Mekdeplerimizde hereket edýän bilim ulgamy reforma zerurlyk duýýarmy?


Elbetde, her döwrüň öz mümkinçiliginiň, şertleriniň çägi deň däl. Bilim ulgamynyň bu topraklarda 1917-1920-nji ýyllardan başlap gelip ýeten ýerini nazara alsaň,şertler we mümkinçilikler babatda häzirki nesilleriň aşyklary alçy gopan. Emma muňa garamazdan, bilim ulgamynda göze iler ýaly derejede üstünlik boluberenok. Isle mekdeplerde, isle ýokary okuw jaýlarda, isle hünärmen iş ýerlerinde , körsowat ýaşlarymyzyň bilim hiliniň pesligi baran ýerimizde gözümize dürtülip dur. Gynansagam , gowy şertleriň ýeke özi okuw prossesiniň üstünlikli bolmagy üçin ýeterlik däl. Ýakyndan gyzyklanýanym üçin şu mesele bilen baglanyşykly käbir pikirlerimi beýan etmegi makul bildim.

Mekdepler - bilim binýadynyň ilki tutulýan ýeri. Binýadyň başdan gowy tutulmagy soňlugy bilen ýokary okuw jaýlarynyň işini hem ýeňilleşdirer. Ikisiniň işi hem gowy netije bilen jebisleşen halatynda şahsyň özi üçin - gowy gelejek , döwlet üçin - gowy hünärmen gazandyrar diýmek. Bilim ulgamynyň hiliniň gowulanmagy –bu diňe bir nesliň däl, tutuş halkyň ýakyn gelejeginiň rahat durmuşynyň kepilidigine hemmäniň düşünmegi gerek. Şol sebäpden muny bilim edara işgäriniň, mugallymyň,ene-atanyň ýöne iň esasy okuwçynyň özüniň hem jogapkärçilik bilen duýmagy gerek . Syn edip görseň , dünýäde bilim bermekde üstünligi boýunça öňde diýip tanalýan ýurtlaryň alyp barýan bilim ulgamynyň aýratynlygy hem ünsüň iň esasy okuwça gönükdirilen bolmagynda .Gürrüňi getirjek bolýan ýerim, şeýle uly möçberde hereket edip duran bir ulgamyň iň wajyp böleginiň bizde asyl ünsden düşürilýän bolmagy. Meselä çözgüt tapmak üçin ilki näsazlyklaryň nirelerde, nähili ýüze çykýandygyny seljersek gowy bolar.

1. Okuwçy jogapkärçiligi:

Iň uly kemçiliklerimiziň biri biziň mekdeplerimizde ýetişýän okuwçylaryň ne okuw,ne tertip-düzgün babatda jogapkärçiligi hiç hili öz üstünde duýman ulalmagy. Haçan-da A şahs B şahsyň üstünden, B şahs Ç şahsyň üstünden garamaly edilende, Ç şahsyň ýalňyşy üçin diňe A şahs bilen B şahsy jogapkär tutup, ähli görülýän çäreler Ç şahsy aýlanyp geçse, Ç şahs hiç haçan eden işiniň hatasyny duýmaz. Mekdeplerimizde okuwçy üçin doly düzgünleşdirilen (kanunlaşdyrylan) bir içerki düzgün-nyzamyň ýoklugy, talaby we jogapkärçiligi güýçlendirýän disiplinanyň ýoklugy häli şindi okuw işiniň bökdemegine getirýän sebäplerden biri. Mysal üçin, okuwçylardan biri düzgün-tertibi bozdy, başga bir okuwçyny suwa salma ýençdi diýeli. Şu ýagdaýdan soň nämeler ediler? Mekdebe okuwçynyň ene-atasy çagyrylar,(eger gelse) çagasynyň goýberen tertipsizligi arz ediler. Ene-atanyň meselä görkezýän çözgüdi “Indikide etme balam” bilen gutarar. Iň soňunda bolsa käýinç mugallyma berler. Indikide şol bir ýagdaýyň gaýtalanmazlyk ähtimallygy näçeräk? Öz hereketiniň jogapkärçiligini we netijesini ol
okuwçy nämeden duýmaly? Hut şu ýagdaýyň netijesinde-de okuwçyny diňe haýbatyň güýji bilen kontrol etmäge dyrjaşýan awtoritar mugallym obrazlaryň döremegi biziň mekdeplerimize mahsus
ýagdaý. Mugallymy şuňa iterýän sebäp näme? Okuwçy kontrolyny beýle gowşak usullar bilen saklamak mümkin däldigem , ýalňyşdygam hemmä mälim. Mugallymyň boýnuna tertip-düzgün üçin jogapkärçilik ýüklenen, ýöne eline hiç hili ygtyýar berilmedik. Gynansak-da öwüt-nesihatlar okuwçyda öz hereketi üçin jogapkärçilik duýgusyny oýaranok. Şol sebäpden häzirki döwürde mekdeplerde tertip-düzgüni saklamakda birgiden problemalar ýaşalýar. Mekdepler üçin gowy oýlanyşykly düzülen, kanuny usulda hereket edýän içerki düzgün-nyzamyň bolmagy zerur.Diýmek, mekdebe göwün islän wagtynda gelip, göwün islän wagtynda çykyp gidýän, okuwdan sebäpsiz galyp nirelerdedir bir ýerlerde başga ýaramaz pişeleri
tapynýan,mekdep çäginde uruş-dawalary gurnaýan, mugallymy, mekdep müdirini hiç hili äsgermeýän...we ş.m okuwçylarda jogapkärçiligi oýarmaga, aýdylanynda-da gulagynyň düýbünden geçirip goýberjek duýduryşlary berip durmakdan has güýçlüräk bir sebäp gerek. Hemme ene-atanam çaganyň meselesi bilen gyzyklanmaga çekip bolmazlygam aýry mesele. Okuw işini äsgermezlik diňe çagada däl, ene-atalarynda-da şeýledigi görülýär. Mekdepde ene-atalar ýygnagy geçirilende,çagasynyň mugallymyna “görnüp gaýtmaga” haýsydyr bir ýoly düşen goňşusyny,
şofýoryny iberýän, mekdebiň gapysyndan ädiminem ädip görmedik, çagasynyň haýsy synpda okaýandygynam bilmeýän ene-atalaryň häli şindi duş gelýän bolmagy diýseň gynandyryjy ýagdaý. Beýle ýagdaý okuw işini ene-atasy äsgermeýän bolsa çagadan köp zada garaşybam oturmaly däl diýdirýär.



