GUTLAÝAN!

Salam, gadyrly tagamdaş, duýgudaş, dünýädeş...
Seniň bilen tanyşanymdan bäri özümi şol bir deňizde birmeňzeş gämilerde ýüzýän ýaly duýýan.

Gözümiň dilinden aňlaýan, gämileriň portlary ýaly wagtal-wagtal durjagym, kalbymdaky dertli ýükümi düşürjegim, gursagymdaky tolkunlar gutarýança garaşjak, köşeşdirjek. Soň bolsa meni açyk deňizlere goýberip, yzyma ýene gaýdyp geljek günüme umyt we höwes bilen garaşjak, käte-de garaşmagyň ýerine, öňünde şemalam bolsa, maňa tarap ýelkenini açjakdygyna ynanýan duýgudaşym, bu gün seniň bu dünýäniň mylaýym howasyndan dem alýanyňa 31 ýyl bolýar. Men bu gün seniň täze ýaşyň, diňe bu günüň däl, eýsem mundan soňky durmuşyň, ýaşaýşyň üçinem aýdasym gelýän kalbymdaky gözel arzuwlarym, men saňa gije-gündiz daglar ýaly uzynlykda hat ýazsamam, içimdäki saňa bolan minnetdarlyk duýgusyndan ejiz geler. Ýagny, ýüregimdäki sözler beýan edip bilmejegim derejede duýgulardan, arzuwlardan ybarat. Seniň ömür kitabyň mukaddes söýgi, tämiz we arassa duýgulardan ýazylan. Men ol kitaby diňe bir okamak däl, batly ses bilen daşymdan okamak isleýän. Çünki sesimi eşiden üçin yşk bolsun diýip. :)

Aramyzdaky dostlugyň “bir bar eken, bir ýok eken” bolmazlygy üçin içimdäki dostluk agajyny seniň bakjaňa dikmek we şol ýerde miwelemegini isleýän.

Gussa, şatlyk şowhunymy
Paýlaşaryn seniň bilen.
Gadyrly Sapa Hommadow,
Duýgudaş bol meniň bilen! :))

“Söz uçar, ýazgy galar” diýlişi ýaly, meniň ýönekeýje bu setirlerim saňa ýadygär galsyn. Durmuşyňda alyp, lezzetini duýup biljek iň uly sowgadyň süýjülikde, ýagşylykda ýatlanmak bolsun! Her gyşyň bir bahary, her gijäniň bir säheri bolup ýaşa! Goý, durmuş saňa ullakan, soňsuz bagt, wepaly söwer ýar eçilsin! Doglan günüň gutly bolsun!

Ýeri, saňa näme arzuw etsemkäm?!
Bagtdan paýyň bolup dursun hemişe.
Bolmawersin bu durmuşda gussaň kän,
Güler yüzüň gülüp dursun hemişe.

Owadan bolmagam iň uly bagt,
Seň görküňe täsir wagt,
Bir gün ykbalyňa ýar boljak gözel
Çyn söýgiňi bilip dursun hemişe.

Ömre bezeg berjek ýyllar alnyňda,
Beýik-beýik, gowy günler alnyňda,
Gujak-gujak, elwan güller alnyňda
Bolup dursun, bolup dursun hemişe.

“Sen — barlykda gazanan baş ýeňişim.”

Seňem bilşiň ýaly, goşgy ýazmaga ukybym ýok bolany sebäpli barja ukybym, ylhamym şu bendiňe jogap hökmünde aşakdaky setirleri ýazmaga ýetdi. :))

Bu gün görýän bagt uçgunly gözleriň,
Şirin-şeker, bal garylan dilleriň,
Goşgy ýazýan dert görmesin elleriň,
Elmydam şatlykdan gülsün ýüzleriň.
Sen — meniň sözlenmeýän sözlerim!




13 лайков 736 просмотров
29комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mechta
30 мар 2023, 04:29
Uzak ve manyly omri yasasyn
W. P
30 мар 2023, 06:46
Gutlyş, Sapa :)
Karkara
30 мар 2023, 06:55
Uzak ýaşa!
Massimus
30 мар 2023, 07:23
Doglan günüň gutly bolsun!
Aksary
30 мар 2023, 08:12
Ömrüñ bolsun Sapa.

Elmydam şatlykdan gülsün ÝÜZLERIÑ.

Sapa ikiýüzli däldirä Nirwana ýüzleriñ diyipsiñ weli :)
Öwreniji
30 мар 2023, 08:45
Indiki ýyl bu mahala gelniñ bilen bellemek miýesser etsin
Soho
30 мар 2023, 09:51
doglan gunun bilen drug oglan
RelaX
30 мар 2023, 09:53
Uzak ýaşa ....
optimist30
30 мар 2023, 10:25
Sapa agam doglan gunun gutly bolsyn kop yasaly
Bentner
30 мар 2023, 10:34
Päzdrüwlýü
Samy glawny kusok bolman yasha!
Ahmet
30 мар 2023, 11:36
Bendtner,
*päzdräwlýäýü diýsene ))
Ahmet
30 мар 2023, 11:37
Aslynda men diýeýin diýip durdym welin, eýýäm diýen ekeniň ))
Şonda-da diýjek, Sapa, päzdräwlýäýü!
Ahmet
30 мар 2023, 11:38
Bu gün doňuşlyga barybermelimi onda?
Babababababaý
30 мар 2023, 11:51
Janyň sag, görjegiň gutly bolsun, uzak ýaşa.
Venus
30 мар 2023, 12:49
Uzak ýaşa. Bagtly ýaşa agam. Durmuşyň her pursadyndan lezzet alyp ýaşa.
Pegas
30 мар 2023, 13:23
Saol, kız! ;)
30 мар 2023, 14:16
Uzak bolsun ýaşyñyz
Sohbet Abdullayew
30 мар 2023, 15:09
Yasyn uzyn bolsun!Pegas,
picasso
30 мар 2023, 15:10
Indi gayrat etde uzak yasa kyn gorme
Gauzen
30 мар 2023, 15:26
Ölinçäň ýaşa! tort
#B.S
30 мар 2023, 17:39
Ölseň, jennete göni girenlerden bolup ýaşa!
Gerceknazar
30 мар 2023, 17:54
Manyly ömrüň uzyn bolsun . Indiki ýyl gelniň bilen bellemek miýesser etsin .
Hypatia
30 мар 2023, 17:56
Uzak ýaşaň!
S❤
30 мар 2023, 18:16
Taze yasynyzda maksat arzuwlarynyz amala assyn. Uzak yasan
Yusup
30 мар 2023, 19:06
Ilki bilen gowja gyz maslahat berjek. Sebabi heleyin gowy bolsa omrun uzak bolup yuzun yash oglanyn yuzi yaly bolyberya. Shonun ucin iller yaly uzak yasha dilejek dal gowja gyz arzuw edyan goy shonun gowy hasiyetleri senin omruni uzak etsin. Adam heleyi gowy bolsa yuzi gulup geziberya. Gulmegem omurden diyipdirler.
Maksat
30 мар 2023, 19:35
Gutlayan uzak yasha gorjegin gowulyk bolsun
Men_we_Sen
30 мар 2023, 19:49
Gutlaýan mugallym galan durmuşuňuzam sapak gürrüň berişiňiz ýaly owodan bolsun! :)
#динара.
30 мар 2023, 19:54
Сапа мугаллым с днём рождение!
kesirkelle
31 мар 2023, 10:11
Uzak ýaşa. Ýene de 3 gez 30 ýaşa! (Gijiragem boldy wln)