....

Otyrdyk gije elimde gitar,
Kellede sen hakda gysgajyk setir,
Göwrämde ýaşlyk, içim bolsa kömür,
Kim günäkar oňa senmi ýa döwür?
1 лайков 267 просмотров
23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
29 апр 2023, 01:39
Döwürdeýt )
Belki
29 апр 2023, 01:41
Şu gije online, meý içmezden serleri sämäp oturanlar üçin aýdymjyk aýdyp berjek:

Sen bolduñ asmanyñ aýy
Men boldum husnuñ gedaýy
Ýüzüñ ak, gaşlaryñ ýaýy
Bir görüp gitmäge geldim.
Perman Izakow
Автор 29 апр 2023, 01:44
Satmak islar zayalanan harydyn
Alyjylan pulun alyp aldadyn
Al shuny alayda bilyan haladyn
Diymeklik satyja moda bolupdyr.
Perman Izakow
Автор 29 апр 2023, 01:45
:))
Belki
29 апр 2023, 01:46
Şahyr çykjak bolýañyzmy )
Belki
29 апр 2023, 01:47
Gadyrdan Proliga agza size bir sorag: Ynsan näm çün bu sagatda oýa bolar? )
Belki
29 апр 2023, 01:49
Siziñ munyñyz poeziýa däl! Poeziýa höwes edýän bolsañyz Nobatgulyny, Kakamyrady, Seýitmyrady okañ!
Perman Izakow
Автор 29 апр 2023, 01:52
Belki
Gadyrdan Proliga agza size bir sorag: Ynsan näm çün bu sagatda oýa bolar? )

Güniň dowamyndaky boş we rahat wagty şu wagt diýip saýlaýas:)
Belki
29 апр 2023, 01:54
Boş we rahat wagtda uklamakdan başga näme edesi geler ynsanyñ?!
Belki
29 апр 2023, 01:58
Ýene bir aýdymjyk aýdyp bermesem halys bolmajakdan bolup dur:

Jemalyña boldum aşyk
Sen gözeliñ yşkynda men
Aýdýan aýdym kalbym joşup
Sen gözeliñ yşkynda men.

Sährañ güllerin ezizläp,
Barýan seniñ ýoluñ gözläp,
Men söýgim bilemok gizläp,
Sen gözeliñ yşkynda men...
Perman Izakow
Автор 29 апр 2023, 02:00
Belki
Boş we rahat wagtda uklamakdan başga näme edesi geler ynsanyñ?!

Ine...
Belki
29 апр 2023, 02:02
Özümiñ "ajaýyp" gün tertibim hakda-da azajyk durup geçmekçi:
21- de ýatdym,
1- e golaý turdum
Indi mümkin bolsa 2-de ýatyp 4-de turjak. Soñam nesip edeninden 5-den soñ ýatyp 7-de turjak. Neneñ? )
Belki
29 апр 2023, 02:02
Näme ine?
Perman Izakow
Автор 29 апр 2023, 02:03
Geçip barýar aýlar-ýyllar, gyş-ýazlar
Ýene bahar sepeleýär çagbasyn
Haýsy ýana alyp gitdi ak-gazlar,
Ganatynda şol dildaryň nagmasy
Perman Izakow
Автор 29 апр 2023, 02:04
Belki
Özümiñ "ajaýyp" gün tertibim hakda-da azajyk durup geçmekçi:
21- de ýatdym,
1- e golaý turdum
Indi mümkin bolsa 2-de ýatyp 4-de turjak. Soñam nesip edeninden 5-den soñ ýatyp 7-de turjak. Neneñ? )