2. Okadylyş usuly :



Okadylyş usuly, bahalandyryş usuly bizde soýuz döwründen bäri diýen ýaly şol bir görnüşde amala aşyrylyp gelinýär. Sapagyň dowamlylygy 45 minut , şol berlen müddetiň içinde guramaçylyk döwri, öý iş soramak , täze temany düşündirmek we berkitmek üçin şularyň hersiniň öz kesgitlenen minudy bar . 30-34 okuwçylyk synpda şol 45 minudyň 15 minudynyň dowamynda ortaça alanda 8-10 okuwçy bahalandyryp bolýar. Bahalandyryşam adatça şol bir usulda : dilden tema gürrüň berdirmek, ýat tutdurmak, birki soragnama jogaplatmak, öý işini tagtada işletmek, kitapdan täze mesele çözdürmek, tagtada gönükme ýa mysal işletmek...
Synp žurnalyna baha goýmak hökmany bolup durýar. Žurnala baha birtekiz düşmegi üçin bolsa her sapakda synpdaky okuwçylar gezekleşdirilmeli bolýar. Şonda her okuwça bir çärýegiň dowamynda ortaça 7-8 baha düşýär, passiw ýalta okuwçylarda
bu görkeziji 3-4 baha bilen çäklenýär. Şol bahalar okuwçynyň çärýeklik bahasyny kesgitleýär. Çärýegiň dowamynda adatça bir barlag işi/ amaly iş alynýar. Pikirimçe,okuwçynyň bilim derejesini kesgitlemek üçin bu usul netijeli däl, ýeterlik däl. Nogsanlyklar nämede? Birinjiden, ýat tutma usuly bilen tema aýdyp bermek. Her tagta çykan okuwça bir-iki minutdan artyk wagt sarplap bolmaýar. Okuwçylar kitapdaky maglumatlary ýüzleý,diňe şol bir-iki minut üçin niýetläp ýatlap çykýar. Hiç hili aň ýetirme, çuňňur logiki pikirlenme amala aşyrmanam maglumaty 5 minutlyk ýatkeşlik bilen ýatlap çykmak aňsat. Köplenç şol okuwçydan ýat tutan ýerini üç -dört hepdeden gaýta soranda ol şol aýdanyny gaýtalap berip bilmez. Logiki pikir ýörediş,analizleme, netijelendirme ukyby umuman okuwçylarymyzda pes. Ýat tutan maglumatyny aýdyp durka aýdyp duran zadynyň yzygiderligini bozanymyzda ýa-da aýdyp duran temasyna garşy pikiri öňe sürenimizde okuwçy çolaşyp galýar. Hatda tema hakda özi aýdyp durandygyna garamazdan, mugallymyň ýalňyşdyrmak üçin bilgeşleýin ýalňyş beren düzedişinem tassyklap goýberibilýär. Bu öwrenilýän maglumatyň ýüzleý kabul edilýänliginden nyşan. Temanyň esas özeni kabul edilmän, diňe kitap sözlemleri ýat tutulýar we okuwçy şol kitap sözlemleriniň daşyna çykyp bilenok. Iň bärkisi ,meselem getirmek üçin ulanjak sözlemlerini hem kitabyň meselem getiren sözlemlerini aýdyp başyndan sowýar.

