Gun imperatory Attila

GUN IMPERATORY ATTILA


Gunlar Taryhyň eýýamlarynda iki sany Beýik döwleti gurupdyrlar. Beýik Gun (Aziýada) we Ýewropadaky Gun döwletleridir.
Gunlar Ýewropanyň häzirki etniki gurluşyny emele getirýän taýpalaryň göçmegine esasy element bolupdyr. IV we V asyrlarda Gündogar we Merkezi Ýewropany kemala getirmekde möhüm rol oýnapdyr.
Gunlar tarapyndan basylyp alnan taýpalar tutuş Ýewropada deňagramlylygy üýtgetdi we etniki birleşme netijesinde häzirki Ýewropa ýurtlarynyň düýbi tutuldy.
Aziýadan Kawkazlara, Ýewropa we Anadola (Kiçi Aziýa) çenli uzanan akgynly hereketleri ýola goýýarlar. Ýewropa Hun Imperiýasynyň iň esasy hökümdary Attila Merkezi Ýewropany dyza çökerip Günbatar Rim we Gündogar Rim imperiýalaryny boýun egdirýär. Günäkär Hristiýanlary jezalandyrmak üçin Taňry tarapyndan ugradylandygyna ynanylan Attila ''Taňrynyň Gamçysy'' diýipdirler. Attila hakynda birnäçe dessanlar we birnäçe halk eposlary döräpdir.
Attilanyn doglan ýyly, ýeri, ýaşlygy we nähili ulalyp ýetişendigi hakynda maglumat ýokdur. Gunlar Attilanyň ady dakylan derýasy bolan Itil (Wolga) derýasynyň kenarlarynda oturýan wagtlary dünýä gelendigi (390-395 ýyllar), kakasy Munjugyň (megerem Monjuk bolsa gerek - t.b.) ölüminden soňra agasy Ruanyň ýanynda ýetişendigi çaklanylýar. Attila adynyň nämäni aňladýandygyny, Türkçemi ýa başga bir manyny berýän sözmi? Ine şu sorag hemişe çekeleşikligine galýar. Käbirleriniň çaklamasyna gulak gabartsaň Gotça kakajyk, atajyk, şähdiaçyk, agabeg diýen ýaly manylary aňladýandygy aýdylyp, Gun döwründe türkiçe sözüň germança (deutsh) söz manysy hökmünde görkezilýär. Aýratynam wengeriýan, slowakiýan we Hindi-Ýewropa dilinden geçen diýilýän çaklamalar hem göze ilýär. Köplenç
Attila adynyň Wolga derýasynyň öňki ady bolan Itilden dörändigi çaklanylýar. Aýratynam Göktürk türkiçesindäki Attaý sözi, şöhratly imperator diýen söz bilen baglanyşyklydygy nygtalýar.
F. Altheim Attila sözüniň aslynyň Atala diýmekdigini, ýagny ''Meniň Atam'', ''Atajyk'' diýen many aňladýandygyny aýdýar. Bulardan başga-da alym Gy. Nemes ''Attila'' ady öz döwrüniň, eýýamynyň ady bolandygyny, ýaşlygynda bolsa başga at bilen atlandyrylandygyny, onuň lakamdan başga zat däldigini, lakam dakmaklygyň bolsa türkmen edim-gylymlarynda görülýändigini bilýäris. Attila, şahs adynyň aňyrsynda belkäm Gun hökümdaryna berilýän lakam-unwany ýatandyr. O. Pritsak bolsa adyň Türkçedigini we Es-til-ä ~ As-til-ä ~ At-til-a = Attila şekli bilen Beýik Deňiz, Okean ýa-da hemme zada güýji ýetýän hökümdar manyda gelendigini aýdypdyr.
Attilanyň kakasy Munjugyň Oktar we Rua atly iki jigsi bolupdyr. Priskosyň ýazmagyna görä Oebarsius (Aýbars) atly bir dogany hem bolupdyr. Wizantiýa imperatory Feodos II (Theodosius) tarapyndan Priskos Atillanyň ýanyna ilçi hökmünde ugradylýar. Attila Feodosa gahary gelýärdi, şonuň üçinem ol ilçini kabul etmeýär, ol bolsa döwlet adamsy bolan Maksiminus bilen görüşýär. Priskosyň syýahaty boýunça ýazga geçiren taryhy eseri V asyr Ýewropa Türkmen we Attila döwrüniň Hun taryhynyň ýeke-täk esasy çeşmesi bolup hyzmat edipdir.
