä bärde mowzuk edip meseläni ulaldyp oturman.
Galyberse-de şol mowzukda @Mango agza-da @Hyýalkeş agza-da günäni diñe gyzda görmeli däldigini aýdypdyr.Aýdýan pikriñizem-ä täzelik däl.
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 16:06
Belki,
Men islän ýerimde paýlaşjak. Ilki bilen mowzugyň täzelik ýada könelikdigi nämäni aňlatýar ? Diýen zadyňda näme many bar ? Ýazypdyrlar, menem ýazjak, saňa näme ?
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 16:06
Belki,
Goşulma, maňa yrsarama haýyş.
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 16:12
Kerim Gurbannepesiň goşgulara atam döwrüniň eserleri, onda nämä paýlaşýaňyz ? Bulam bir ýazgydyrda. Diýýän zadyňa düşünýäňmi şuwagt @Belki ?
Belki
26 фев 2022, 16:16
Mowzuk edip açañsoñ pikrimi aýtmaly bolaryn-a,wiý :)
Men mowzugyñ täzelikdigi hakda aýdamok.Teswiriñ täzelik däl diýýän.Şo saýtdaky iki agza aýdypdyr señ pikriñi diýýän.Teswirleri gowja oka şo saýta bar-da.Ýa eýýäm okap gerejigiñi edinip gaýtdyñmy? :)
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 16:17
Belki,
Aýdanlarynda näme ? Bu meniň aýdyp bilmejekdigimi aňlatýarmy eýsem ? Hem diýenleriň tema bilen baglanşygy ýok. Menem aýtýan, Kerim agaň goşgulary gaty irki, olarama paýlaşýaňyz, isle teswir bolsun isle goşgy.
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 16:18
".Ýa eýýäm okap gerejigiñi edinip gaýtdyñmy? :)"

Şeýdip degişmegiň yrsaramak üçin gelendigiňi görkezýär. Temadan çykma, şahsy manysyzlygyňy başga ýere pürk, gaýrat et temany bulama.
Nurana
26 фев 2022, 16:18
Dar dusunjeliler dine ozgeden guna gozlar men pikirimce. Jeksparro agzanyn bolusyny menem halamadym
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 16:20
Ýene aýtýan, maňa yrsarama, men seniň degişen bolup kelläň ugruna ýazyp göyberjekleriň biri däl, ýene aýtýan yrsarama, haýyş etýän.
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 16:21
Цитата: Nurana03
Dar dusunjeliler dine ozgeden guna gozlar men pikirimce. Jeksparro agzanyn bolusyny menem halamadym

Dar düşünjelilere janykýanamda men, aslynda ýüzem bermeli däl welin...
Nurana
26 фев 2022, 16:21
Wlad,
Mana degisli mi yrsarama diyeniniz?
Belki
26 фев 2022, 16:22
Men haçan Kerim agañ goşgularyny paýlaşypdyryn?
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 16:23
Belki,
Şeýledir.
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 16:23
Nurana03,
Ýokla, hi bir saňa beý diýerinmi.
Nurana
26 фев 2022, 16:23
Wlad,
Boshver. Beydip hemme zady alada edip gezseniz dine ozunize zyyany gaytam kellan agyranyna degmez. Onyaly adamlara dine bor diymeli sonda utaymasañ
ýüreksözi
26 фев 2022, 16:35
şu gezegä menem goşulýan agam
Ötegçi
26 фев 2022, 16:36
Kitapçyñ admininde bir birine çapraz gelyan iki pikire gabat geldim wln... agza bolup bilmamsoñ borla diydim... talyplar yaly daşyndan okap oñmaly onam
ýüreksözi
26 фев 2022, 16:38
Ötegçi,
halamaýanaý şol saýtyň adminini gaty beter akyllysyraýa
Bahara
26 фев 2022, 16:38
Zenan maşgala näzikdir. Nesillerin dowamatyna sebapkärdir.
ýüreksözi
26 фев 2022, 16:39
Bahar_Seyimowa,
şoňa düşünmeýänler barda gynansagam
Ötegçi
26 фев 2022, 16:44
Цитата: ýüreksözi
Ötegçi,
halamaýanaý şol saýtyň adminini gaty beter akyllysyraýa


Men ony tanamok. Ýöne kyn ýagdaý bolupdy özi. Name meseledigi anyk ýadymda däl. Teswir yazyp ugradyp bilmedimmi name boldy bilemok. Negatiw tasir galypdy. Ýone her kimiñem öz melleginde öz hökmuni yoredesi gelmegi tebigy ýagdaý. Iliñ mellegine geçmeseler bolarda
Mechta
26 фев 2022, 16:45
Hakyky hemme gyzy bir ayakdan tutmaly dal,hazir birazyny gurletsen su internede giryan gyzlarada plan plan diyerler.Elbetde plansam bardyr yone bary beyle dal.
Ogulşirin Bayramowa
26 фев 2022, 16:46
Bu düşünjeleri üýtgetmek üçin "zenan ejedir, güldir, mähribandyr" diymek yeterlik bolanok, bu bozuk düşünjäni düzeltmek, zenan duşmanlaryny yok etmek we zenanyň köpçülükleyin yerini täzeden bellemek gerek.

O.B-10.11.2021ý
Mechta
26 фев 2022, 16:47
Yone temany okap goremok son un uly zat dp biljek dal