Ikinjiden, köp okuwçyly synpda diňe belli bir bölegiň temany öwrenenligi barlanylýar. Mugallymlaryň işjeň usul diýýänlerinde-de birki soragyň,gysga ýumşuň üsti bilen okuwçynyň nä derejede özleşdirenligini anyklamaklyk kyn. Ähli okuwçynyň şol temanyň nä derejede özleşdirenligini welin, 10-15 minudyň dowamynda barlap çykmak mümkin däl.

Üçünjiden, baha goýluş usuly, meseläniň iň çylşyrymly bölegi. Çärýeklik baha çykarmak üçin synp žurnalyna azyndan dört baha düşen bolmagy gerek.

Mekdeplerimizde hereket edip duran okuw ulgamynyň iň erbet ýeri bilýäňizmi näme, ýaltalar üçin ikilik almagyň “ýeňil eşreti” , näçe isleseň şonça-da ikilik alyp oturybermeli. Tema taýýar bolman gelmek we ikilik almak okuwçy üçin hiç hili
kynçylyk döredenok. Ynanaýyň, gaýta arrygyny gynaman ikilik almak okuwçy üçin hemmetaraplaýyn amatly görünýär.

Ýagdaýa has gowy düşünmek üçin, okuwçy bolup pikirlenip göreliň: “Ikilik baha maňa nähili kynçylyk döredip biler? Hmm, mekdepden –ä kowulmaryn, synpda-da galmaryn. Çärýekligim we ýyllygym ikilik çykmaz. Bardygeldi mugallym hemmesini ikilik çykarjak bolaýsa (şu ýerde“ikiligi men alamok, mugallym goýýar” düşünjesiniň okuwçylarda giň ýaýrandygynam göz öňünde tutmak gerek) meni synpdan synpa geçirmeli däl bolar. Aý beýdäýse-de
muň üçinem mugallymy kösärler. Oňam kösenesi gelmez , şoň üçin menem synpda galdyrmaz “.

Bilýäňizmi şu meselelerde nogsanlyklaryň birini tapsaň, edil dokalan dokmanyň bir ujuny çözläp başlanyňda beýleki ýerleriniň hem sökülip başlandygyny görmek ýaly bir zat bolýar, nogsanlyklar zynjyr ýaly sepleşip biriniň ardyndan beýlekisi çykyp başlaýar.

Okuwçylaryň aglabasy okuwa höwessiz gelýär . Belki muň sebäbini seljerseň arkasyndan belli bir derejede maşgala täsiri çykar, okuw işiniň gyzyksyzlygy, mugallym tejribesizligi çykar. Köp maşgalalarda çagalar okuwa, okuwyň üsti bilen gelejege höweslendirilmeýär. (Elbetde bu meseläniň özüni aýry tema edip açybermeli) Meseläniň soňuna ýetsek okuwçylarda ýaltalygy güýçlendirýän, has dogrusy ýaltalyga iterýän ýene özümiz bolup çykýarys. Okuw okamagy özüniň gelejegi üçin bir maksat edip goýmaýan çaga bahalaryna garşy äwmezek bolýar.

