Çydamlylyk?

Kimdigine garamazdan, adamlaryň ynançlaryny, özüni alyp barşyny, tagamlaryny we geýimlerini bolşy ýaly kabul etmek we düşünişmek çydamlylygy aňladýar.Ähli adamlaryň ýaşaýyş durmuşyna, biziň ynanjymyza degişlidigine ýa-da ýokdugyna, biziň ýaly geýinýändiklerine ýa-da geýmeýändiklerine, biziň ýaly pikir edýändiklerine ýa-da etmeÿändiklerine düşünmelidiris we geň bolmagyň ýerine olary kabul etmeli. Her bir adam bu dünýäde öz ýoluny kesgitleýär we isleýşi ýaly ýaşap biler. Özlerini alyp barşlary ýa-da ynançlary sebäpli adamlary tankytlamak we olara zyýan berjek sözler aýtmak, esasanam bize hiç hili zyýan bermesede, gaty ýalňyş. Islän zadyny pikir edip, islän zadyny geýip ýa-da islän zadyny iýip biler. Biziň etmeli zadymyz, olary bolşy ýaly kabul etmek we olara çydamlylyk bilen çemeleşmek.Adamlary daşlaşdyrmak ýa-da aýyrmak biziň ýerimiz däl. Her bir adam ýalňyşyp biler. Ÿalňyşlyk goýberenleri bagyşlamak, olary dogry ýola gönükdirmek we olara çydam etmek beýiklikdir.
3 лайков 126 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
07 апр 2023, 12:37
Beýik bolmak aňsat ekenä. Prosta çydaýmaly
Автор 07 апр 2023, 13:53
Гость,
Hawa