Wak-wak ýurdunyň geň-taňsylyklary
suratda: Al-Idrisiniň kartasynda Wak-wak ýurdunyň ýerleşişi.
WAK-WAK ÝURDYNDAKY GEŇ-TAŇSYLYKLAR
Wak-wak ýurdunda ösýän ösümlik hakda Muhammet ibn Nejip Bekranyň ''Jahannama'' atly traktadynda şeýle maglumatlar bar: Wakwakda adamyň şekiline meňzäp duran ösümligiň bir görnüşi bar. Ol ösümlikde adamyň agzalarynyň hemme şekili bar. Oňa ''setreng'' ýa-da ''adamgiýah'' (''adamösümlik'') diýýärler. Ony ýerden köwläp alan adam heläk bolup ölýär. Şonuň üçinem bir aç iti ýüp bilen ol ösümlige daňýarlar we uzakdan ite nan görkezýärler. It nan tarapa ylganda ösümligi goparýar. Şondan soň bolsa it ölýär''. Şol Jahannama atly traktatda Wakwakyň altyn känleri hakynda hem şeýle maglumatlar bar: ''Dünýäde altyn we kümüş känleri barmak basyp sanardan köpdür. Dünýäde altynyň dagdan köwlenip alynman, eýsem, aňsatlyk bilen ýerden tapylýan känleri bar. Olaryň biri Çiniň aňry çetinde, Wak-wak we Besila diýilýän ýurtlardyr. Bu ýerlerde altyn gorlary örän köp. Olarda altyn köwlenip alynmaýar. Altynlar ýeriň ýüzünde tokga görnüşinde köp tapylýar. Hatda bu ýerde itleriň boýun bagyna çenli altyndan edýärler...''
* * *
Wak-wak ýurdy ýa-da Wak-wak adasy hakynda Orta asyr Arap edebiýatynda we onuň geografiki çäkleri hakynda birnäçe eserler bar bolup olaryň köpüsi biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.
Orta asyr arap çeper edebiýatynda meşhur Wak-wak adasy Hytaýyň deňziniň aňyrsynda ýerleşýär. Bu adany şa aýal dolandyrýar we bu ýerde ähli aýal-gyzlar ýaşaýaýandygyny Al-Kazwiniň ''Gudratyň döreýşi, gudratlar'' atly eserinde gürrüň berilýär. Ibn Hordadbeg Wak-wak hakynda iki gezek ýatlaýar: ''Hytaýyň gündogarynda altyna baý Wak-wak topraklaryndaky ýaşaýjylar ondan itleri we maýmynlary üçin zynjyr ýaşaýarlar.
Altyndan dokalan köýnek öndürýärler. Bu ýerde ajaýyp ebony bagy bar. Wakwakdan altyn we ebony eksport edilýar''.
Tome Piresiň Gündogar Suma, Jawa halklary barada: '''Ýakasy we altyn-kümüş halkalary bilen ajaýyp depeleriniň'' bardygyny belläp geçýär bu bolsa Ibn Hordadbegiň Wak-wak ýurdy hakyndaky beýanyna laýyk gelýär.
1154-nji ýylda Al-Idrisi özüniň Dünýä kartasyny çyzanynda Al-Wak-wak ýurdy kartanyň çep tarapynyň günorta-gündogarynda ýerleşdirip çekipdir.
X asyrda Ajaýyp al-Hind (Hindistanyň täsinlikleri) atly arap hasabynda Wak-wak atly adamlar Afrikadan gelipdirler diýilýär. Belkäm Malaýziýalylar Siriwijaýa ýa-da Matarlaryň Javaneseasy 945-46-njy ýyllarda bu kenara gelipdirler.
Tanganika we Mozambik 1000 gaýyk bilenn Kanbalonyň berkitmesini ele geçirmäge synanyşdy, ýöne netije şowsuz gutardy. Hüjümiň sebäbi bu ýerde pil we pyşdyl gabyklary, panteranyň derisi, amber ýaly Hytaý üçin amatly harytlaryň bolmagy, şeýle hem Bantu halklarynyň gullaryny isleýändikleri üçindi.
Wak-wak hasabatynyň ''Ajaýyp al Hindistanda'' doly ýazgysy: Altyn ýurtlaryň meşhur syýahatçysy Ibn Lakisiň ady bilen tanalýan Jafar bin Raşid maňa wak-wak bilen baglanyşykly käbir üýtgeşik zatlar hakda gürrüň berdi. Miladydan öňki 334-nji ýylda (945. ý) Wak-wak müň gämi bilen Kanbalo şäherine aýgytly hüjüm etmek üçin ýola çykypdyr. Emma
Kanbalo şäheri berkidildi we ony eýeläp bilmediler. Gala hüjümçileri bilen gepleşik geçirilende olar bu Wak-wak ýurdunda we Hytaýda pil süňkünden, pyşdyl gabygyndan, pantera derisinden we amberden gymmatly harytlaryň bardygy üçin we Zenj halkyndan gul almak isleýändikleri üçin gelendiklerini aýdypdyrlar. Soňra Kanbalodan alty günlik ýolda birnäçe adany taladylar, soň köp şäheri taladyrlar...''
Awtor Ibn Lakisiň Wak-wak adalarynyň Hytaýyň garşysynda ýerleşýändigi hakyndaky gürrüňi bu wakany dogry hasaplaýar.
Wakany ýazyjy awtor: ''Wakwakyň köp sanly ýaşaýjysynyň bardygyny we olaryň käbiriniň daşyndan türklere meňzeýändigini aýdýar. Allatagalanyň jandarlaryndan iň zähmetsöýeri olardyr, ýöne olar dönük, mekir we ýalançy'' diýip ýazypdyr.
Abdul Hasan al Isfahani tarapyndan ýazylan ''Kitab al-Bulhan(XIV asyr) atly golýazma kitapda Wak-wak atly bagyň täsinlikleri we şol kitapda iniňi tikenekledýän şekil çekilen. Şol suratda bagyň şahalarynda asyl-asyl bolup duran adamyň kelleçanaklary bar.
Seredilip oturylsa bu baglar zakgum atly miwesi adamyň kelle skeletine meňzeş bir agaç eken. Zakkumyň miweleri bolsa şeýtanyň kellesine meňzeş diýlip aýdylýar.
Filippin adalaryndaky halklaryň käbirinde bolsa zenansypat uly ýergenatlar ýa-da göwresi bil çanagy bilen gapyrga aralygyndan ýolunan Wak-wak atly zenan ýerganatlary hakynda aýdylýan rowaýatlar, kyssalar meşhurdyr. Belkäm bu kyssalar özüniň gözbaşyny Wak-wak adasyndan alyp gaýdan bolara çemeli...
Toplap terjime eden: Jeksparro

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.