Gowy bahanyň oňa hiç zat gazandyrmajagyna ynanýan çaga pes bahanyň hem oňa hiç zat ýitirtmejegini bilýär.Birinjiden, ikilik düşäýen ýagdaýynda-da baryýogy birki sany bäşlik –dörtlük baha bilen ýaňky ikilikleriň çärýege çenli düzedilip bilinýänliginde. Bu bolsa okuwçyny arkaýynlaşdyrýar. Ikinjiden , ikiligiň çärýege goýulmaýanlygynda, has dogrusy goýulmajagynda. Elbetde bu ýagdaý üçin mugallymy günäkär hasaplamak bolar, emma sebäpleri iň başdan gowy seljerseň muňa iterýän başga bir nogsanlygy görmek bolýar. Islendik okuwçynyň pes ýetişigi üçin diňe mugallym arz edilýändigi üçin, çärýeklikleri ikilik çykaraýsa ol ; käýinç eşitmeli bolar, düşündiriş ýazmaly bolar, ýazuw -çyzuw ýöretmeli iş kagyzlary köpeler, dert-aladasy köpeler, kanikul dowamynda okuwçyny mekdebe gatnatmaly bolar, kanikulda-da okuwçy mekdebe gatnamaz , öýünde tapdyrmaz, ene-ata garşylyklaryna duçar bolmaly bolar ... we ýene-ýeneler... Ýitgi diňe mugallym tarapa düşjegi üçin hem ol nämä ýüz urar - bu kemçiligi elinden geldigiçe gizlemek islär. Bir zada dogry düşünmegimiz gerek,okuwçynyň pes ýetişigi “diňe” mugallymyň günäsi diýip pikir etmeklik ýalňyş bolar.

Elbetde,mugallymyň iş tejribesi hem okuwçynyň ýetişigine täsir edýän faktorlaryň arasynda , emma ýeke ol däl. Bu ýerde ene-atanyň täsiri, dogry höweslendirilme, okuwçynyň öz islegi, maksada okgunlylygy, gowy hereket edip duran okuw sistemasy, dogry gurşaw -jemgyýet.... ýaly birgiden sebäplerem öz täsirini ýetirip dur.

Diýmek, haýsydyr bir tarapy aýby gizlemäge itermäge derek ortalykda ikisinem herekete getirjek bir sistema gerek; hem mugallymdan talaby, hem okuwçydan .

Üçünjiden, synpdan synpa geçiş ýagdaýy. Ýylyň dowamynda okuwçy hiç hili gaýrat görkezmedik halatynda, tertip-düzgün babatynda çägi näçe gezek aşan halatynda-da, synpyň iň pes ýetişýäni bolsa hem ol synpdan –synpa geçiriler. Synpynda galdyrma ýagdaýyna hiç kim ýüz uranok. Geň ýeri , nirä garasaň sowatsyzlyk bolupdyr dyz boýy, emma hiç ýerde synpynda galýan okuwçy ýok. Munuň üçinem ýene okuwçynyň özünden başga birnäçe adamyň kellesi agyrdyljagy üçin ýagdaý düýeguşuň kellesini guma sokup özüni gizlemek isleýşi ýaly bir zat bolar.
Görşümiz ýaly, meseläniň özeni ulgamda iň wajyp bölek okuwçydygyna garamazdan, ähli zat ondan sowa geçýär, iň esasy herekete getirilmeli güýç şoldugyna garamazdan, ony okamaga itermeli halatyna, arrygyny gynaman ýatyp geçirýän halata getirýän hem özümiz bolup galýan ekenik.

3. Mugallymlardan talap:



Bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň aglabasynyň öz ugrundan bisowatlygyna duş gelip, olary kadr hökmünde işe alanda bilim hilini barlap görmek ýaly aýratynlyklara üns berilmeýändigine gynanýan. Bilim tarapdan görkezijileri ýokary bolan mugallymlarda sapak geçirilişini galyba salmaga gerek galanok.Aslynda sapak geçişi mugallymyň erkin çäginde bolmaly diýip hasap edýärin. Ýagny
bu meselede her mugallym öz metodikasy bilen iş ýöredip biler. Eger netije gowy bolýan bolsa, sapagyň görkezilen 7 punktdan daşary çykanynyň zyýany ýok. Şol sapagyň şonsuzam çäkli 45 minudyny öý iş soramak, berkitmek, jemlemek... ýaly galyplara salmagyňam geregi ýok.

