“Meniň önüp-ösen şäherimde diňe... diňe... Siz ýokduňyz...“
Aladamyz ýokdy. Arzuwlarymyz bardy: «Ulalanymyzdan soňra, uly
işgär bolarys, daşary ýurtlaram görüp geleris. Pulumyz köp bolar — biz oňa üýtgeşik mekdep, mugt diýen ýaly hyzmatlary berjek hassahana gurarys, ýolbaşçylygynda-da özümiz durarys. Ilki bilenem köçeleri oňararys. Ýardam isleýänleriň hemmesine hökmany suratda kömek edip ýetişeris» diýýärdik. Ondan bäri ep-esli ýyl geçdi. Haýran galaýmaly ýagdaýdyr bu — başgalar üçin: dostum bilen eden şol arzuwymyz henizem üýtgänok. Nesip bolsa, bir gün amala aşyrarys. Çünki, şäherimiz henizem bize garaşýar ahyryn.
Howwa, meniň önüp-ösen şäherimde her dürli zatlar, adamlar bardy: gazlar, baýguşlar, güller, Gapuryň dükany, hiç kime zeleli bolmadyk Guwaş däli, hiňňillikler, bazarlar, täze oba raýony, çagalary gowy görýän esgerler, paýlaýan çapadyňy ýylgyryp alýan goňşular, Gurban baýramynda hezil edip gülüşýän daýzalar, ýolkanyň başyndaky sowgatlar dörjelenýän täze ýyllar, teleşkeli toýlar, Gadyr gijeleri, tomuslar, gyşlar, ýazlar, güýzler, jokrama yssy, pejiň ýylysy we sowuklar, aprel gözelligi, güýzüň bilim buşlugy, ýollary, ýodalary, pagtadyr-bugdaýlary, mele- myssyk çörekleri, ötegçi myhmanlary, Metjitleri, mollalary, maşynyň daşyna üýşýän çagalary, tanamaýan çagalaryna hem mähir bilen garaýan eneleri, agras ýaşulylary, gahrymanlary, döredijilik dünýäsi: şahyrlary, aýdymlary, kitaplary, şol kitaplara siňen ömürleri, rahat ukylary, dolan Aýy, dogan wagty ýüzüňe düşýän Gün şöhleleri, ullakan ýüregi... bardy. Howwa, meniň dogduk mekanymda hemme zat we her dürli adam bardy.
O. MYRATBERDIÝEWA “Size ýazylan hatlar”
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.