Ýeriň umumy gurluşynyň beýany (tekiz Ýerçilere)...

ÝERIŇ UMUMY GURLUŞYNYŇ BEÝANY (tekiz ýerçilere)


Öňem aýdyşym ýaly, Ýer togalak şekillidir, onuň mekany bolsa älemiň egik giňişligindedir. Eger biz gündizi deňleýji töwerek älemi kesip geçýär diýip oýlasak, onda Ýeriň üstünde gündizi deňleýji töwerege parallel durýan uly töweregi alarys. Beýle ýagdaýda Ýer iki sany deň bölege bölüner. Bu çyzyga ''deňleýji çyzyk'', ýagny ''ekwator'' diýilýär. Çünki ekwatorda gündiz bilen gijäniň wagty hemişe deňdir. Gün dik asmanyň iki sany deňleýji nokadynyň birinde bolanda, gündizi deňleýji töweregiň üstünden we ol ýeriň ýaşaýjylarynyň başlarynyň üstünden geçýär. Bu wagt gije we gündiz Ýeriň ýaşalýan ýerleriniň hemme taraplarynda deň bolar.
Eger uly töwerek älemiň iki polýusyny geçip, töweregiň iki üsti älemi iki bölege bölýär we ýaşalýan ýeriň iki tarapyndan ýagny gündogaryndan we günbataryndan geçýär diýip oýlasak, onda Ýeriň üstünde uly töwerek emele geler we Ýeri iki bölege böler. Beýle ýagdaýda Ýer iki töweregiň dört sany deň dörtden bir böleklerine (çärýeklerine) bölüner. Ol çärýekleriň ikisi günorta bölek we ikisi bolsa demirgazyk bölek bolar. Ýeriň ýaşalýan ýeri demirgazyk iki çärýegiň birine deňdir.
Eger uly töwerek iki töweregiň polýuslaryndan we älemiň iki üsti älemi iki sany ýarymy kesip geçýär diýip oýlasak, onda Ýeriň üstündäki perpendikulýar sütüni iki töwerekde bolan - uly töwerek emele geler. Netijede, Ýeriň ýaşalýan böleginiň çärýegi iki sany ýaryma bölüner. Ol ýarymlaryň biri günorta ýarym, beýlekisi bolsa günbatar ýarym bolar. Bu töwerek bilen ekwatoryň arasyndaky kesiji nokada ''Ýeriň göbegi'' diýilýär. Çünki, ol Ýeriň ýaşalýan böleginiň ortasydyr. Ýeriň üstündäki ikinji töwerege ''Ýeriň göbeginiň gözýetimi'', üçünji töwerek ''Gündiziň ýarysynyň töweregi'', ýagny ''meridian'' diýlip atlandyrylýar.
Ýaşalýan bölegiň uzynlygy boýunça başlanýan ýeri Ýeriň üstündäki birinji töweregiň we ikinji töweregiň arasyndaky kesiji nokatlaryň birinden alynýar. Bu aralyk deňleýji çyzykdaky - deňleýji nokatdan onuň garşysynda duran nokada çenli bolan aralykdyr. Beýle ýagdaýda gündizi deňleýji töwerek dik asmanda bolýar.
Ýaşalýan bölegiň in boýunça başlanýan ýeri - üçünji töweregiň gurşawyndan geçýän - göbegiň nokadyndan demirgazyk tarapda 60° 25'-da we 66° -da bolanda alynýar. Göbegiň meridianynyň ýaýy bu mukdarda paralleldir. Ýarym töwerek ýaşalýan bölegiň iki tarapynda bolsa, onda ýaşalýan ýeriň başy iki tarapyň birinde bolar.
Eger ýaşalýan bölegiň iki tarapynyň arasy ýarym töwerek mukdaryna bolsa, onda iki tarapyň biriniň ýaşaýjylarynyň gadamlary beýleki iki tarapyň biriniň ýaşaýjylarynyň gadamlaryna parallel bolar. Eger ekwator çyzygynyň gurşawyndaky iki şahs ýaşalýan bölegiň iki tarapynda dursa, onda älemiň merkezinden ýaşalýan bölegiň iki tarapyna çykýan çyzygyň iki tarapy şol iki şahsyň gadamlarynda tamamlanar. Eger iki şahs ýaşalýan bölegiň iki tarapynda däl-de, eýsem töweregiň gurşawynda dursa we iki şahsyň arasynda ýarym töwerekden köp aralyk bolsa, onda Ýeriň merkezinden iki şahsa tarap çykýan iki sany çyzyk kütek burçly üçburçlygy emele getirer. Eger iki şahsyň arasyndaky aralyk ýarym töwerekden az bolsa, onda iki çyzyk ýiti burçly üçburçlygy emele getirer. Şeýle hem, Ýeriň üstünde iki şahs dursa, ikisiniň kellesiniň arasyndaky aralyk - ikisiniň gadamlarynyň arasyndaky aralykdan köp bolar. Ýöne beýle ýagdaý biri-birinden örän ýakynda duran iki şahsda däl-de, eýsem biri-birinden örän daşda duran iki şahsda ýüze çykýar...