Bilim edaralaryň mugallymyň üstünden kontroly güýçlendirmek isleýişleri elbetde gowy zat. Ýöne munuň üçin çözgüt diýip ýalňyş usullardan “peýdalanýanlary” welin gynandyryjy. Mugallymyň ýöretmeli iş kagyzlarynyň sanyny (öz üstünde işlemek ... ) köpeldibildigiňçe köpeltmek, diňe şol boýunça işine baha bermek işiň hili üçin iň täsirsiz, biderek usul diýip hasaplaýaryn. Işini şonsuzam gowy oňarýan işleýän mugallym üçin ol biderek wagt ýitgisi we goşmaça ýadawlyk. Işlemejek adam üçin bolsa ol kagyzlary doldurmak has dogrusy doldurtmak we dogrulatmak hiç hili mesele döretmez. Ol birgiden dokumentasiýa işleriniň gelýän barlaýjylaryň jübüsini galňatmakdan başga bitirýän işi ýok. Maksat mugallymyň işiniň hilini, biliminiň hilini ýokarlandyrmak bolsa ony kagyz ýüzünde amala aşyrjak bolmak bidereklik.
Säwlikleri seljeren bolsak, indi nähili üýtgeşmeleriň amala aşyryp boljakdygy hakda pikir ýöretsegem bolar.
12 лайков 1 071 просмотров
107комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
23 апр 2023, 14:27
Polno. Ilki bln astronomiya we geografiýany aýyrmaly ?
Perman Izakow
23 апр 2023, 15:22
Mugallymçylyk käri iñ arassa päk kärleriñ biridir sebäbi birnäçe çaga ene-ata bolýañ. Mugallymçylyk käri her näçe gowy bolsada kyn taraplary hem bar. Şeýle arassa käre mugallymçylyga soñky döwür ýaşlaryñ arasynda känbir talap ýok. Ýagny ýaşlarymyzyñ arasynda görüp otyrsañ mugallymçylyk ugryndan okaýan barha azalyp barýar.Ýaşlara ol kär näme üçin kyn gelýä?
Ýaşlar mugallymçylyk käriniñ şuwagtky ýagdaýyny bilýäler ýagny mugallymlaryň şu döwürde nähili kynçylykda kärlerini dowam edýändikleri herkime mälimdir.
Agza
23 апр 2023, 15:23
Mugallymlara-da okuwçylarada jerime salynsa aylygyndan (hossarlaynyñ aylygyndan) tutulsa hokmany suratda okarlar.
Bilimi pes bitertip oglanlary 4 yyl gulluk etdirmeli.

Temany yat tutyl aydyp bermek deregine mugallym şol temadan sorag berip okueçylarynam ahlisi depderelerine yazsalar hemmesinede baha goyup bolardy.
Telwas
Автор 23 апр 2023, 15:44
Býudžet ,iş orny, mekdebiň kabinet bilen üpjün etme mümkinçiligi ýaly birgiden sebäpleri göz öňünde tutmaly bolýandygy üçin muny iş ýüzüne geçirmegiň kynrakdygyna düşünýän. Ýöne pikirimçe, iň netije berjek usul okuwçylaryň sanyny her synpda 20-den artdyrmajak bolmaklyk. 20-22 okuwçy sany bolan synplarda bu mugallyma ähli okuwçylaryň ünsüni sapaga çekme ýeňilligini berýär, her okuwçy bilen aýratyn gyzyklanma, her okuwçynyň häsiýetini-psihologiýasyny, içki dünýäsini, pikirleniş-sözleýiş aýratynlyklaryny içgin öwrenme mümkinçiligini berýär .Okuwçy sany köp bolan synplarda hereket-ses päsgelçiligi köp bolýar. Häzirki wagtda ugurdaş synpa bölünmegi üçin synpda okuwçy sany 34-i geçýän bolmalydygy üçin köplenç köp ýerlerde synp bölünibilmän, şol san bilen 30 -33 halda galmaly bolýan gezekleri bolýar. Okuwçy sany köp bolan synplarda bilim hili pes bolýar.
Telwas
Автор 23 апр 2023, 15:45
Okuwçylary žurnal üsti bilen gündelik bahalandyrmaga derek hepdelik synaglary alyp ba:l beriş usulyndan peýdalanylsa has netijeli bolar diýip pikir edýän. Umuman alanda, sapakda geçilen temany soramak üçin sarplanýan wagty täze temany düşündirmeklige we berkitmeklige sarplamak gowy bolar. Okuwçylaryň temany öwrenip-öwrenmändikleri ýa-da nä derejede berkidendikleri hepdäniň dowamynda geçiriljek synagda ýüze çykar. Meniň pikirimçe, şonda okuwçy sapaga has ünsli çemeleşer, mugallym temany has giňiş wagtda düşündirer, mesele çözüler, okuwçy düşünmedik ýerlerini sorar, pikir alşylar, temanyň synagda düşüp biljek ýerleri barada mugallym degişli böleklere ünsi çeker.
Telwas
Автор 23 апр 2023, 15:47
Bu synag usuly başlangyç synplardan ýokary 6-11-nji synplarda ýöredilip başlanar. Indi şu ýerde okuwçynyň ýazuw endigi ýaly aýratynlyklaram göz öňünde tutmak gerek bolup durýar. Okuwçynyň ýazuw endiklerinem ýöredip bilmegi üçin ählisine bölekleýin (aýry aýry temalar boýunça) ýa-da umumylaýyn (ählisine şol bir tema boýunça) ýumuşlar öýe iş tabşyrylar, öý işiniň ýerine ýetirilişi boýunça synagyň bahasynyň üstüne goşuljak ballaryň mugallym özünde aýratyn hasabyny ýöredip biler, hepdäniň dowamynda ýazyp bitiren öý işine mugallym sapakdan daşary wagtda degişli bellikler eder. (Synagyň üstüne öý işleriniň baly goşuljagyny bilse okuwçy bu ýumuşlary hökman ýerine ýetirer) Bu ýumuşlar adatça okuw kitabyndan bolman, okuwçynyň gözleg-derňew maksatly başga edebi çeşmelerden peýdalanyp ýazjak işleri bolsa gowy bolar. Adaty sapaklarda tagtada diňe 3-4 okuwçynyň öý işini barlamakdan bu has netijeli bolar diýip oýlaýan . Mysal üçin , hepdäniň dowamynda biologiýadan geçilen tema ganatly mör-möjekler bolsa, okuwçynyň ýumşy hepdäniň dowamynda mör-möjekleriň suratlaryny jemlemek (surata düşürmek) we şolaryň aýratynlyklary boýunça öz geçiren syn-derňewi esasynda pikirlerini ýazuw görnüşde ýazyp gelmek bolup biler.
Telwas
Автор 23 апр 2023, 15:49
Ýa-da diýeli geografiýadan Hytaý döwleti geçildimi, öýe ýumuş hytaý halkynyň medeniýeti barada okuwçynyň öz eli bilen žurnal taýýarlamagy bolup biler. Ýa-da türkmen dilinden çalyşmalar geçildimi okuwçynyň birine hepdäniň dowamynda “Ykbal"romanynyň içinde ulanylan at çalyşmalary tapyp sözlemi bilen ýazyp gelmek, başga birine nämälim çalyşmalar, ýene birine san çalyşmalar…Özbaşdak ýerine ýetirmegi, agtarmagy, gözlemegi, zähmet çekmegi, derňemegi talap edýän ýumuşlar onda-da okuw kitabyndan daşary berilse has netijeli bolar, okuwçy kitap sözlemleriniň daşyna çykmagy başarsa gowy bolar. Okuwçylaryň özbaşdak logiki pikir ýöretme, analizleme-syn ýöretme, düşünjelerini beýan edip bilme, derňeme ukybynyň üstünde has köpräk durulmagyny wajyp diýip hasap edýän.
Babababababaý
23 апр 2023, 15:50
"Isle mekdeplerde, isle ýokary okuw jaýlarda, isle hünärmen iş ýerlerinde , körsowat ýaşlarymyzyň bilim hiliniň pesligi baran ýerimizde gözümize dürtülip dur"

