Älem modeeri

Adamzat taryhynda älem-jahan we onuň işleýşi hakynda orta atylan dürli teoriýalar we modeller.

Men bu makalada adamzat taryhynda Älemimiz we onuň işleýşi hakynda orta atylan dürli teoriýalary we modelleriň birnäçesini jemledim.

1. Häzirkizaman tekiz ýer teoriýasy (modeli)
Bu modele görä Ýer ýüzi tekiz disk şekilindedir. Merkezi demirgazyk polýusydyr we daş töweregini Antarktida buzluklary orap durandyr. Asman gümmez şeklindedir... Bu model baradaky ähli dogry maglumatlary tekiz ýerçileriň resmi we saýty https://ru.tfes.org/ saýtyndan tapyp okaşdyryp bilersiñiz.

2. @adalat19-yň ýumurtga älem modeli
Bu model Tekiz ýer teoriýasynyň giňeldilen görnüşidir. Bu model ilkinji gezek talyplar.com web saýtynda @adalat19 agza tarapyndan tanadyldy. Bu modele görä Älemimiz ýumurtga şekilinde bolup, birnäçe tekiz ýer disklerini saklap duran Meru atly dagy şol ýumurtgaň içinde. Bu barada aşakdaky linkden okap bilersiňiz:
https://biz.islenen.ru/4296-biz-hakykatdan-nirede-yaayarys-adalat19-blogy.html

3. Hinduizmiň Kosmiki Ýumurtga modeli
Dünýäniň iň gadymy medeniýetlerinden biri bolan Hindistanda älem ýumurtga şeklinde düşünilýär. Kosmiki ýumurtga. Rigwedada ýagny sanskritçe ýazylan Wedalaryň birinji bölümi, aýlawly yrgyldyly älemi beýan edilýär. Şoňa görä-de, ýumurtganyň ak we sarysy bolşy ýaly, älemde gün, aý, ýer, we ýadro bar. Älem Bindu diýilýän ýeke nokatdan emele gelýär we wagtyň geçmegi bilen ýykylýar we ýene şol nokada öwrülýär. Bu aýlaw yzygiderli dowam edýär. Aslynda, köp mifologiki jikme-jikliklerden arassalasaň, bu häzirki zaman älem teoriýalaryna gaty ýakyn görnüş hasap edilýär.

3. Krater ýer teoriyasy
Bu teoriýa tekiz ýer teoriýasynyň giňeldilen görnüşidir. Bu teoriýa biziň bilýän Ýerimiz ullakan bir planetanyň bir kraterinde ýerleşýär. Bu teoriýa"godgevlamste" You Tube kanalynda orta atdy.


4. Oýuk ýer teoriýasy
Bu teoriýa görä ýer togalak şekildedir emma onuň içi boşdyr. Bu barada giňişleýin aşakdaky linkden okap bilersiňiz:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Hollow_Earth

5. Gosentrizm (Ýermerkezçilik)
Bu modele görä Älemiň merkezi ýer togalagydyr. Ýer togalak şekildedir. Ähli asman jisimleri ýeriñ daşyndan aýlanýar. Bu barada aşakdaky linkden okap bilersiňiz:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Geocentric_model#:~:text=In%20astronomy%2C%20the%20geocentric%20model,and%20planets%20all%20orbit%20Earth.

6. Pifagoryň älem modeli
Bu älem modelini orta atan kişi meşhur Pifagordyr. Bu modele görä Älemiň merkezinde bir o:t (alaw) bar ähli asman jisimleri şol oduň daşyndan aýlanyar.
Bu barada:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Pythagorean_astronomical_system

7. Nikolaý Kopernigiň Geliosentrizmi (Günmerkezçilik)
Bu model Ýermerkezçiligiň garşysyna oýalanyp tapylandyr. Bu modele görä älemiň merkezi Gün we ähli asman jisimleri onuň daşyndan aýlanýar. Bu barada: https://en.m.wikipedia.org/wiki/Copernican_heliocentrism

8. Geliosentrizm
Bu edil Nikolaý Kopernigiň modeli bilen birdir. Bu pikiri ilkinji orta atan Samosly Aristarh hasap edilýär. Bu barada:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Heliocentrism

9. Kepleriň Geliosentrizmi
Bu model Kopernigiň modeliniň has giňeldilen görnüşidir. Bu modeliň Kopernikden tapawudy planetalaryň orbitalarnyň elliptik şekilde bolmagy.