Işde kelle otkulçenýä etmese bolýala,bu gün terbiň bn :D
Belki
29 апр 2023, 02:09
"Gije elimde gitar" diýdiñiz welin gitara çalýañyzmy? (Türkçe "gitar", türkmençe "gitara").
Gitara diýeñizde bir zat ýadyma düşýär. Obamyzda toýlara gitaraly baryp aýdym aýdyp berýän adam bardy. Toý bolup uly toýam däl, sünnet toýlary, ýaş toýlary ýaly toýlarda bezelen "klýoñkañ" başynda oturyp aýdym aýdardy. Gitara diýilse diñe şol adam ýadyma düşýänden bolupdyr. Gitara bilen skripkany iñ romantik saz gurallary hasap edýän.
Belki
29 апр 2023, 02:11
Ýok, bet gün tertibi şul. Siziñkiden-ä gowydyr). Siz entek ýatanam däl bolmaly. Men eýýäm ýatyp turulgy )
Perman Izakow
Автор 29 апр 2023, 02:15
Saňa söýgimi aýan etdim, sen bolsa: “uýalýan, iller bar” -diýdiň, seniň elleriňden tutdym, sen bolsa: “utanýan, joralam bar” diýdiň.
Saňa ykbalymy goşjakdym, sen bolsa: “başga ykbala garaşýan, gelme” diýdiň. Soň menden daşlaşdyň, durmuş gurduň, maňa : “gynanma, bu ýazgyt” diýdiň, men näme diýerin, “Bagtyň bolsun” diýdim. Ýöne bir ýyldan soň jaň etdiň, agladyň, “sensiz agyr, senden başga kimim bar” diýdiň, men näme edip bildim…?! Bagtlysyň öýtýärdim! Indi giç boldy alajym ýok! Gynandym…
Belki
29 апр 2023, 02:15
*Ganatynda şol dilberiñ nagmasy".
Dildar diýilse dilem öwrenşenok. Hakyky goşgyda bir sözi üýtgetseñ bir zat ýetmeýän ýaly diýýäler welin, şol pikre görä şu goşgam hakyky bolmaly.
Belki
29 апр 2023, 02:20
Şu dilberli, dildarly goşgylaryñ iñ ajaýyby K.Rejebowyñ "Yşkyñ dili" goşgysy. Jemlemesine dagyn serediñ. Durşuna söz oýnatmasy:

Men düşünip ýörün yşkyñ diline
Eý-ho beýle-de bir dil bor ekeni.
Yşk çölünde düldüreden dilberim,
Bu pelekden dilgir eden dilberim
Sen ne beýle ýeser dildar ekeniñ.
Perman Izakow
Автор 29 апр 2023, 02:20
Belki
"Gije elimde gitar" diýdiñiz welin gitara çalýañyzmy? (Türkçe "gitar", türkmençe "gitara").
Gitara diýeñizde bir zat ýadyma düşýär. Obamyzda toýlara gitaraly baryp aýdym aýdyp berýän adam bardy. Toý bolup uly toýam däl, sünnet toýlary, ýaş toýlary ýaly toýlarda bezelen "klýoñkañ" başynda oturyp aýdym aýdardy. Gitara diýilse diñe şol adam ýadyma düşýänden bolupdyr. Gitara bilen skripkany iñ romantik saz gurallary hasap edýän.

Howwa çalyp bilýän ýöne öwrelik ses ýok bolansoň aýdweremok,howwa gitara rahatlandyrya,yakymly duygulary janlandyryp bilya sonyn uçinem,islendik ýerdäki,ýolda,toýda,otursyklarda adamlary özine çekiji jadysy bar.
Belki
29 апр 2023, 02:26
Men onda gitarada-da bir aýdym aýdyp bereýin. Onsoñ gidip ýatjak )

Gülüm, saña seredip
Gara gözüm doýmady
Mende dörän bu söýgi
Hat ýaz diýip goýmady.

Gaty görme gözel gyz
Men-ä seni söýýärin.
Sözümde durjagyma
Saña wada berýärin....

(Yzyny bilýänler dowam etsin. Bar zada menden garaşyp oturmañdeýt)
Perman Izakow
Автор 29 апр 2023, 02:32
Palwan Halmyradow-Käte
Gitarada aýdylýan aýdymlarndan halaýanym.