Körsowat ýaşlary kemala getirýän körsowat mugallymlary hem ýatdan çykarmalyň. (Okap barýarkam teswirläp gitjek, soň yza dönmäne höwes ýok:))
Telwas
Автор 23 апр 2023, 15:53
PROLIGA,
Şoňa düşünmeýän ene-atalar kän.
Telwas
Автор 23 апр 2023, 15:54
Agza,
Siziň pikiriňizem erbet däl. Ýöne jerimesizem dokument işine köp çykdajy çykýar mugallymlardan. Oglanlaryň 2 ýyl gullugy kän görýänleri barka, 4 ýyl mümkin däl.
Telwas
Автор 23 апр 2023, 15:55
Babababababaý,
Olar barada-da aýdylyp geçilen)
Telwas
Автор 23 апр 2023, 15:56
Her çärýek 7-8 okuw hepdesinden ybarat diýip alsak, hepdede 1-2 sagat geçilýän az okadylýan dersler her 2 hepdede 1 synag, 3-4 sagatdan okadylýan dersler bolsa hepdelik synaglary alsa, günlük bahalara garanda okuwçyny okamaga has tijendirer.
Telwas
Автор 23 апр 2023, 15:56
Test usuly okuwçynyň bilimini ýüze çykarmak üçin onçakly ygtybarly usul däl, şonuň üçin synag soraga jogap ýazma şekilinde alynsa oňat bolar. Synaglarda alan ballarynyň jemi ilki her çärýek boýunça aýratyn bal kesgitlener, ondan soň çärýeklik ballary jemlenip ýyllyk baly kesgitlener. Kesgitlenen belli bir baldan aşakda pes bal alan okuwçylar bolsa gönüden-göni synpyndan galdyrylma ýagdaýyna sezewar bolar.
#B.S
23 апр 2023, 15:59
Nirvana,
Geografiýa bln medeniýeti goşsoň tüýs ýetäýjek derejelermiziň aşyň alasy ?
Telwas
Автор 23 апр 2023, 16:03
Khanture
Nirvana,
Geografiýa bln medeniýeti goşsoň tüýs ýetäýjek derejelermiziň aşyň alasy ?

