AKYL BARLAGY

«Adam bedeni bir elektrohimikat ulgamdyr we indi
şu ulgama täsir etjek mehanizm öndürilendir.
Şu mehanizm adamlaryň beýnisindäki elektromagnit tolkunlaryň
adaty gidişini bölüp biler we
şu ýol bilen adamlaryň özüni alyp barmalaryny üýtgedip biler.
Belli bir wagt içinde adam biýorobot derejesine­de düşürip bilner».
«Mikroway News» jurnaly, Luis Slizen

BEÝNI­KÖP UGURLY BIR GÖZEGÇILIK MERKEZIDIR
Beýni ähli beden ulgamlaryny dolandyrýarka şu ulgamlar arasynda iş
birligini hem üpjün edýändir. Bäş duýgy organymyz bilen duýulýan her bir
zady kesgitli bir beýni hereketi meýdana getirer. Ähli akyla degişli hereketler,
özüňi alyp barmalar, garaýyşlar, duýgular, pikirlenmeler, hereketler we ähli
hassalyklar özüne mahsus tolkun boýuna we ýygylyga eýedir. Aýdylan her söz,
akyldan geçen her düşünje, görülen her zat beýnide öz ýygylyk tolkunyny
şekillendirýändir.
Adam organizmi elektrohimiki bir biýologiki ulgamdyr. Newron hereketi
hem elektrohimiki bir häsiýet göterýär. Newronlaryň elektrohimiki aktiwligi
netijesinde elektromagnit tolkunlar dörär. Beýni hereketler şu elektromagnit
tolkunlaryň ýygylygyna garaşlylykda amala aşýandyr. Şeýlelikde beýni
hereketini tapawutly ýollar bilen daşarydan üýtgetmek mümkindir. Şu ýollaryň
iň täsirlileri şulardyr:
Ses çeşmesinden gelen ses frekanslary bile beýniniň öndüren elektromagnit
tolkunlarynyň rezonans täsirleşmesi. (binewral işjeňlik ýaly).
Psihikoterapik maddalaryň beýniniň gurluşyny üýtgetmegi. Mysal üçin
sintetiki aromatlar, aspartam, titaniýum dioksit ýaly iýmite goşulýan
maddalar, kofein, alkogol, ISD, marihuana ýaly narkotikalar, gormon,
witamin, newromediator, stimulan, depressiýa garşy ýaly lukmançylyk
dermanlar, benzin, toluen, ksilen ýaly himikatlar we şm...
Daşky elektromagnit tolkunlaryň beýni elektromagnit tolkunlaryna täsir
etmegi.
Ses bilen akyl barlagynyň ýönekeý ýollary
Narkoz, huşuňy ýitirme, agyry ýa­da gorky derrew, binewral hereket
we gipnozda beýni, ähli tolkunlara gözegçiliksiz görnüşde açyk
ýagdaýdadyr. Umumy narkoz wagtynda huşuňy ýitirme, agyry we gorky şol
bir pursatda bolup geçýär. Şu sebäp bilen beýni ugrukdyrmagyň iň ýönekeý
şekli operasiýa wagtynda beýnä ýerleşen programmalardyr (gaýtalamalardyr).
Şu wagtda aýdylan her söz öwüt görnüşinde bilner we beýnä ýerleşip
kompýuter wirusy ýaly işleýändir. Şu wiruslaryň sany we häsiýeti operasiýa
otagynda bar bolanlaryň ahlagy, gepleşmeleri we gepleşen meselelerine
baglydyr.
Gipnozçy, şaman we ekstraseansleriň hereketlerini analiz üçin gurlan bilim
merkezlerinde şamanyň ulanýan dawul sesiniň tolkunlary bilen sesi eşiden
kişiniň beýni tolkunlarynyň sinhronlygy (ýagny bir dürli gipnoz amala
aşdygy) we şu wagtda beýnä islenilýän gaýtalamalaryň ýerleşýändigi
bilinipdir. Şu waka «newrolinguistik programmalama», «psihotronik täsir» ýa-
da «Parapsihologiki programmalama» görnüşde atlandyrylýar.
Newrolinguistik programmalama metodlarynyň iň giňişleýin mysallaryny,
islendik bir önüm üçin distribýutor ýetişdirme merkezlerinde, reklamalarda, filmlerde, telewizor programmalarynda we rep sazynda görmek mümkindir.
1 лайков 90 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.