Ýajuç we mäjuç diwarynyň gözleginde
ÝAJUÇ WE MÄJUÇ DIWARYNYŇ GÖZLEGINDE
SEDD-I ÝAJUJ WE MÄJUJ
(Ýajuç we mäjuç diwary)
Sedd-i ýajuç we mäjuja ''redem-i ýajuç'' hem diýilýär. Bularyň ikisi hem şol bir zatdyr. Arap dilindäki bu sözleriň ikisi hem diwar ýa-da bent diýmegi aňladýar. Bu diwar dünýä kartasynda görkezilişi ýaly demirgazyk-gündogar tarapda, Türküstan bilen Çiniň garşysynda ýerleşýär.
Aýdyşlaryna görä, halyfatyň wekili, halyf Wasykyň dogany ýajuç we mäjuç diwary hakyndaky maglumatlary aýdyňlaşdyrmak isläpdir. Öz ýakynlaryndan meşhurlaryň birini ulag we mal, ýeterlik adam bilen üpjün edip, şol diwaryň ýagdaýyny öwrenip, onuň habaryny getirmegi buýrupdyr.
Oňa gidip gelenler şeýle gürrüň edýärler: ''Halyfatyň çägine degişli bolan Samarra baryp ýetdik. Soňra Ermeniýäniň çäklerindäki Tiflis şäherine ýetdik. Ondan Serir welaýatyna gitdik. Ondan Alanda, soňra Hazara bardyk. Soňra her ýeriniň ýolbeledini aldyk. Şondan soň ýigrimi bäş gün ýol ýöredik. Ýollaryň kä ýerinde ýaşaýyş bar, kä ýerlerinde bolsa harabalyk. Soňra gara toprakly ýere baryp ýetdik. Bu topragyň ýaramaz ysy bardy. Ondan soň ýene on gün ýöredik. Şäherleri we obalary bolan bir ýurda baryp ýetdik. Şäherlerem, obalaram harap edilipdir. Olarda adam galmandyr. Emma binalaryň yzlary galypdyr. Şondan soň ýigrimi ýedi günläp ýol ýöredik. Ahyr bir beýik dagyň golaýynda ýerleşen birnäçe harap bolan galalara baryp ýetdik. Galalaryň diňe biri abat galypdyr. Onda birnäç adam bar eken. Olardan diwaryň ýoluny görkezmekligi haýyş etdik. Olar: ''Diwar şu görýän dagyňyzdyr'' diýip aýtdylar. Soňra bize bir deräni görkezdiler. Biz derä ýetýänçäk ýöredik. Baryp görseň, ol gaty giň dere ekeni. Ol derede uly daşlardan başga hiç zat ýok. Onda ne haýwan bar, ne-de ösümlik. Soňra üç parsah töweregi ýa-da ondanam gowrak ýol ýöredik. Iň soňunda hemme tarapy gaýa bolup duran jülgä baryp ýetdik. Bir gaýadan beýleki çenli elli gez töweregi uzaklyk bar. Rowaýatda onuň on bäş gezdigi barada aýdylýar. Emma gaýalaryň beýikligi has belent eken. Şol sebäpli hem hiç-hili ýagdaýda onuň aňyrsyna geçip, diwaryň üstüniň ýagdaýyny, onuň aňyrsynda näme bardygyny görmek asla mümkin däl. Şondan soň yza dolandyk. Dönüşde başga ýola düşdik. Öňümize düşýän adam bilen ýolbelet bizi Samarkandyň golaýynda ýola salyp, ugradyp goýberdi. Soňra ýene-de Horasanyň ýoluna gaýdyp geldik.''
Emma käbir kitaplarda diwardan geçeniňden soň käbir ýerler bahry Muhyt, käbir ýerler sähralyk, käbir ýerler bolsa tokaýlyk diýlip aýdylýar. Ol ýerde adam şekilli haýwanlar köp. Ýöne adamdan kiçiräk. Bir sere (dört barmagyň arasy) diýilýän gürrüň esassyz we toslamadyr. Olar wagşy bolmaly ýa-da deňiz haýwany bolmaly. Olaryň boýy iki gez ýa-da ondanam azrakdyr. Olaryň geýim-gejim, ýarag ýa-da demir bilen işi ýok.
Ir döwürler iki sany taýpa bu jülgeden geçip, adamlara sütem edipdirler. Ekinli ýerleriň hasylyny darapdyrlar. Ýaragsyz adam görseler öldüripdirler. Olar köp wagtlap şol halka azar ýamanyny görkezipdirler. Gurhanda bu barada şeýle diýilýär: ''
انّ يأ جؤج ؤ ماجؤج و مفسدون فيالْارض''
(Ýajuç we mäjuç ýer ýüzünde pitne we pisat çykarýar) (Gurhan. Kehf. 94 a).
Soňra bu ýere Zülkarneýin gelip ýetipdir. Bularyň halyndan habar alypdyr. Bu ýerde bir müddet galyp, mesgen tutupdyr. Ol älemiň çar künjüne çapar ýollap, demir ileri, galaýyçylary we misgärleri jemläpdir. Mümkin bolan demirleri, misleri we galaýylary ýygnapdyrlar. Soňra olary eredip, bu ýol ýapylýança jülgäniň ortasyna guýupdyrlar. Bu dagda bu ýere gelýän başga ýol ýok ekeni.
Ol taýpa iki sany bolupdyr. Diwaryň golaýynda ýaşaýan taýpa ýajuç diýlipdir. Uzagrakda ýaşaýan taýpa bolsa Mäjuç diýipdirler. Atlaryň mysalynda Çin we Maçynda hem görmek bolýar. Allatagala has gowy bilýändir.
JAHANNAMA. s-127.
Muhammet ibn Nejip Bekran

16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.