Hytaýyň diňe geografiki ýerleşişini däl, medeniýetlerinem öwrenseler has gyzykly bolmazmy şol sapak?
Hökman taryh dersi däl-ä.
Yusup
23 апр 2023, 16:05
Reform goshmazdan on ilki bn parany yatyryan hemme zat gul yaly bolya. Okuwam okalya yashlaram duzelya
Telwas
Автор 23 апр 2023, 16:05
Khanture,
Medeniýet diýilse, hökman taryh dersi bolmalymy?
Geografiýa bilen taryham biri-biri bilen baglanyşykly. Şol döwletiň geografiki ýerleşişini öwredeňde, medeniýetindenem söz açmagyň artykmaçlygy bolasy ýok meň pikirimçe.
Yusup
23 апр 2023, 16:06
Okuwa ishe para almasalar oz guyjune giryan kopelse bilim sistema duzelya. Bayyn chagasy kakasynyn puluna arkayyn bolup okanok garybyn chagasy pulun bolmasa okuwa girip bilmejegni bilip okanok
Telwas
Автор 23 апр 2023, 16:07
Seksopotolog..........
Reform goshmazdan on ilki bn parany yatyryan hemme zat gul yaly bolya. Okuwam okalya yashlaram duzelya

Para berip öwrenişderen halkyň özi.

Ýatyrylsa näsini aýdýaňyz.
Yusup
23 апр 2023, 16:07
Bir kursa 20 talyp alynyan bolsa 1je sany gowy okayany alyalar yagny oz guyjune. Tutush kurs gomuk bolup durmazlygy ucin. In gowy okde talyp diyip kursda birki sanagyny one surmek un
Telwas
Автор 23 апр 2023, 16:08
Okuw ýetişiginiň baly bilen tertip-düzgün üçin hem hut şeýle bal sistemasy ýörese gowy bolar. Ýagny okuwçynyň tertip-düzgün üçin hasaby okuw ýetişigi ballary bilen ugurdaş ýöredilmeli. Şonsuzam tertip-düzgüni bozýan okuwçylaryň okuw ýetişiginiň gowy bolýan halaty juda juda seýrek gabat geläýmese, okuwyna üns berýän okuwçydan çäkden çykýan hereketlere kän garaşylanok.


Telwas
Автор 23 апр 2023, 16:09
Tertip –düzgün üçin her ders mugallymynyň we synp ýolbaşçysynyň beren hasabaty esasynda okuwçynyň baly kemeldilip bilner. Eger okuwçynyň balynda kemelme artdygyça bu barada okuwçynyň ene-atasyna habar berler, çaganyň tertibi bilen baglanyşykly ýazylan habarnamalar ene-atanyň özüne görkeziler. Elbetde, ene-ata we mugallymlar arkalaşykly okuwçynyň tertip ýagdaýynyň gowulanmagy üçin bu barada maslahatlaşar, pedagogik kömekler berler. Eger ýylyň ahyryna çenli ýagdaýda gowulaşma bolmasa, okuwçynyň synpdan galdyryljagy ene-ata habar berler. Meniň pikirimçe, çagasynyň okuw ballarynyň kemelmegi nähili netijelere getirjegini bilse ene-atalar okuw işine biparh bolmazmyka diýýän. Onda-da şeýle halatda okuwçynyň okuw ýylynyň uzamagynyň mümkindigi hakda ene-ata bilse.
Babababababaý
23 апр 2023, 16:10
Mowzugy hemme tarapdan goldaýan, ýöne mowzuk kime degişli?! Öňem bir ýerde okan ýaly bolup durun.
Telwas
Автор 23 апр 2023, 16:11
Adamy iň gowy herekete getirýän güýç näme? Ýitgi we sylag. Iki usuldanam ýerlikli peýdalanmak gerek. Okuwçylar mekdepde oňat ýetişigi gazanan üstünligi üçin hormat hatlary minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandyrylýar. Okaýan okuwçy näme gazanjagyny bilýär, emma okamaýan okuwçynyň ýitirýän zady ýok bolsa bu arkaýynçylyk ony öňe itermez.

