???



SERHOŞ

Seň toýuňda serhoş boldum,
Içdim ömür içmeýänim.
Seni menden alan dünýäň
Günäsini geçmeýärin.

Dodaklaşdym bulgur bilen,
Häzir bi:liň guçmaýaryn.
Zyna etdim paýyş bilen,
Günämi öt, haýyş, gülüm!

Meň bognum ysmady asla
Seň toýuňda gamlanmaga.
Ýöne, nämüçindir, asman
Men bolup aglady şo gün.

Urulan söýgiň teninde
Gök-nil boldum gamdan galan.
Pulum sowdum,
Söýgim sowdum,
Sowdum eşiklerme çenli.
Şatlygymy gama satdym,
Ak bagtymy saňa satdym,
Gymmat düşdi maňa söýgiň
Çyrpynyp duran hasraty.
Begen!
Içi görünse-de,
Sen fataly, men ýalaňaç.
Maňa eşik boldy diňe
Ýalaňaç baglaň ýapragy.

Ýandym.
Maňa çoýundylar,
Duýmadylar, gussalydym.
Iş bitensoň suw guýdular,
Tüsseledim, tüsseledim.
Çilim deý tüssäň duýgusy
Üstesine üstümedir.

Seň toýuňda serhoş boldum,
Içdim ömür içmeýänim.
Seni bagyşladym, emma
Etegňe ýapyşan dünýäň
Günäsin hiç geçmeýärin.


Eziz AMANNAZAROW
12 лайков 270 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aksary
28 мар 2023, 19:01
Hakykatdanam gowy yazyar
Pegas
28 мар 2023, 19:08
Meň boýnum ysmady asla

“bognum ysmady” bolmaly. Eziz neresse dile üns bermeýärdi käte. Dyňzap gelýän duýgular taraşlamaga-da goýmaýan bolarly...
W. P
28 мар 2023, 19:58
Ýetireniňe sag bol!
Öwreniji
28 мар 2023, 20:21
Gowy ýazypdyr
Yusupahmet93
28 мар 2023, 22:38
Boýnum~bognum. Bu şahyryň goýberen hatasy däl~de tehniki ýalňyşlyk bolsa gerek. Şygyr sünnälenip ýazylypdyr.
Öwreniji
28 мар 2023, 23:44
Bognum bu ýöne boýnum sözi däl, boýnumy burup barmaga bognum ysmady... Bogun dürli görnüşde göçme manylary bar, Bognum - aýagyñ dyzlary, eliñ, bogunlary, (tirsek, barmak bogunlary) ol gedaýcylyk edip el sermäge eliniñ bogunlary ysmady... Edebi dilde dogry hasaplanýamyka diýýän. Elbetde goýmaly belgini öz okaýşy boýunça goýandyr. Menem şol otur nokatlara doly dogry düzüw goýmagy bilemok.