Müsür piramidalary Jahannamada
MÜSÜR PIRAMIDALARY ''JAHANNAMADA''
Piramida binasyna Muhammet ibn Nejip Bekranyň ''Jahannama'' atly gymmatly traktadynyň 16-njy bölüminde ''Heremeýn-i Çarsu'' diýipdirler. Şol bölümde Müsür piramidalarynyň täsinligine bagyşlanyp ýazylan şeýle ýazgylar bar: ''Müsür welaýatynyň Fustat şäheriniň iki parsahlygynda, Niliň günorta-gündogarynda uly binalar bar. Olaryň içinde iki sanysy has hem uly. Olara ''heremeýn-i çarsu'' (inedördül iki piramida) diýilýär. Onuň her tarapynyň uzynlygy we giňligi dört ýüz gezek barabar. Hatda beýikligi hem dört ýüz geze deň. Ol aşakdan ýokarlygyna inçelip gidýär. Çür depesine ýetende bir düýe ýatyp biläýjek meýdan galýar.
Aýdyşlaryna görä, bu iki piramida aslynda bir bina bolup, ol goşalandyrylan sypatda we iki kelleli görnüşde gurlupdyr. Ses -sedasyz duran bu binalaryň içinde adaty binalardaky ýaly boşluk ýok. Emma onuň içinde bir ýol bolup, şol ýoldan onuň depesine çykmak bolýar.
Onuň ýüzünde ýunany dilinde ''Bize öz ýurdumyzda şeýle binany gurmak miýesser etdi. Bizden soň patyşalyga dawa edýänlere: ''bu binany haraba eýle!'' diýip aýt. Çünki ýykmak gurmakdan aňsatdyr'' diýen ýazgy bar. (Bu ýazgyda bina gurýan hökümdarlar bilen ony ýykdyrýan hökümdarlaryň derejesi deňeşdirilýär.)
Aýdyşlaryna görä, Anuşirwan kisranyň döwründe bu binany ýykmakçy bolupdyrlar. Ony ýykmak üçin ýurduň ähli malynyň sarp edilýändigine garamazdan, bir günüň dowamynda paltadyr kerki bilen edilýän işiň möçberi sähelçe bolupdyr. Ony ýykmakda şeýle bolýan bolsa, onda gurlanda nähili bolduka?!
Ýene-de onuň ýüzünde ''Buniýel-häramäni wen-nesrul-wakyg-wakyg fis-seratan'' (Bu iki keramatly bina Wega (awuna inen bürgüt) ýyldyz topary Leňňeç ýyldyz toparynyň içindekä guruldy'') diýen ýazgynyň bardygy hakynda gürrüň edýärler. Bu gürrüň ýalan toslamadyr. Emma onuň has gadymy binadygy welin hakdyr. Şeýle hem, onuň Müsüriň hökümdarlarynyň biriniň görüniň üstüne nyşan hökmünde galdyrylandygy aýdylýar.''
* * *
Indi bolsa onuň nähili gurlandygy hakynda Arap Taryhçysy Ebu Zeýd el Balhy şeýle aňladýar:
''Uly kerpiçe meňzeş kesilen daş bölekleri gozgamak we daşamak üçin, onuň üstüne käbir ýazgyly nyşanly papiruslar goýulýar. Soňra bir owuç ululygynda we biri-biriniň içine giren halkalardan ybarat enjam daşyň üstüne ýetirilip, halkalar beýlesine öwrülýär. Şondan soňra daş bölegi agyrlygynda ýerinden gozganar we uly daş bölegi goýulmaly ýerine äkidilýär''.
Bu aýdylanlar Geredotyň Taryh kitabyndaky aýdylanlar bilen meňzeşdir.
@Jeksparro

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.