Telwas
Автор 23 апр 2023, 16:13
Okuw kitaplary barada gürrüň açanda mekdepleriň okuw kitaplarynyň daşky içki bezeginiň ýürekgysgynç görnüşi bilen bir hatarda juda juda ünssüz çapa taýýarlanýandygynam belläp geçesim gelýär. Tehniki (belki bilkastlaýyn goýberilýän ýalňyşlaryň) okuwçynyň aňynda ikirjiňlenme döredýändigini-hä aýtmasagam bellidir. Taýýarlanan ýumuşlaryň içgysgynçlygyndan ýaňa okuwçy halkynyň kitabyň ýüzüne seredesem gelenok. Umuman, şeýle işlerde näme üçin çaga psihologiýasyna salgylanylmaýandygyna men düşünemok. Reňkleriň adama ýetirýän öz täsiri bar. Suratlar, içki-daşky bezegler, reňkler, gysga oýunlar, ýumuşlaryň özüne çekijiligi, gyzyklylygy…ýaly birgiden sebäplere üns bersek okuwçylarda eline kitap alma höwesini birazam bolsa döredip bilerismikäk diýýän.
#B.S
23 апр 2023, 16:14
1. Biologiýaň we ÝDE ornuna "Ýaşaýyş ugrunda göreş" atly täze der, çölde, kölde, dagda, düzde, deňizde öwrötmeli.
2. Informatikaň ornuna "Internetde özüňi alyp barmagyň medeniýeti" dersini gizirmeli.
3. Geljekde dilleň ýitip gitjegini hasap etsek dil edebiýat gerek däl. Bole poka Edebiýat durywersin.
4. Matematikañ ornuna okuwçylary magazyna taşlap söwda etdirmeli blä???
5. Syýasaty 12 ýaşdan başlap öwrötmeli.
6. Dinleri we taryhyny 10 ýaşdan başlap...
7. Kung Funy gizzurmeli. Näme Hytaýda ilat kän getiriň mugollym edip...
8. Geografiýa we astronomiýaň ornna Tekiz ýeri...
9. R. Kiosakiň baykakasy esasynda geljekde nadip pul tapmaly diyen ders

....
No hazirlikce shylar...
Telwas
Автор 23 апр 2023, 16:16
Babababababaý,
Öňem men paýlaşdym talyplarda. Çerkez gyzy.
Şu temadaky pikirleri menem goldaýan. Hat-da, Türkiýe döwletiniň mekdeplerindäki bilim sistemasam edil şular ýaly. Gowy netije berýändiginiň gözli şaýady men.
Yusup
23 апр 2023, 16:17
Nirvana,

Mysal un siz bir dokument ucin bir edarada otyrsynyz 20 30a golay adam. Ish wagty 08:00dan 16:00a chenli. Ishgar sagat 09:00da gelip adamlary 09:30da kabul edip bashlady 11:30da abeda chykdy shol aralykda 7 8 adamy kabul etdi. ishe 14:00da gelip 14:30da adamlary kabul edip ugrady. Sagat 15:45de oye gaytmak un yene adamlary kabul etmedi we bary yogy gunun dowamynda 15 adam kabul etdi galan 10 15i ishi bitman ertire galdy. Sizin ertir Ashgabada samalyoda reysiniz bar. Siz indi men para berjek dal diyip 140 manatlyk samalyot biledinizi koydurip sonky tapylan gune bilet aljakmy ya birki manadyny berip ertir oz biledinize ucmagy saylayanmy?

Ine yolbashchylar shu yagdaydan peydalanyp halkyn puluny alyar. Hic kimem keypine berenok hemne zat charesizlikden. olaram shondan peydalanyar
Telwas
Автор 23 апр 2023, 16:21
Khanture,
Informatikaň ornuna "Internetde özüňi alyp barmagyň medeniýeti" dersini gizirmeli.


“Metbugat sowatlylygy we bilimi” ýa-da “Metbugat sowatlylygy” atly ders girizilse gowy bolar.
Babababababaý
23 апр 2023, 16:22
Nirvana,
Aslynda şuny "Mugallym" gazetine bermeli. Çap etdirmeli. Okatmaly we adamlaryň biraz bolsa-da gözüni açmaly. Gazet-žurnallar ilki bilen şular ýaly makalalary neşir etmeli. Diňe mugallymçylykda däl, başga-da pudaklaryň agsaýan ýerleri kän, olaram şeýdip köpçülige ýetirmeli. Şular ýaly döwrüň wawwaly temalaryna üns bermeýändikleri hem gazet-žurnallaryň ilkinji nogsanlyklary.