Ymam Şemseddin Ebu Bekr Muhammet ibn Ahmet ibn Bişr Haraky Merwezi.

''Kitab al Nejm''.
1 лайков 172 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ýury
12 июл 2021, 22:30
Jaky azara galma serawno ynanok agam şol bratok diñe öz diýenini bilýä
#B.S
12 июл 2021, 22:41
Diňe öz diýenini siz bilýän bolaýmaň. Jek sen şu kitapda ýazylanlary tejribe edip gördüňmi?
Şamuhammet
Автор 12 июл 2021, 22:57
@khanture, Tejribe edemok men şol kitapdaky ýazylanlara ynanýaryn. Meselem men Allanyň barlygyna degişli delilleri subutnama gözlemän, tejribe edip görmezden ynandym we görmezdenem ynanýaryn...

Indi sen maňa aýt! Sen Allaha we onuň barlygyna ynanýaňmy!? Eger ynanýan bolsaň Allahyň barlygyna degişli subutnama getirip bilermiň!?
Şamuhammet
Автор 12 июл 2021, 23:03
@khanture, Senem, menem Ýeriň üstünde ýaşaýarys, ýöne onuň hakyky şekilini göz bilen görmänimiz üçin sen-ä tegelek menem togalak diýýärin we diýen zadymyň yzynda men durýaryn. Sen ýaly tegelek ýer teoriýasy çüýredilýänçä şony dogry kabul etmek gerek diýemok... Men alymlaryň ýazanlaryna ynanýaryn we özüme gerek bolsa alymyň aýdanlaryna goşulýaryn...
#B.S
13 июл 2021, 08:26
Jeksparro,
Bilim şübhedir. Bilime ynanylmaýar. Ol ýalňyşlanyp bilinýär. Allany men Kurany Kerim, Älem-Jahan we dileglerimiň hemişe diýen ýaly hasyl bolmagy sebäpli ynanýaryn...
Ýury
13 июл 2021, 11:21
Jaky agam garşylaryna gitme senem men ýaly hä hm bor diýiber bolmasa bular eýgerdenok menä aýdýanyñyz çyn bolsa subut ediñ didim boldy


.men öz işimi tassyklatdyryp patendini aldym bularam şeýtmeli ekenlerdä bizi aldap ýörmän.
#B.S
13 июл 2021, 12:42
geçip barýaka sowlan,
Ser Aleksandr Gleasson tarapyndan çyzylan tekiz ýer kartasy dünýäniň birnäçe döwletleriniň
Ylymlar Akademiýasy tarapyndan patentleşdirilip tassyklanan. Muňa näme diýjek?
Ýury
13 июл 2021, 12:50
Türkmenistanda tassyklatdyrjakmy
#B.S
13 июл 2021, 13:03
geçip barýaka sowlan,
Tkm-da hem tassyklanan :))))
Ýury
13 июл 2021, 13:38
Kim tassyklapdyr
#B.S
13 июл 2021, 16:22
geçip barýaka sowlan,
Köp ýurtda tassyklanan zat näme üçin bizde tassyklanmaly däl?