Nämüçin Ýewropa?!

NÄMÜÇIN ÝEWROPA?!

Demirgazyk Atlantikadaky uly adalar toplumynyň ýaşaýjylary Awstraliýanyň günortasyndaky uly adalary eýelemegi taryhyň iň geň galdyryjy wakalarynyň biri. Kolumbyň ekspedisiýasynyň öňüsyrasynda Britan adalary we bütin Günbatar Ýewropa, Ortaýer deňiz ýurtlarynyň eýeçiligindäki ýerleriň aýakujyndaky, hiç hili degerli wakalaryň bolup geçmeýän nämöhüm ýerleridi. Iň bolman Rim imperiýasy – häzirki döwürden öňki ýeketäk ýewropa imperiýasy hem esasy resurlaryny Demirgazyk Afrika, Balkan we ýakyn gündogar sebitlerinden alýardy. Rimiň günbatary ýabany we garyp, ol ýerden diňe gullar we magdan alynýardy. Demirgazyk ýewropanyň ýaşaýjylary bolsa şeýle bir wagşy we az ilatly bolansoň, ol ýerleri asla basyp almaklyk hakynda pikir hem edilmeýärdi.
Diňe XV asyryň ahyrynda Ýewropa häzirki zaman harby, syýasy, ykdysady we medeni ideýalaryň merkezine öwrüldi. 1500-nji we 1750-nji ýyllar aralygynda Günbatar Ýewropa güýçlenip, “daşarky dünýäni”, ýagny iki Amerika yklymyny we okeaniýany eýeledi. Ýöne şonda-da Ýewropanyň kuwwaty Aziýanyňky bilen deňeşdirerli däldi. Ýewropalylar deňizlerdäki agalyklaryny Amerikany basyp alanlary üçin däl-de, eýse Aziýa deržawalarynyň deňiz we deňiz üsti uzak ýörüşlere gyzyklandyrma bildirmändikleri sebäpli gazandylar. Häzirki zaman döwrüniň başlangyç ýyllary (1500-nji ýyllar) Ortaýer deňiz Osman imperiýasy, Sefewi Eýran imperiýasy, Hindistandaky Mogol imperiýasy we Hytaýdaky Ming we Çing nebereleri üçin altyn asyr boldy. Olaryň hemmesi öz sebitleriniň çägini giňeldip, demografik we ykdysady ösüşe ýetdiler. 1775-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň 80%-mi Aziýanyň paýyna düşýärdi. Diňe Hindistan bilen Hytaý dünýädäki öndürilýän önümiň üçde iki bölegini öndürýärdi. Ýewropalylar olaryň ýanynda ykdysady girdenekdiler.
Agyrlyk merkezi diňe 1750-1850-nji ýyllar aralygynda Ýewropa geçdi, birnäçe söweşden soň ýewropalylar Aziýadaky deržawalaryň güýçlerini gowşadyp, Aziýanyň ep-esli bölegini eýelemegi başardylar. 1900-njy ýyllarda ýewropalylar dünýä ykdysadyýetiniň we gury ýeriň birnäçe bölegini öz eline aldylar. 1950-nji ýyllarda Ýewropa we ABŞ bilelikde dünýädäki öndürilýän önümiň ýarysyndan gowragyny emele getirýän bolsa, Hytaýyň oňa goşýan goşandy 5%-e çenli azaldy. “Ak adamyň” howandarlygyndaky täze dünýä tertibi we täze dünýä medeniýeti kemala geldi. Häzirki wagtda ähli halklar geýnişleri, pikirlenişleri we tagamlary boýunça (muny boýun almak islemeselerde) doly ýewropalylaşdylar. Olaryň ritorikasy antiýewropaçy görünse hem Ýeriň ähli ýaşaýjylary diýen ýaly syýasata, medisina, uruşlara we ykdysadyýete olaryň gözleri bilen garaýarlar, ýewropa äheňindäki aýdymlary diňleýärler we ýazýarlar. Iň bolman soňky ýyllar güýçli depginli ösüp barýan, birwagtky kuwwatyna dolanmana höwes edýän Hytaýyň ykdysadyýeti hem ýewropa önümçiligi we maliýa modelleri esasynda gurulýar.
