JISIMLERIŇ UMUMY GÖRNÜŞLERINIŇ BEÝANY

Biler bolsaňyz, jisimler iki sany uly topara bölünýär: 1. Sada jisimler. 2. Çylşyrymly jisimler.
Sada jisimler - bölekleri we aýratynlyklary meňzeş jisimlerdir. Olaryň barlygy we hili birnäçe dürli aýratynlyklary bolan jisimleriň jemlenmegi sebäpli däldir. Olar efir maddalaryny we başlangyç maddalara bölünýärler. Efir jisimleri ýyldyzlary içine alýan asmanlardyr. Bu efir maddalar dört sanydyr: ot, howa, suw, toprak. Olara ''Pes derejeli älem'' diýip at berilýär, şeýle-de ''döremek älemi'' /peýda bolmak älemi/ ýa-da ''bozulmak älemi'' /ýok bolma älemi'' hem diýilýär. Olaryň mekany Aýyň asmanyndaky oýuk (boşluk) ýerdir. Biz bu ýer barada beýan ediş tertibimize görä soň aýdarys.
Çylşyrymly jisimler - barlygy we hili dürli tebigaty birnäçe jisimleriň jemlenmegi sebäpli döreýän jisimlerdir. Olar - haýwanlar, ösümlikler , magdanlar we beýleki zatlardyr. Olar dört sany başlangyç maddalaryň jemlenmeginden deň däl usul bilen, ýagny Taňrynyň goýan parasatyna görä emele gelýär. Olaryň her biri sada deňölçegli mukdarly we deňölçegsiz hilli jisimlerden şekil bilen şekillenip, biri-birini gurşamak bilen döreýär. Olar bir togalagyň üsti bolan şekil bilen gurşalýar. Ol üst älemiň ahyrydyr. Ol älemiň aňyrsynda hem, içinde hem boşluk ýokdur.
Merkezdäki her bir nokatdan töweregiň üstüne tarap deň göni çyzyklar çykýar. Ol nokat älemiň merkezidir. Şeýle hem ol ýeriň merkezidir. Diýmek, ýer özüniň tebigatyna görä älemiň merkezinde, ortada bolmaklyga ymtylýar.
Ýeriň köp bölegini suw gurşap alýar. Eger beýleki başlangyç jisimler bolmadyk bolsa, onda ýeriň hemme böleklerini suw gurşap alardy. Ýeriň üstünde beýik daglar, tekiz sähralar we pes çöketlikler bar. Olar suwuň üstüne çykyp durýar. Ýer deňziň ortasyndaky ada, suw bilen bilelikde bolsa, bir togalak ýalydyr.
Howa suwy we ýerdäki daşky zatlary, ot bolsa howany we oňa galtaşýan daşky üsti gurşap alýar. Ýere iň ýakyn üst aý asmanynyň üstüdir. Bu ýer başlangyç jisimleriň, döremek äleminiň we ýok bolmak äleminiň jemlenmeginiň ahyrydyr. Çylşyrymly jisimleriň hiç biriniň özlerine mahsus mekany, ýagny giňişligi ýokdur. Olaryň mekany ýa-da giňişligi haýsy başlangyç madda üstün bolsa şondadyr.
Sada jisimler çylşyrymly jisimlerden peýda bolýar. Ýöne sada jisimleriň özlerine mahsus giňişligi bardyr. Eger şeýle tertip-nyzam bolmadyk bolsa, onda her sada jisimiň iki sany giňişligi ýa-da birnäçe giňişlikleri bolardy. Şeýle hem bir giňişlikde sada jisimleriň iki jisime ýa-da köp jisime öwrülmegi bolup geçerdi. Bu sebäpden ýeriň her bir bölegi öz giňişliginden üýtgemeýär. Ýer bolsa älemiň merkezine tarap ymtylýar. Ýöne oňa howadan doly giňişlik päsgelçilik berýär. Şeýlelikde, onuň hereketi gowşaýar. Soňra ol bu päsgelçilikden sypýar we asmanyň gurşawyna tarap ymtylýar.
Ol ýene asmanyň we suwuň ýokarsynda saklanýar hem köşeşýär.
Ot hem ýokary, asmanyň gurşawyna tarap ymtylýar we hereket etmek bilen azalýar. Ol hem päsgelçiligiň bardygy sebäpli saklanýar. Şeýlelikde, her sada jisimiň özüniň mahsus giňişliginiň bardygy mälim boldy. Olar güýç bilen bolaýmasa, biri-birinden aýrylmaýarlar. Diýmek, başlangyç jisimleriň hereketleri merkeze hereket ediji ýa-da merkezden daşlaşyjydyr. Merkeze hereketlerini zat agyr ýa-da ýeňil bolup biler. Ot bilen howa ýeňildir. Toprak bilen suw agyrdyr. Howa oduň talap edýän zadyny talap etmeýär. Suw ýeriň talap edýän zadyny talap etmeýär. Bu ýerden ýeňillik we agyrlyk gelip çykýar. Asman barada aýdylanda bolsa, ol ýeňil hem, agyr hem däldir. Ol agyrlyk bilen ýeňilligiň ortalygynda, töwereginde hereketlenýär. Şonuň üçin oňa agyr hem, ýeňil hem diýip bolmaz. Howanyň tebigaty başlangyç jisimleriniň ortalygyndadyr. Ine, biziň jisimleriň umumy görnüşleri barada düşündirjek zatlarymyz şulardan ybarat.


Şemseddin MERWEZI

''ÝYLDYZLAR KITABY'' ''Miras'' neşirýaty. 2006.


Terjime eden: Atamyrat SARYÝEW
2 лайков 235 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
22 июл 2021, 20:52
Ýer deňziň ortasyndaky ada, suw bilen bilelikde bolsa, bir togalak ýalydyr.

Kaneşna. Uns berseň shulam yer tekiz diyya. Yer denzin ortasyndaky ada. Yagny gummezin icindaki bir gury yer parcasy gummezin dashy asman suwlary hemmesi bilen birlikde bu sistema togalak @adalat19 yn yumurtga modeli.

Ot-plazma
suw-suyuklyk yada suwuklyk
Howa-bug yada gaz
toprak-buz yada gaty maddalar.
Gadymkylar bizden juda akylly we bilimlidi. Olar dørt madda diyip yalnysmandylar. Olar maddanyn dort halyny bilipdiler...
#B.S
22 июл 2021, 21:24
Merkezdäki her bir nokatdan töweregiň üstüne tarap deň göni çyzyklar çykýar. Ol nokat älemiň merkezidir. Şeýle hem ol ýeriň merkezidir. Diýmek, ýer özüniň tebigatyna görä älemiň merkezinde, ortada bolmaklyga ymtylýar.



Yer tekizdir we Alemin merkezidir. Olam demirgazyk polyusdyr