Oktar 430-njy ýyllarda, Rua bolsa 434-nji ýylda ölýär. Ruanyň ölüminden soň Monjugyň uly ogly Bleda hakan bolýar. Bleda (Blidas) hökmünde ýazylan bu at ''bildä'' - ''blidä'' - ''bil-gä'' sözi bilen gadymy türkmençe sözi bilen kybapdaş ''akylly, bilgir baştutan'' ýaly manylary aňladýar.
Bleda tagta geçen wagtlary kiçi jigsi Attilany hökümdarlyga geçirýär. Attila bilen birlikde 10 ýyl Hun tagtyny paýlaşan Bledanyň ölümine çenli (445 ý) syýasy gapma-garşylyklar hakynda maglumat ýokdur. Zowky-sapa sürmegi gowy görýän Bleda hakynda diňe döwrümiziň taryhçylary I Balkan ýörüşlerindäki Wiminacium, Sirmium ýaly Gündogar Rim şäherlerini ele geçiren Attila däl-de Bleda goşun birlikleri bilen amala aşyrypdyr. Bular çaklamalardan öte gitmese-de Bleda Margus ýaraşygyndan soň Sorosguslar ýaly käbir kowumlaryň hökmi astyna alynmagyna Bleda rol oýnapdyr.
Attilanyň jigsi Bledany öldürendigi ýazylan taryhy çeşmelerde şeýle ýazgylar bar: Jigsiniň jenaýatyndan soňra Attila müňlerçe adamyny söweşe zorluk-sütem ulanyp diýen ýaly çekipdir (Jordanes - Got asylly Wizantiýaly taryhçy). Hun patyşasy bolan jigsini öldürdi we onuň halkyny öz häkimiýeti astyna aldy (Prosper - Tiro möhüm seneler ýazgysy). Ýokarşa orta atylan çaklamalar Priskosyň ýiten eserinden peýdalanan Jordanesiň ýazgylarydyr. Bu maglumatlardan ýola çykan häzirki taryhçylary şeýle diýýärler: ''Ruanyň ölüminden soňra Bleda ýeketäk we kuwwatly Gun tagtyna geçýär. Attila bolsa 10 ýyllyk planlarynyň netijesinde jigsini öldürýär we häkimiýeti eýeleýär. Ýöne Gun ülkesine syýahat eden Priskosyň ýazgylarynda, onuň daýanan çeşmelerinde şeýle maglumatlar ýokdur. Diňe Ýordanes bolmak bilen käbirleri Priskosyň eseriniň ýiten gysymlaryna daýanýan bolsalar-da muňa garşylykly ýazgylar hiç hili ýokdur. Priskos Gun ülkesinde syýahat edýärkä Bledanyň dul aýaly bilen görüşýändigi hakynda-da hiç hili ýazgy ýokdur.
Aýratynam Bledanyň adynyň geçen ýerlerinde onuň öldürilendigine degişli hiç hili maglumatlara duş gelinmeýär. Attila agasy Bledany öldürip Gun tagtyna geçmekçi bolsady on ýyllap oňa goşulyp, ony goldamazdy.
Attila döwründe Wizantiýa garşy alyp baran iki gezeklik Balkan ýörüşini geçirýärkä Dunaý derýasynyň boýundaky Gündogar Rim gaçybatalgasy çökýär, şeýdip Wizantiýa agyr bergilere sezewar edilýär. Gündogar Rim imperatory Attiladan dynmak üçin kast edilşik gurnasa-da muny başarmaýar.
