Möjek (gurt/kurt) we möjekden döreýiş efsanalary

MÖJEK (GURT/KURT) WE MÖJEKDEN DÖREÝIŞ EFSANALARY

Beýik Hun imperiýasy dörände Hunlardan başga Orta Aziýada güýçli başga-da döwletler bardy.
Şolaryň içinde Wu-Sunlar (bu atlandyrma hytaýçadyr) we Kao-Çylar (bu atlandyrma hytaýçadyr) esasy ýerdedi.
Çyn taryhy çeşmelerinde ''Möjek (gurt) bilen baglanyşykly has gadymy efsana Wu-Sunlara degişlidir.

Wu-sunlaryň möjekden döreýiş efsanasy

Hun hökümdary Wu-sun patyşasy bilen uruş yglan edipdir. Bu söweşde Wu-sun patyşasy öldürilýär. Onuň heniz çaga ogly Kun-moýany dözmän öldürmeýär. Wu-sun patyşasynyň ogly Kun-Moýany bolsa çöle taşladýar.
Bu çaganyň depesinde, uçýan garga aýlanyberipdir. Ol çüňki bilen getiren eti oňa oklap uçup gidiberipdir. Soňra çaganyň daş-töwereginde urkaçy möjek gelip aýlanyberipdir. Ene möjek çaganyň ýanyna barypdyr we göwsüni onuň agzyna uzadyp ony doýýança emdirenden soň möjegem bu ýerden arany açypdyr.
Bu bolup geçýän zatlary Hun hökümdary hem uzakdan synlapdyr. Bulary gören badyna bu oglanyň keramatlydygyny bilip ony çölden getirdip adamlaryna tabşyrypdyr.
Çaga seredip ulaldylmagyny buýrupdyr. Oglanjyk ulaldygyça ýigit çykýar. Hun hökümdary ony goşunlaryna hökümdar edip belleýär.
Hun hökümdary Harby tälimde ussatlyk gazanan ýigide kakasynyň döwletini oňa berip ony Wu-sun patyşasy edip belläpdir.

Bu ýerdäki gürrüňi ediýän söweş ülkeleriň biri-birlerini ýok etmäge synanyşylan, pikir edýän söweşlerimiz däl. Inisiýasiýonda adamyň öz-özi bilen darkaş guran söweşidir.
Bu söweşden çykaryljak netije inisiýasiýonda adamyň özünini tanamagy, bilmegi we ylahy köküni ýatlamagydyr.
Ýöne bu ýerde düşündirilýän hakykat, materikleriň batmagy bilen birlikde göçülen täze materige gadymy bilimiň ýitip gitmezligini saklamakdy. Başga görüşlerde bolsa täze göç edilen merkezlerde başlanmaly inisiýatik işlenmeleriň ilkinji ädimidir.
Bu mifologiýanyň başlangyjy inisiýasiýony we gadymylygyň ilkinji ýatlamalaryny düşündirjek bolýardy?
Hawa... Soňra?..
Indi bolsa yzyny göreliň...
Muny görmek üçin ilki ýokardaky gürrüň beren efsanamdaky geçen esasy symbollary yzly-yzyna ýerbe-ýer goýalyň...
''Kakasynyň öldürilişi...''
''Ýeke başyňa çölde galmak...''
''Garga we Möjegiň çaga seretmegi...''
''Ýurduň hökümdary bolmak...''
Bularyň hemmesi ezoterik symbollardyr we Türk mifologiýasynda garşy-garşy ulanylypdyr. ''Kakasynyň öldürilişi'' gadymy materigiň ýok boluşy bilen birlikde hemme zada täzeden başlan adamzadyň symboludyr.
Türki mifologiýasynda geçen ogluň kakasyny öldürme symboly bilen gürrüňi edilýän kakasynyň öldürilmegi biri-birinden parhly manylara eýedir.

Käbir efsanalarda garşylaşýan ýaş gahrymanyň kakasyny öldürmeginiň näme manyny aňladýandygyny indiki sahypalarda düşündireris.

''Ýeke-başyňa çöllerde galmak'' ýokardaky symboluň dowamydyr. Geçmişiň ajaýyplygy yzda galýar we hemme zada täzeden başlamaga synanyşýan adamlary aňlatmakdan ybarat. Soňra bolsa geçmişiň bütin ýatlamalary ýatdan çykýar we suwsuz galan ülke ýaly çöllere dönýär. Suwsyzlykda kepäp, öňki çöken materikdäki ylym-bilimiň ýatdan çykmagy. Edil biziň şu wagtky ýagdaýymyz ýaly.
''Garga we Möjegiň çaga seretmegi'' gadymy bilimdarlykdan uzaklaklasdygyça gadymyýetiň ýatlamalary ony hiç haçan ýeke galdyrmaýar we her zaman ol gadymylygyň bilimdarlygy kosmik hökmünde olaryň ýanynda boldugydyr. Olar ony gowy tanaýan Siriusly barlyklardy. Garga läşleri, ýagny gadymy ýatlamalary süpürip aýyrýar, möjek bolsa olara täzeden başlajak düzgün bilen baglanyşykly bilim berýär. Soň bolsa görşüňiz ýaly möjek ol maglumatlary berýär we olary hiç haçan ýalňyz galdyrmaýar.
'"Ülkäniň hökümdary bolmak'' inisiýatik işlewlerde öz ruhy beýikligi bilen kişiniň garşylaşmagy we özüni bilmegini, ýagny aýdyňlanmagyny we oýanmagyny açyklaýar.
Türki Mifologiýasynda geçen iň gadymy ''Möjekden döreýiş efsanalarynyň ýene biri bilen dowam edeliň...

(dowamy bar)



ATALARYMYZYŇ GÖK TAŇRY DINI

Ergün Jandan

Terjime eden: @Jeksparro
4 лайков 86 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.