Ýewraziýanyň sowuk künjeginden çykan halklara nädip dünýäni boýun egdirtmek başartdy? Bu işi amala aşyrmakdaky esasy roly alymlara berýärler. Sözsüz, 1850-nji ýyldan başlap dünýäde ýewropalylaryň agdyklyk etmeklerine harby-senagat-ylmy we tehnologiýa üstünlikleri sebäp boldy. Häzirki zaman döwrüniň giçki döwürlerinde islendik az ösüşe eýe bolan imperiýa tehnologiki inowasiýa umydy bilen ylmy gözlegleri artdyrdy we hökümet köp alymlary täze ýarag, derman we maşyn oýlap tapmagy üçin özüne baglady. Afrikada söweşen ýewropaly esgerleriň arasynda: “Her niçegem bolsa bizde pulumýot bar, olarda bolsa ýok” diýen aýtgy meşhurdy. Raýat tehnologiýalary hem yzda galmaýardy. Esgerler konserwirlenen iýmitleri iýýärdiler, demir ýollar we gämiler işgärleri we esgerleri daşaýardy, täze derman serişdeleri matroslary, esgerleri we demir ýolçylar tiz sagaltýardy. Logistikanyň üstünlikleri Afrikany basyp almakda pulumýotdan hem has möhüm boldy.
Emma bu diňe 1850-nji ýyldan başlap şeýledi. Ondan öň harby-senagat-ylmy toplumlar düwünçeklik döwrüni ýaşaýardy, ylmy rewolýusiýanyň miweleri entek ýetişmändi we Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň güýçleriniň arasynda ýiti tehnologiki tapawut göze ilmeýärdi. Jeýms Kuk şübhesiz 1770-nji ýylda Awstraliýanyň aborigenlerinden tehnologiýa taýdan has kämildi, ýöne hytaýlylar we türkler hem ýaraglanşy boýunça ondan pes däldi. Onda näme üçin Awstraliýany kapitan Jeýms Kuk açdy-da, Wan Zhenge ýa-da Hüseýin paşa açmady? Ýene bir özüni çekiji sorag: 1770-nji ýylda ýewropalylaryň ösüşde musulmanlardan, hindilerden we hytaýlylardan görnüp duran artykmaçlyklary bolmasa-da, nädip ýüz ýylyň içinde bütin dünýäden ara açmany başardylar? Näme üçin Angliýa öňe gidişlikde böküş amala aşyranda, Fransiýa, Germaniýa we ABŞ-lary onuň yzyny eýerdi-de, Hytaý yzda galdy? Näme üçin senagat we senagat öňjesi ýurtlardaky ara tapawutlylyk global syýasy we ykdysady faktora öwrüldi, näme üçin Rossiýa, Italiýa we Awstriýa ýaly döwletler bu tehnologiki ara tapawutlygy gysga wagtda ýeňip geçdilerde, Eýran, Müsür we Osman imperýalary başarmadylar? Sebäbi ilkinji senagat tolkunynyň tehnologiýalary ýönekeýdi. Eýse hytaýlylar ýa-da Osman imperiýasynyň raýatlaryna ilkinji bug hereketlendirijileri gurmak, pulumýot öndürmek ýa-da demir ýollary çekmek şeýle kyndymy?
Dünýädäki ilkinji söwda demir ýoly 1830-njy ýylda Angliýada açyldy. 1850-nji ýyla çenli uzynlygy 40 müň kilometre ýetýän demir ýollar günbatar ýurtlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ýöne şol wagt tutuş Aziýada, Afrikada we Latyn Amerikasynda demir ýollaryň umumy uzynlygy bary-ýogy 4 müň kilometre barabardy. 1880-nji ýylda günbatar ýurtlarynda 360 müň demir ýol bar bolsa, dünýäniň beýleki ýerlerinde ol 10 esse azdy (galanlaryň ählisi diýen ýaly iňlisleriň Hindistandaky çeken demir ýollarydy). Hytaýda ilkinji demir ýol 1876-njy ýylda peýda boldy we onuň uzynlygy bary-ýogy 25 kilometre barabar bolup, ýewropalylar tarapyndan gurlupdy. Bu demir ýoly bir ýyl soňra Hytaý hökümeti sökmegi buýurdy. 1880-nji ýyla çenli Hytaý imperiýasynda işleýän ýekejede demir ýol galmady. Näme üçin ýarym asyryň içinde hytaýlylar demir ýollaryň peýdasyna görüp, olary gurmany we ulanmany öwrenmediler? Eýrandaky ilkinji demir ýol 1888-nji ýylda Tähran we paýtagtyň 10 kilometr günortasynda ýerleşýän musulmanlaryň mukaddeslikleri arasyndaky araçäklikde gurlupdy. Bu demir ýoly çekenler we soňra hyzmatyny edenler belgiýalylardy. 1950-nji ýylda tutýan meýdany boýunça Angliýadan 7 esse uly bolan Eýranda demir ýollaryň umumy uzynlygy 2500 kilometrdi.
