9-njy Şumer Plita ýazgysy
IX SÜMER ÝAZGYSY
Bu tabel Plita ýazgysy bize Nuh pygamberiň tupany hakynda gür berýär. Buz eýýamynyň soňlary, buzlar ereýär we suwlar joşup, daşmaga başlaýar. Tupan başlaýar. Hemmämiziň soraýan zadymyzyň jogaby şu ýerine gelende belli bolýar. Bir gämä hemme jandarlar nädip sygsyn? Bu akyla we mantyga sygjak zat däl.
Ine bu Plita ýazgyda Anunnakiler tupandan öň bütin jandarlaryň ''GENLERINI TOPLAÝARLAR..! Kosmos gämisi bilen Ýerden uçup tupan ýatyşandan soň gelip jandarlary genleri bilen täzeden köpeltýärler.
TAŇRY OGULLARY ADAMZAT GYZLARYNA ÖÝLENMÄGE BAŞLAÝARLAR
Lu-mahyň günlerinde Marduk we Igigiler Ýerdäkilere öýlenmäge başlaýarlar. Şol wagtlar Ýerde zorluk-sütem köpelýärdi. Şol wagtlar Lahmuwa guraklyk aralaşypdy we çaň-tozana bürelipdi saýýara... Kysmaty belleýän Anunnakiler; Enlil we Enki we Ninmah biri-birleri bilen maslahat edýärdiler. Ýerde we Lahmuda nämeler bolýarka, nämeler üýtgäp geçýärkä? Ine şu soraglaryň üstünde pikir alyşýardylar.
(ÝARADYLYŞ 6 bölüm
1. Ýer ýüzünde adamlar köpelmäge başlady, gyzlar dünýä geldi.
2. Taňry ogullary adam gyzlarynyň owadanlygyny görüp saýlap öýlendiler.
3. Reb ''Ruhum adamda soňsuza dek galmaz, çünki onuň başy ölümlidir'' diýdi, ''Ynsanyň ömri ýüz ýigrimi ýyl bolar''.
4. Taňry ogullarynyň adam gyzyna öýlenip çaga eýesi bolan günlerinde we ondan soň ýerýüzünde Nefiller (Gökden gelenler, ybranyça; düşen kişiler) bardy. Olar gadymy eýýamyň gahrymanlarydy, meşhurlarydy.
Indi maňa kimdir biri Bir Taňryly din hakynda açyklaýan Töwrat hakynda aýdyp bersin. Taňry ogullary bolýar, olar adamdan bolan gyzlara öýlenýärler, çagalary bolýar, bulara nefilim diýilýär, olar öňki döwrüň gahrymanlary bolýar. Birem Töwrady ýazanlar soňky basgyda Taňry ogullaryny Ylahy barlyklar diýip üýtgedýärler. Aşagyna-da bellik goýupdyrlar. Ybranyça Taňry ogullary, bularyň perişde ýa-da Şit neslinden gelen kişiler diýlip çak edilýär. Ak jüýjeligi erbetligindenem beter. Ýagny Taňry ogullaryna perişde diýmelimi ýa Şite Taňrynyň ogly diýmelimi, Şitiň nesli Şitiň nesline garyşyp-gatyşdymy diýmeli, Şit ylahy barlyk diýmelimi, Taňrynyňam bir ogly bolarmy? diýmeli? Näme diýmeli? Adam näme diýjeginem bilip bilenok.
TUPAN GELÝÄR
Günde syçraýan partlamalara syn edildi; Ýeriň we Lahmunyň çekilme güýjünde näsazlyklar bardy. Abzunyň Ak diýara (Antraktida) bakan iň soňky bölegini barlamak üçin enjamlar ýerleşdirilen. Enkiniň ogly Nergalyň we onuň aýaly Ereşkigala bu ýerde enjama gözegçilik etmekligi tabşyrdylar. Ninurtany Deňizleriň aňyrsyndaky (Amerika) diýara Planetaara uçmak üçin ýer gurnasyn daglykda diýdiler.
Lahmudaky Igigiler günlerinden nalaýardylar. Olary köşeşdirmek üçin Marduga tabşyryklar berlipdi.'' Lahmudaky aeropordy gorap saklamaly'' diýip baştutanlar Marduga gerekli zatlar hakda aýdyp berdiler. Kysmatlary buýrujy üçler biri-birleriniň ýüzüne garanjaklaşyp maslahat etdiler. ''Näçeräk garradykalar!'' diýip sorady. Adapanyň ölüminiň yz ýany ýas tutan Enki gürrüňiň arasyny bölenleriň içinde birinji bolup sorady:
LIDERLER NÄÇERÄK ÖRÄN TIZ GARRAÝANDYKLARY HAKDA GÜRRÜŇ GOZGADYLAR
''Bu ýere gelenim bäri ýüz sany agyp-dönüp şarlar geçdi'' diýdi jiglerine. ''O wagtlar syçrap duran baştutanlyk; a häzir bolsa sakally, ýadaw we garradym! Her zada höwesek gahrymandym bir döwürler, serkerdelik etmäge we syýahata taýyn'' diýdi Enlil. ''Indi bolsa çagaly-çugaly ogullarym bar, hemmesem Ýerde dogdular.