10. Tomas Wraýtyň älem modeli
Tomas Wraýtyň “Akmaýanyň ýoly” modeli, ýyldyzlar disk görnüşindäki giňişlikde birmeňzeş paýlanýar. Raýt Akmaýanyň ýolunda 3,888,000-den gowrak ýyldyzyň we Ýere meňzeş 60,000,000 planetanyň bardygyny çaklady.
Bu barada:
https://publicdomainreview.org/collection/an-original-theory-or-new-hypothesis-of-the-universe

11. Kantyň älem modeli
Nemes filosofy Immanuel Kantyň pikiriçe, Wraýtyň modelinde ýyldyz halkalarynyň töwereginde aýlanýan ýyldyz disk bardy, bu diskiň merkezinde aýlanmagy netijesinde emele gelen merkezden gaçyryş güýji bilen içerki agyrlyk güýjüni deňleşdirýärdi. Agyrlyk güýji bolmasa ýyldyz diski dargap, aýlanmazdan ähli ýyldyzlar içerde çökerdi. Kant, astronomlaryň teleskoplary bilen gören ähli dumanlyklaryň ýyldyzlaryň aýlanýan diskleridigini öňe sürdi.
Kantyň älem modeliniň iň üýtgeşik tarapy, onuň ewolýusiýon bolmagydy. Ýagny ýyldyzlar gelip gidip barýarka wagtyň geçmegi bilen üýtgän kosmos. Kantyň pikiriçe, älemiň çäksiz giň bolany üçin onuň merkezi ýokdy.

12. Laplasyň älem modeli
Pier Simon Laplas, Kantyň 1755-nji ýylda çykaran "Asmanlaryň nazaryýeti" kitabyndaky Gün ulgamynyň gazyň we tozanyň bulutdan ybaratdygyny beýan eden Kantyň ssenarisini dowam etdirdi. Laplasyň pikiriçe, Gün ulgamynyň döremegini, merkezi günüň daşyndan aýlanýan materiýanyň birleşýän we aýlanýan bulutlaryndan planetalaryň ýygnanmagy bilen düşündirip bolar.

13. Bigbang teoriýasy
Bu teoriýa häzirki wagtda resmi ylmy jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýar. Bu älem modeline görä mundan milliardlarça ýyl ozal kiçijik bir nokatdan äpet partlamanyň netijesinde biziň älem emele gelipdir.
Bu barada: https://tr.m.wikipedia.org/wiki/The_Big_Bang_Theory

14. Plazma älem modeli
Bu älem modeli Bigbang teoriýasyna garşy çykýar. Bu teoriýany Hannes Alfwen orta atypdyr
Bu barada:
https://tr.m.wikipedia.org/wiki/Plazma_evren

15. Golografik älem modeli
Bu älem modeline görä aslynda älemimiz gologrammadyr.
Bu barada:
https://evrimagaci.org/holografik-evren-nedir-hologram-evren-modelinde-bilgi-korunabilir-mi-870

16. Simulýasiýon älem teoriyasy
Bu älem modeline görä älemimiz bir kompýuter simulýasiyasydyr.
Bu barada:
https://en.m.wikipedia.org/wiki/Simulation_hypothesis
3 лайков 307 просмотров
34комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
04 май 2023, 08:18
Pifagor aga ot diyip güni göz öñünde tutan bolmagy mümkin
#B.S
Автор 04 май 2023, 08:20
danger,
Ýok. Onuň ýörite shemasy bar hatda günem şol oduň daşyndan aýlanýar
murat yousef
04 май 2023, 10:33
Koroçe belli zat ýokda...
#B.S
Автор 04 май 2023, 10:41
menembiri1,
Bigbang :))
murat yousef
04 май 2023, 10:45
Khanture,
Big Bangam Stiwen Hoking tarapyndan aýdyldy dälmi?
#B.S
Автор 04 май 2023, 10:50
menembiri1, ýok, Aleksandr Fridman aytdy.
#B.S
Автор 04 май 2023, 10:52
menembiri1,
Seňemä kelläň biraz bulaşjak bolýa öýdyän, haýsy biri dogruka bylaň diýen bolup? :)
murat yousef
04 май 2023, 11:12
Khanture,
Hakyky! Nama ynajagymy bilemak mena
#B.S
Автор 04 май 2023, 11:15
menembiri1,
Gaýyp Begjan yaly boşlukda gezseň näderkä? :))
Dowsypat
04 май 2023, 12:47
Biri-birinden ajayyp.Haysyny saylajagymy bilemok.
#B.S
Автор 04 май 2023, 13:09
Dowsypat.,
Men hemmesinem öz içine alýan uniwersalny teoriýa oýlap tapdym. Ol biraz Dawid Içkeň titreşimler teoriýasyna meňzeş. Emma bu teoriýany Dawut Içkeni okamakam hyýal edipdim. Hemem meňki oňkydan byraz tafawutly. Özümem şoňa ynanen indi. O barada soň boş wagtlam blog slog açaryn
#B.S
Автор 04 май 2023, 13:11
Bellik: Blogda ähli älem modeli agzalmady. Ýene onlarça Älem görüşleri we modelleri bar
Dowsypat
04 май 2023, 13:19
NASANYN kosmosdan alynan orginal komyuter degmedik suratlary yok gerek.
#B.S
Автор 04 май 2023, 13:24
Dowsypat.
NASANYN kosmosdan alynan orginal komyuter degmedik suratlary yok gerek.