Attila Günbatar Rim imperiýasyna tarap ýörüş üçin taýýarlanýardy bir ýandan diplomatik gatnaşyklary hem ýola goýýar. Günbatar Rim imperatory Walentinianus III gyz jigsi Honoriany tagta geçirýärkä onuň bilen şärikdeş bolmazlyk üçin aýrylyşýar. Ýöne köşkde çykan tolgunmalar sebäpli gyzjigsini Konstantinopola (Stambul) ugradýar we köşkde gözastynda saklanýar. Honoria gizlinlikde Attiladan kömek soraýar. Oňa nika altyn ýüzügini hem ugradýar. Teklibi kabul eden Attila Walentinianusdan Galliýa sebitini soraýar. Attilanyň bu talaplaryny Gündogar Rim imperatory Feodos II kabul edilerinden gorkan imperator Honoriany yzyna çagyryp 450-nji ýylyň bahar aýlarynda durmuş toýuny tutýar. Bu Attila söweş bahanasy bolýar. Gündogar Rim imperatory Feodes II 450-nji ýylda aw awlaýarka atyndan ýykylyp öleninden soň, Feodes II jigsi Palkeriýa (Pulçheria) öýlenip, kyn ýagdaýda galan Täze Rim imperatoryndan (Markianos) hem birnäçe talaplary ýerine ýetirtýär.
Güýçli döwlet birleşigini ýola goýan Attilanyň hökümet merkeziniň (paýtagtynyň) nirede ýerleşendigini gözleglere kynçylyk döredýär. Birnäçe taryhçy Attilanyň saraýynyň Rua döwründe goşunlarynyň oturýan Tisa töweregine golaý bir ýerlerde ýerleşendigini, käbirleri bolsa ýeriň belli däldigini pikir edýärler. Gun hökümet merkeziniň nirededigini aýtmak kyn hem bolsa-da taryhy çeşmelerdäki maglumatlar yşygynda Attilanyň Erdelde (Rumyniýa) we Maros derýasynyň mekanyndaky Wenanyň her dürli ýerlerinde uly öýleri we köşkleri bolandygy bellidir.
452-nji ýylyň bahar aýlarynyň başlarynda Attila goşuny bilen Rim ýörüşine çykýar we günbatar Rimi häkimýet astyna alýar. Attilanyň Mediolonumdaky (Milan) köşge giren wagty imperatoryň tagtyna geçip, patyşalaryň imperatora çäresiz ýagdaýda sowgatlar hödürleýändiklerini görkezýän freskany görüp ýanyna bir hudožnigy çagyryp oňa tagtda özüniň oturan ýagdaýynda Günbatar Rim bilen Gündogar Rim imperatorlaryny aýaklaryna ýykylyp haltadan ýyllyk salgyt bergi berýän teňňeleri döküp hödürleýän şekli çekmegi buýrandygy aýdylýar.
Attila Italiýany terk edip Dunaý derýasyna dolanyp barýarka ýolda gören Ildiko atly owadan gyza 453-nji ýylda öýlenýär. Ýöne şol gije Attila ölýär.
Taryhçy Priskosyň aýtmagyna görä, şerap we ukynyň beren agyrlygy netijesinde arkan ýatanynda burnundan bölek bölek gan pürkmäge başlapdyr. Gan bokurdagyna akyp ömri soňlanýar. Ertesi gün hakanyň adamlary gapyny açyp içere gireninde Attilanyň üstünde dady-perýat edýän bu gyzy görýärler.
Attilanyň öýlenen gyzy Ildikonyň asly belli däldir. Onuň German, ýa-da Got asyllydygy pikir edilse-de, aslynyň nirelidigi anyk belli däldir. Aýratynam soň-soňlar dessanlarda we eposlarda ady we asly üýtgäp garym-gatym bolupdyr.
Attilanyň bolsa şol döwürler näbelli hassalyk sebäpli öldümi, ýa-da aýaly tarapyndan zäherlenip öldürildimi belli däl. Eger aýaly tarapyndan öldürilen bolsady bu planlanan hadysa taryhy çeşmelerde yz galdyrardy. Bu waka, soňlar diňe dessanlarda ulaldylmaga başlanypdyr. Çünki taryhy çeşmeler hem gynansakda wakalar sessiz galýar.
Attila dünýäni basyp almak üçin planlar gurupdyr. Ilkibaşda ikä bölünen Gündogar we Günbatar Rim imperiýalaryny ýykmakçy bolupdyr. Konstantinopol (Stambul) gabawy bilen Gündogary, Mawriakus söweşi bilen Günbatary ysgyndan gaçyrýar. Attila 434-nji ýyldan 445-nji ýyla çenli jigsi bilen, 453-nji ýyla çenli hem özbaşyna 19 ýyllap hökümdar bolupdyr. Gündogarda Skifler ülkesini, Günorta Russiýadaky Gun uluslaryny häkimýet astyna alyşy ýaly, Eýrany hem eýelemekçi bolandygy çak edilýär. Günbatarda Germen uluslarynyň köp bölegini boýuntyrygy astyna alýar. Soňra Sasanilere garşy söweş planlaryny hem düzüpdir. Ýöne biwagt ölmegi bilen onuň planlary puja çykýar.