Ýerde garradyk ýöne Ýerde doganlar bizdenem beter tiz garraýarlar'' diýip Enlil puşmanlyk bilen aýtdy jiglerine. ''Maňa bolsa garran goýun (aýratynam Müsürde Ninmah goýun ýa-da sygyr teswiri bilen düşündirilipdir) diýýärler!'' diýip Ninmah hem olara goşuldy. Beýlekiler gelip-gidýärler we Ýerde gezekli-gezegine wezipe başyna geçýärler, A biz baştutanlar galdykla, galdyk bärde!!!! Belkäm gitmekligiň wagty gelendir'' diýip Enlil sorady. ''Menem şony etsek gowy bolarmyka diýip pikir etdim'' diýip Enki jogap berdi.
Üçümizden birimiz haçan Nibiruwa täzeden gitmek islesek, ol ýere dolanyp barmazlyga böwet boljak gürrüň eşitdik Nibirudan!
Menem şonuň pikirini etdim diýdi Enlil. Bu Nibirudan bolan bir zatlary ýa-da Ýerde bolanmy? Belkäm üýtgeşmeli ykbalyň döwürleri bilen baglanyşyklydyr diýýärdi Ninmah.
Üç baştutanlar bu zatlaryň anygyna-şänigine ýetmek kararyna geldiler. Bu gezek meseläni Kysmat ele aldy, ýogsam kadar täleými? Çünki bir wagtlar geçeninden soň Marduk kakasy Enkiniň ýanyna geldi. Kakasy Enki bilen örän çynlakaý mesele üçin gürleşmäge gelipdi.
MARDUK ÝENE KAKASYNA NALAÝAR
''Enliliň üç ogly Ýerde özlerine heleý saýlap aldylar: Ninurta Anunyň kiçi gyzy bolan Bauny saýlap aldy; Nannar, Ningaly saýlady we Işkur bolsa Şalany aldy. Ogluň Nergal gidip Enliliň agtyklaryndanbolan Ereşkigaly ýoldaş edip aldy özüne.
Ony öldürmek bilen haýbat atyp razylygyny zorluk bilen aldy ondan. Ilkinji ogluň bolan men, ýagny Nergal maňa garaşmandy''.
MARDUK BIR ÝERLI GYZA ÖÝLENMEK ISLEÝÄR
Bir gelin saýlap seçmek isleýärin, bir zenanly bolmakdyr dilegim! - diýdi Marduk kakasyna.
''Bu aýdanlaryň meni begendirdi'' diýdi Enki Marduga. Ejeňem begener saňa, şeý diýseň!!! ''Bulary Ninkä bir aýdyp berme'' diýip elini galdyryp yşarat berdi Marduk.
Enki ondan: ''Seni sagaldyp aýaga galdyranlardan birimi seň saýlanyň'' diýip soramaga başlady. Marduk onuň gulagyna pyşyrdap: ''Adapanyň neslinden ol, Nibirudan däl bu Ýerden...''
Enki muňa geň galdy, gürlär ýaly gürrüň tapmadyk; soňam ugruny ýitirip şeýle diýdi: ''Nibiru şazadasy, ogul bir ýerlä öýlenmelimi? Ýerli däl seniň nesliňden biri diýdi Marduk oňa.
Göge alynan Enki-Meniň bir gyzdyrma ol, Sarpanitdir ady! Enki şol wagt aýaly Ninkini çagyrtdy. Mardukyň aýdanlaryny oňa gürrüň berdi. Marduk ýüreginiň arzuwyny ejesi Ninkä: ''Enki-Me meň bilen ýolçulyk edýärkä we men oňa gökleri we Ýeri öwredýärkä, bir döwürler kakamyň aýdan bir sözüne gözlerim bilen şaýat boldum. Ahyry bu saýýarada ilkinji halk barlygy bize meňzeş, bir barlygy döretdik. Bize meňzeş we biziň suratymyzdaky Ýerli siwilizasiýa. Diňe uzak ömri gysga. Enkimeniň gyzlarynyňn birine gözüm gapyldy. Onuň bilen durmuş gurmak isleýän. Ninki oglunyň aýdanlaryny diňläp oýlanma batdy. A ol ýaş gyz, o saňa razylyk berdimi? diýip Mardukdan sorady. Marduk: ''Elbetde berdi!'' diýdi ejesine. Enki sesini gataldyp ''Esasy gürrüň o däl'' diýdi. ''Oglumyz oňa öýlenjek bolsa Nibiruwa asla gidip bilmez. Nibirudaky şazadyk hakyndan ömürlik üzülmeli '' diýdi.
(dowamy bar)
Zakariýa SEJIN
SÜMER PLITA ÝAZGYLARY
Terjime: @Jeksparrodan

7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.