Hytaýlylar we eýranlylar üçin çözüp bolmajak esasy mesele tehniki oýlap tapmalar däldi, sebäp tehnologiýa önümlerini nusgalyk satyn alyp göçürse bolýardy. Olara günbatar ýurtlaryndaky ýaly ösen tehniki gymmatlyklar we mifler, kazyýet we jemgyýet-syýasy gurluşlar ýetenokdy. Muny bolsa çalt göçürip özleşdirip bolmaýardy. Fransiýa we ABŞ-lary Britaniýanyň yzyny eýerip bilýärdiler, sebäbi olaryň esasy tehnologiki mifleri we jemgyýetçilik gurluşlary birmeňzeşdi. Hytaýlylar we eýranlylar bolsa ýewropanyň yzyndan ýetip bilmeýärdiler, sebäp olaryň jemgyýetçilik gurluşlary we pikirlenişleri başgaçady.
Bu düşündiriş 1500-1850-nji ýyldaky wakalara täze öwüşgin berýär. Şol döwürlerde Ýewropa intäk Aziýa deržawalarynyň ýanynda tehnologiki, syýasy, harby we ykdysady artykmaçlygy bolmasa-da 1850-nji ýylda duýdansyz ýüze çykjak potensialy toplapdy.
1750-nji ýyldaky Ýewropa, Hytaý we musulman dünýäsindäki deňlik ýöne bir sudurdy. Iki sany gurluşykçynyň beýik diň galdyrýanyny göz öňüňize getiriň. Biri agaç we palçykdan galdyrsa, beýlekisi demir we beton ulanýar. Ilki başda iki usulyňam arasynda känbir tapawut göze ilmeýär, diňler takmynan bir tizlikde ösýär we ikisi hem bir beýiklige ýetýär. Ýöne haçanda agaç we palçykdan galdyrylýan diň özüniň kritiki beýikliginden ýokary geçen halatynda ýumrulýar, demir we beton diň bolsa beýgelmesini dowam edýär we asmana göterilýär.
Häzirki zaman döwrüniň başynda Ýewropa haýsy potensiala eýedi? Oňa bu döwrüň ahyrynda bütin dünýäni eýelemäne näme mümkinçilik berdi? Bu soraglaryň iki sany biri-birine baglanşykly jogaby bar: ylym we kapitalizm. Ýewropalylar ylmy we kapitalistik pikirlenmäniň miwesini görmezden ozal, özlerini ylmyň düzgünlerine we kapitalizmiň kadalaryna laýyklykda alyp barmaklygy endik etdirdiler. Haçanda altyn açyşlar başlananda ýewropalylar garaşylmadyk baýlygy beýleki siwilizasiýalara garanda has gowy peýdalanmagy başardylar. Ylym we kapitalizm Ýewropa imperializminiň XXI asyrda dünýä goýup giden esasy mirasyna öwrüldi. Indi dünýäni ýewropalylar dolandyrýar, emma ylym we kapitalizm olardan hem güýçli.
3 лайков 151 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
Автор 27 июн 2022, 16:16
Käbir harp ýalňyşlyklaryna düzediş girizdim. (@Jeksparro aýdanyň üçin sag bol)
Şamuhammet
27 июн 2022, 18:26
Hiayress
Käbir harp ýalňyşlyklaryna düzediş girizdim. (@Jeksparro aýdanyň üçin sag bol)



Döwrüň taryhçylarynyň ýazgylary ýaly bolupdyr.