Priskosyň aýtmagyna görä mazarynyň baş ujunda strawa diýilýän jynaza tagamy iýileninden soňra Attilanyň jesedi biri-biriniň yz ýanyndan üç sany tabyda salynýar. Bularyň birinjisi altyn, ikinjisi kümüş, üçünjisi bolsa demirdendir. Demir - taýpalary ýeňendigi, altyn we kümüş bolsa Rim imperatorlygynda gazanan ýeňişlerini aňladypdyr. Jaýlanyş işi gijeleýin we gizlinlikde geçirilýär. Söweşde duşmandan alynan ýaraglar, altyndan edilen esbaplar we patyşalygyny alamatlandyrýan zatlar mazarlyga goýulyp jaýlanypdyr. Ýöne Attilanyň nirä gömülendigi belli däldir. Diňe mazarynyň Dunaý we Tisa aralygyndaky ýeriň gündogar tarapyndadygy çak edilýär. Aýratynam Ýordanesiň ýazan mazary gazanlaryň öldürilendigi sebäpli Attilanyň nirä gömülendigi hakynda anyk maglumat ýokdur.
Attilanyň fiziki aýratynlyklaryna, kişiligine degişli Ýordanes şeýle ýazýar: ''Kowumlaryň sarsylmazy, bütin dünýäniň gorkusy üçin doglan adamdy, ol hakynda ýaýran gorkunç habarlar sebäpli hemme kişem ondan gorkardy. Gaharyna çalt ädim ädip ýörärdi, gözleri yşyk saçardy, ynamly ädimlerini we göwresiniň hereketleri bilen düşündiýärdi. Söweşi hemme zatdan beter söýmegine garamazdan pikirlenip hereket ederdi, birnäçe zady oýlanyp çözerdi. Merhemet soraýanlara rehim ederdi we özüne wepaly bolanlara hem rehimlidi. Gysga boýly, giň omuzlydy. Uzyn boýy bilen deňeşdirilende gözleri kiçidi. Seýrek sakaly agyrakdy. Onuň tekiz burny we tagaşyksyz ýüzi, asyllydygynyň tagmasyny belli edýärdi. Akylly we mekirdi. Haýbat atyp hereket etjek ýerinden çykyp başga bir ýerden hüjüm ederdi''.
Priskosyň ýazanlary bolsa şeýleräk: ''....bize we beýleki wagşylara gaty süýji we lezzetli naharlar getirildi. Beýleki skiflere we bize kümüş tabaklarda, Attila bolsa agaç tabaklarda et getirdiler. Her wagt kanagatlydy. Myhmanlara altyn we kümüş bulgurlar berip özüniň bulgury bolsa agaçdandy. Egnindäki eşikleri, aýakgaplary, gylyjynyň daşy we atynyň esbaplary hem esgerleriniňkiden hiç tapawudy ýokdy. Beýleki skif serkerdeleriniň şolar ýaly ýarag esbaplary altyn we gymmatbaha daşlar bilen bezelendi, gözüňi gamasdyrdýardy. Özüniňki bolsa beýle däldi. Ýöne beýlekilerden tämiz, arassa görünýärdi.


JEZALANDYRYJY GYLYÇ ATTILA
Elif Eda Özdamla

Terjime eden: Jeksparro


1 лайков 117 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Jacksparro
Автор 07 янв 2024, 20:32
Suratda 2001-njy ýylda kinofilmde Gun serdary Attilanyň keşbini Rori Makkan janlandyrdy....
Soho
07 янв 2024, 20:55
JackSparro,
Filmde Atilla-nyñ keşbini Jerard Battler janlandyrýar
Jacksparro
Автор 07 янв 2024, 20:59
Soho,
Hawa sen dogry aýdýaň! ýalnyşypdyryn bagyşlarsyňyz...