Gyzlar islänini edip bilmezmi ?

Kitapçy saýdynda bir mowzuga duş geldim. Mowzugyň ady "jemgyýetçilik tankydy". Haýran galyp okasam gyzlardan başga zady agzamandyrlar. Aslynda bu zehin, jemgyýetçiligi diňe gyz bilen baglanyşdyrýar.
Paýlaşan @Jekparro, ýagny maňa zenanlara sögýäň diýen bir kişi. Görýän welin bu adam gyzlary köp alada etýär. Mowzukda şeýle bir söz bar "Orta bilim berip goýberen gyzlar görünmesiz ýerde görünýärler". Indi ilki bilen saňa näme ? Saňa galypdyrmy bir gyzyň nirede görünip görünmejegi ? Eder-eder özüne eder. Elbetde tankytlamaly, ýöne ýazgynyň yzy asyl niýeti orta çykarýar. Mowzukda "jel*p" sözi hem geçýär. Maňa "plan" diýýäň diýen erkek, hemme gyzy bir hasaplan ýazgyny goldaýar, içinde meniň diýenimden beter sözler bolmagyna garamazdan. Soňam "näme üçin gül ýaly gyzlar şeýle ýola düşýär" diýilipdir, gül ýaly gyz beýle ýola düşmez, düşsede gül ýaly däldir. Gül ýaly ençeme gyz bar sen arkaýyn bol. Bir wakany gürrüň beripdir, wakada bir gyz mata üçin oglan bilen ýatýar, soňam ol işe uýasynam goşýar. Meni gaharlandyran ýerem munyň üçin diňe gyzy günäkärläpdirler "sen gyz ahyryn" diýip. Elbetde gyzam günäkär, ýöne "asyl günä gyzda bolsada, erkegem günäli" diýip bilmändirler. Diňe gyz günäli.
Bu ýazgyny paýlaşanam şeýle düşünjededir, we iň erbedem bu kişi maňa gyzlar meselesinde akyl berýär. Men diňe jynsyýeti gyz bolanlygynyň arkasyna gizlenip edenini etýänlere hormat goýamok, olary ynsanam hasap edemok. A tutuş gyzlary masgaralaýan bu temany bolsa, hiç kim duýdurmasada men duýdurýan. Men niýeti ak bolan gyzlary goldaýan. Hemme gyzlar bir däl, we hemme oglanlaram bir däl. Jynsyýet meselesi däl, şahsyýet meselesi bu. Esasy maksat, adam bolsun. "Ulugyz, bahaňy bil" diýen bolup duýduryşam geçen bolupdyrlar. Seniň bahaň hemme gyzlary masgaralap uly tema etmegiňdemi ? Seniň  erkekligiňem şeýle gyzlary tankytlap, bir görseň şolar ýalylara pul berýänligiň bilen ölçälimi ? Eger beýle däl bolsa 1992-nji ýylyň ýazgysyny, we şeýle gyzlary näme üçin beýle serýozna aldyň, we iň erbedem munyň nämesi jemgyýetçilik tankydy, hany düşündir maňa.
16 лайков 524 просмотров
48комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ýüreksözi
26 фев 2022, 16:49
Ötegçi,
gaty öte geçýalaý menem awtordym şol saýtda welin dünýäň zameçaniýasyny edipdi özüni akylly ýalňyşmaýan adam hasap edýä
Ötegçi
26 фев 2022, 16:49
Цитата: Ogulşirin_Bayramowa
Bu düşünjeleri üýtgetmek üçin "zenan ejedir, güldir, mähribandyr" diymek yeterlik bolanok, bu bozuk düşünjäni düzeltmek, zenan duşmanlaryny yok etmek we zenanyň köpçülükleyin yerini täzeden bellemek gerek.

O.B-10.11.2021ý


zenan duşmanlary diýerlik zat ýokmyka diyyan hazir... men-ä zenanlara umymy duşmanćylyk edip yorenleri göremmok Şirin-şeker gyz)
ýüreksözi
26 фев 2022, 16:52
Ötegçi,
bolup biler
Ogulşirin Bayramowa
26 фев 2022, 16:54
Ötegçi,
Men görýän. Zenan duşmanlaryny))
Bägül
26 фев 2022, 16:57
Цитата: felicita
Hakyky hemme gyzy bir ayakdan tutmaly dal,hazir birazyny gurletsen su internede giryan gyzlarada plan plan diyerler.Elbetde plansam bardyr yone bary beyle dal.

İne şu gaty dogry. İnternet ulansaňam erbet gyz hasap edýärler. Ýa biri bir erbet hereket etse, hemme gyz şeýle diýip pikir edýärler..
Ysmayyl
26 фев 2022, 16:59
Suri agsaksyz bolmaz diyilyar...
We yene bir zat gyzyñ ozune bagly.
Oñler patyşalar hanlar gyzlaryny sandykda gizlap saklasalaram gyzlar etjegini edipdir)))))
Bägül
26 фев 2022, 16:59
Ötegçi,
Agza bolmak kyn dälä ol saýta. Maňa adminiň özi aýdypdy, öwredipdi geçen ýyl.
Ali
26 фев 2022, 17:34
Heleyin jelebini kop gordum yone erkeginka dushmandym bar eken erkeklerinem jelebi. Jelep heleyler yaly yurege bagra dushdunay
Mona Lisa
26 фев 2022, 17:36
Näme üçin internede girýän gyzlary erbet görýärlerkä? Internetdäki gyzlaryň hemmesem erbet däl-ä? Realda ondan öturen gyzlar kop ýöne internede girenok.
Enegul
26 фев 2022, 17:42
Uffffff
Bägül
26 фев 2022, 17:42
Mona Lisa,
Hawa. Käbir adamlaryň düşünjesi-dä..
Enegul
26 фев 2022, 17:43
Bizar boldymay gyzdan oglandan oydede internetdede
seyis
26 фев 2022, 17:47
Цитата: Enegul
Bizar boldymay gyzdan oglandan oydede internetdede

Buda gecher??
Enegul
26 фев 2022, 18:06
seyis,
Amin
Ali
26 фев 2022, 18:21
Sen Jeksparro sana name islanini eder diyshin yaly Jeksparroda islanini yazar sana name?
Hanguly
Автор 26 фев 2022, 19:13
Awram Grant,
Indi mizzikleseň goşa kelläňe pitiklärin, akyllyja bol.
Ali
26 фев 2022, 20:39
Tohumynda barmy olar yaly yurekli. Yazyshyndan belli 100% yakyjydygyn. Gel meni ur gel mana sow diyyan yaly teswirlerin garshyndakyny kemsidip. Yone seni hic kim urmaz bu hasiyetin bn iru gic Huday urar yone
- Dani
27 фев 2022, 09:56
Цитата: Awram Grant
Tohumynda barmy olar yaly yurekli. Yazyshyndan belli 100% yakyjydygyn. Gel meni ur gel mana sow diyyan yaly teswirlerin garshyndakyny kemsidip. Yone seni hic kim urmaz bu hasiyetin bn iru gic Huday urar yone

Uffff gidayda şutaydan?