Ýeriň formasy hakynda Ahmet Bijandan...

Ýeriň formasy hakynda Ahmet Bijandan...


Ýeriň formasy hakynda aýdyp geçenleriň biri hem Ahmet Bijandyr (dünýeden ötdi 1466 ý).
Orta asyrlarda ýaşap geçen Ahmet Bijan Efendiniň ''Älemiň Syrly Täsinlikleri'' atly eserinde şeýle setirler bar: Ýer ýüzüni beýan eýlärin. Ýer ýüzüniň togalak şekildedigini bilmek gerekdir. Şonuň
üçin onuň günbatary we gündogary dürli-dürlüdir. Ýeriň ähli künjegi birmeňzeş däldir, ýagny onuň bir ýeri magdana, bir ýeri ösümlige baýdyr. Ýer suwuň öňünde
galkan kibidir. Ýagny, suw siňse onuň köpügi galar. Ýeriň aglaba bölegini suw
örtmüş kibidir. Birnäçeler aýdar: Ýer düzdür (tekizdir, togalak däldir). Birnäçeler
bolsa, ýerler hereket eder, gökler bolsa şol bir halda durar diýip aýdarlar. Şeýle hem
olar Aý we Gün bir ýerde durar diýip aýdarlar.
Ýeriň birnäçe bölegi ýaşaýyşly we birnäçe bölegi harap bolan görnüşdedir.
Ilki ýaşaýyş bar bolan ýerleriň üstünde durup geçeliň. Onuň meýdany alty müň
dört ýüz ýigrimi mile deňdir. Eger bu maglumat kim tarapyndan äşgär edildi diýip sorasalar, siz onuň jogabyny şeýle diýersiňiz'' Isgender, Peridun, Süleýman we Erdeşir ýer ýüzüni we deňizleri birin-birin
ýazdylar''.
Bu maglumat şolardan äşgär boldy. Ýer ýüzi dört bölekdir. Onuň bir bölegine «ýeriň demirgazyk bölegi» diýerler. Ýagny ol ýerde ýaşaýyş bardyr. Ol Şama, Müsüre, Ruma, Ýewropa we Jezirä barýança
aralygy öz içine alar. Bir bölegi bolsa Mahor, ondan Horasana, ondan Çyna barýança
ýaşaýyşly bolan günbatar bölegidir. Bir bölegi Belawizenjden Hebeşe barýança
ondan Nubiýa, ondan günbatar Sudana barýança ýaşaýyşly bolan gündogar bölegidir.
Ýeriň bir böleginde bolsa ýaşaýyş ýokdur''
@khanture, şular dogrusynda pikir alyşaly!!!




@Jeksparro
3 лайков 204 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
13 май 2023, 00:17
Tagalak diyip yalňyş terjime edilen. Tegelek bolmaly asly
Jeksparro
Автор 13 май 2023, 07:53
Khanture
Tagalak diyip yalňyş terjime edilen. Tegelek bolmaly asly


Ýer ilki Togalak diýip, soňra käbirleriniň aýdan pikirlerini ýazyp görkezýär, pikirimçe Ýer Togalak diýip terjime edileni bolup biler...
murat yousef
13 май 2023, 11:01
Ola pylandan pylanyça demirgazyk diýen bolup ýaşap ýören(ýada baryp görenje) ýerlerini sanap geçäýiödir...
noname
13 май 2023, 11:48
Yeriñ formasyny öz gözüñ b.n gormek u.n nacerak yokary galmalyka?
murat yousef
13 май 2023, 13:46
danger
Yeriñ formasyny öz gözüñ b.n gormek u.n nacerak yokary galmalyka?

100km, şondan soň kosmosa çykýaň!
Jeksparro
Автор 13 май 2023, 19:01
menembiri1
danger
Yeriñ formasyny öz gözüñ b.n gormek u.n nacerak yokary galmalyka?

100km, şondan soň kosmosa çykýaň!


100 kilometrmikä?
murat yousef
13 май 2023, 19:06
Jekwarabey,
112km bolmaly howwa
Yusup
13 май 2023, 19:32
Bildiris

Turkmenistanyn hormatly rayatlary we myhmanlary yasayan yerimizin bize nadogry owredilmegi esasynda gurlan Bekrewedaki "Halk hakydasy" yadygarlikler toplumyndaky okuzin şahynda duran togolok yeri şekillendiryan daşyň yerine hazirki alymlarymyzyn one suryan tekiz yer onunam dasyny yumurtga sekili yaly gabykdan ortulenligi sebapli okuzin sahyndaky dasyn yerine yumurtga goymak maksady bilen Turkmenistanyn ylymlar Akademiyasynyn yanyndaky Asman jisimlerini owrenyan gullugynyn Yer kartasyny owrenyan bolumi bildiris yglan etdi.

1) Yumurtga okuzin sahyna doly sygmaly.

2) Teklip beren yumurtgalarynyzy saylap secip almak caresinin wagty Turkmenistan we Neytalny Turkmenistan gazetinde cap ediler.
Jeksparro
Автор 13 май 2023, 22:16
Anil Kapur,

Dogrumy bu?