Eshabul-kehfi (gowak eýeleri) gören alymyň ýatlamasy

ESHABUL KEHFI (GOWAK EÝELERINI) GÖREN ALYMYŇ ÝATLAMASY

ESHABUL - KEHF (Gowak ýaranlary)

Eshabul-kehfiň taryhy Rumda bolup geçipdir. Olaryň ýaşan şäherleriniň ady Efsis bolupdyr. Ol gowak hem Amuriýe bilen Nikiýäniň arasyndadyr. Kehf sözi arap dilinde dagyň gowagyny aňladýar. Eshabul - kehf kyssasy meşhur bolup, ol taryhlarda, kyssalarda we tefsirlerde ýatlanýar. Ol kyssadaky şahslaryň henizem bardygy, olaryň göwreleriniň ýerinde durandygy barada aýdylýar.
''Halyfatyň taryhy'' atly kitapda Apbasy halyflaryndan bolan Wasyk Billäniň (Apbasy döwletiniň 9-njy halyfy) (842-847) olar baradaky gürrüňi anyklamak üçin, özüniň ýakyn adamlarynyň biri bolan müneçjim Muhammet ibn Musany Ruma ýollandygy baradaky ýazgyny gördüm. Ol Rum sezaryna hat ýazypdyr. Ol hat-da öz ýarany Muhammet ibn Musanyň Eshabul-Kehfiň ýatan gowagyna barmagy üçin oňa gerek bolan ýardamyň berilmegini, gündelik azyk we ýolbelet bilen üpjün edilmegini towakga edipdir.
Soňra Muhammet ibn Musa öz sapary hakynda gürrüň berýär: ''Sezaryň ýanyndan gaýdanymyzdan soň birnäçe günläp kötelli ýollary söküp, uly daglardan geçdik. Ýol ugrunda hiç-hili ymarat ýokdy. Soňra bir sähralyga baryp ýetdik. Sähranyň ortasynda kiçiräk dag bardy. Onuň eteginiň müň göz töweregi meýdany bardy. Emma örän beýik dagdy. Onuň etegindäki daşyň böwründe bir deşik bardy. Biz ilki hile bilen onuň üstüne çykdyk. Dagyň üstünde guýa meňzeş giň gowak bardy. Düýbi hem gaty çuňdy. Onuň giňligi iki ýüz inedördül gez töwerek bardyr. Aşak seredip gördük welin, onuň düýbünde suw göründi. Soňra dagdan aşak düşüp, deşige golaý bardyk. Soňra elimize ot alyp, deşikden içerik girdik. Onuň içi gaty giň eken. Biz üç ýüz ädim töweregi ýöränimizden soň, dagyň ýokarsyndan gören ýerimize baryp ýetdik. Ol ýerde köl ýaly bolup duran uly suw bar eken. Onuň aşagy birneme giňeýär. Suwa biraz ýagtylyk düşende kölüň daş töweregini daşy köwülip ýasalan jaýlaryň gurşaýandygy göründi. Kölüň kenarynda ýogyn, emma boýy kiçi agaç bar. Onuň bir gapdalynda hem daşy köwüp ýasalan uly we beýik bassyrma bar. Onuň daş sütünleri hem bar. Şol ýerde birnäçe adam bardy. Olar bu ýeriň gözegçileri bolmaga çemeli. Uly daş bassyrmanyň içinde hem birnäçe jaýlar bardy. Olaryň biri has beýigiräkdedi. Ol ýerden takmynan bäş gez ýokardady welin, oňa merdiwansyz baryp boljak däldi. Bu jaýyň ýapylgy duran agyr gapysy bardy. Biz bu jaýyň içine girmekçi bolduk. Emma gözegçiler bize girmegi gadagan edip, şeýle diýdiler: ''Olary gören her bir adam heläk bolup ölýär. Oňa uly betbagtlyk gelýär''. Biz olaryň aýdanlaryna gulak asmadyk we şemi bir gulama berip, içerik girdik we gapyny ýapdyk. Ol ýerde on üç sany uklap ýatan adamy gördük. Olaryň biri ýetginjek ýaşyndaky oglandy. Olaryň üstünde kilimden edilen mata bardy. Ol elimizi degirenimizden pytrap gidýärdi. Emma olaryň guran teni ýerbe-ýer dur. Biz ýakymly yslary aldyk. Olaryň teniniň zaýalanmazlygy üçin kamfara, mirra (birnäçe tropiki agaçlardan ýasalan ýakymly ysly smola, şepbik) we aloe ýaly närseler bilen suwalandygyna göz ýetirdik. Olaryň derisi süňklerine ýelmeşipdir. Men elimi olaryň döşüne goýdum. Tendäki tüýler gowy saklanyp galypdyr. Sebäbi olary çekip gördüm welin, hiç biri gopmady.
Soň bu jaýdan çykyp, aşak düşdik. Gözegçiler biziň öňümizde tagam goýdular. Tagamdan iýenimizden soň bizde ýürek bulanma peýda bolup, içimiz gyzyp başlady. Bize zäher berlendigine düşündik. Biz bu beladan gutulýançak ögäp, gaýtarmaga başladyk. Soňra olaryň näme üçin bizi zäherländigine düşündik. Gowakda ýatan adamlary görenleriň betbagtçylyga uçraýandygyny adamlara ynandyrmak üçin biziň janymyza kast edipdirler.
Biziň gürrüňini eden şahslarymyz Eshabul - kehfdir....''



Çeşme: JAHANNAMA sah - 124
Muhammet ibn Nejip Bekran
3 лайков 143 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jacksparro
Автор 06 янв 2024, 22:21
Kartada Amuriye and Nikeya diýip gözletdim welin Amorius diýip Türkiýedäki şäheri görkezdi. Nikeýa nirede bilemok. Ýazgylardaky Rum diýilýän ýerem häzirki Türkiýa,
Aýgül Ýazweliýewa
07 янв 2024, 03:38
Jahannama kitaby nirden tapyp bolýar? Türkmençemi haýsy dilde ýazylan?!
Jacksparro
Автор 07 янв 2024, 06:58
Aýgül Ýazweliýewa,

Türkmençe ýazylan, geçen ýylyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan kitap, ýöne gymmat görersiň bahasyny. Arzan alan ýerim 95 manat. 130- näçä görkezenlerem boldy. Täzeligindenmi nämemi gymmat eken... Sahypasy gaty ýuka-da däl, galyňam däl. Bahasyna degýär ýöne... ?
Aýgül Ýazweliýewa
07 янв 2024, 13:33
elektronmyka öýtdüm, ýok-la gymmat görmedim. Sahypaly kitap bolsa, hemişe özüňki bolýar. Eliňe alyp okamak nämä degenok. Nirden alyp bilerin?
Jacksparro
Автор 07 янв 2024, 14:40
Ors bazardaky kitap dükanda bar. Ors bazardan Watana tarap gidilýän ýoluň ugrundaky kitap dükanda. Içinde kassada rus zenan işleýän bolmaly.
Jacksparro
Автор 07 янв 2024, 14:40
Aýgül Ýazweliýewa,
Isleseň poçtaňa oklaýyn, sahypalaryny...
Jacksparro
Автор 07 янв 2024, 14:42
Şol kitap dükanda başga-da täze çykan kitaplar kän eken. Gadymy kitaplary terjime edip çykarypdyrlar.