Elbetde sebabi özlerem saýtynda ýazan, "fotoşop programmada üstünde işlenildi" diýip
Dowsypat
04 май 2023, 13:44
Kinolarda,ylmy geplesiklerde,okuw kitablarynda dine fitoshop edilen suratlary goryasda.
#B.S
Автор 04 май 2023, 13:48
Dowsypat.,
Howwa
DonMaxx
04 май 2023, 14:33
bolanna gora menem bir alem teoriyasyny tapayyn
#B.S
Автор 04 май 2023, 14:41
DonMaxx,
Tap
SypaýyS
04 май 2023, 14:48
Tekiz yerde ay gune seredende yere yakyn gerek we ay we gunun Yerin ustunden aylanma tizligi denmi
#B.S
Автор 04 май 2023, 15:00
Sypayy
Tekiz yerde ay gune seredende yere yakyn gerek we ay we gunun Yerin ustunden aylanma tizligi denmi

Hawwa aý ýakyn. Ikinji soragyň gaty samsyķ sorag ony özúň aý we güniň hereketini yzarlap ölçäp bilersiň.
Gerceknazar
04 май 2023, 16:15
Aý meniň üçin-ä Ýer nähili bolanynda-da tapawudy ýok. Sag-aman ýykylman dursa bolýar. :]
Yusup
04 май 2023, 19:16
BMGdaki baydakda yer tekiz shekilinde goylan. Sen arada Yer togolok diyip Hudaydan dashlashdyryalar sebabi ilahi kitaplarda yer tekiz diyyan. Indi meni gyzyklandyryan sorag bar.

BMGnyn kartasyny duzen musulmanmy?

Name un kop yurtlaryn prezidentleri alymlary ministrleri yer togolok diyip kabul etselerem BMG tekiz yer kartasyny goyyar.
#B.S
Автор 04 май 2023, 19:26
Anil Kapur,
BMG ny doreden ya baydagyny cekenin musulman bolup bolmadygny bilemok emma dunyani dolandyryanlar (mason ekeler) adamlara yalan sozlemek netijesinde ozlerine geljek Hudaytarapyn jezadan habardan. Shol sebapli kakydybam bolsa hakykady aydyalar. Meselem Kowid 19yn kinosyny cykardylar sonam ozuni. Garaz olar kinoda multikde oz syrlarny kakydyp aytyarlar
#B.S
Автор 04 май 2023, 19:30
Gerceknazar,
Beyle pikir etmek anrybash samsyķyk. Iru gic kyyamat gopup bar zat yykylmaly
#B.S
Автор 04 май 2023, 19:41
Anil Kapur,
Aslynda BMG-niň baýdagyndaky karta diňebir tekiz ýercilerin kartasy dal bu karta togalak yer teoriyasynda hem ginden ulanylyar. Togalak yerde bu karta Azimutal proyeksiyon karta diyilya. Togalak yeri tekizlige gecirmekde durli yalnyshlyklar yuze cykya. Bize mekdeplerde owredilen karta hem durs karta dal. Onyn durs karta daldigni ylymyn ozem ykrar edyar. Ol karta Merkator proyeksiyasy diyip bilinyar. Bu kartadaky anyk olcegler ekwatorial bolekdir. Polyar bolekler gineldilen shekilde berilen.
murat yousef
04 май 2023, 20:14
Hemme zady goýaly, nädip poýezde elektron bilet almaly şony pikirlenelile!?? Her hili edip gördüm bolanak
#B.S
Автор 04 май 2023, 20:18
menembiri1,
Bilemok. Alyp goren zadymdal hemishe wokzala baryp gelnejemin adyny beryande kassadan alyan ))
Yusup
04 май 2023, 20:31
menembiri1,

nireden nira saraydan alyp bolya alyp bilmesen habarlash
murat yousef
05 май 2023, 11:04
Anil Kapur,
Aslynda alnan eken şondada oşybka seti dip zayýeb etdi, gijäň ýary sms geldi demirýola pul geçirildi dip
murat yousef
05 май 2023, 11:05
Anil Kapur,
Khanture,
Rahmatu bäräkatu! ;)