Sümer Plita ýazgylary (5-nji plita/5 dowamy)
ANZU HÖKÜM EDILÝÄR
Ýagtylyk şol bir wagtyň özünde yzyna dolanyp gelen ýaly boldy. Tabellerdäki MEleriň uwwuldy sesleri täzeden eşidilip başlandy. Anzu Höküm çykaryjy ýedileriň huzuryna eltildi. Enlil we onuň aýaly Ninlil, Enki we ozallar Damkina ady bilen tanalan aýaly Ninki... Ninmah esasy kürsüde-di.
Ninurta eden etmişlerini aýdyp berdi. Marduk şeýle diýdi: ''Munuň günägeçişligi ýok, jezasy ölümdir. Igigiler şikaýat edýän bolsalar, dogry edýärler. Ýerde dynç almaga mesgen-mekanlary bolmaly'' diýip garşy çykandygyny aýtdy.
ANZU LAHMUDA (MARSDA) JAÝLANÝAR
Enki: ''Eden etmişi, bilgeşleýin eden işi Anunnakiler bilen Igigileri howply ýagdaýa saldy'' diýdi. Enki we Ninmah hem Enliliň aýdanlaryny makulladylar: ''Bu erbet niýet soňlandyrylmaly'' diýýärdiler.
Ýediler Anzuwa ölüm jezasyny berdiler. Yşykly ýagtylyk bilen Anzunyň janyny almaly. ''Jesedi akbabalara berlip terk edilsin'' diýdi Ninurta. Enki gürrüňe goşulyp şeýle diýdi: ''Rugsat berseňiz Lahmuda Alalunyň ýanyna jaýlansyn. Ikisem şol bir nesilden önüp ösdüler. Marduk jesedi Lahmuwa äkitsin, ol ýerde serkerde bolup galsyn'' diýdi. Enlil: ''Goý şeýle bolsun'' diýdi.
(Haçanam bolsa bir wagt Mars planetasyndan iberilen suratlarda Alalu we Anzunyň mazarlaryny göreris diýip umyt edýärin)
IGIGILERIŇ KYN IŞLERINI AŇSATLAŞDYRMAK ÜÇIN PIKIR EDILÝÄR WE MARDUK LAHMUWA SERKERDE BELLENÝÄR
Indi bu metal şäheri Bad-Tibiaranyň nädip gurulýandygynyň we kyrkynjy şarda Abzudaky Anunnakileriň topalaň turuzýandygy hakyndaky hekaýadan ybarat.
Ýigrimi bäşinji şarda Anzu höküm edildi, öldürildi. Igigileriň topalaňy şeýdip ýatyryldy, ýöne möwjeýärdi. Igigiler birahat bolmasynlar, aman-sag galandyklaryny görsünler diýip Marduk Lahmuwa ugradyldy. Enlil we Enki Ýerde üýtgeşmeler geçirmek we gozgalaňyň öňüni almaklygyň meseleleri hakynda gürrüň etdiler. ''...Ýerde gereginden artyk gezýärler' diýýärdiler biri-birlerine. Ninmahdan maslahat soradylar. Ýüzi garalanda gorkup haýran galdylar. Altyny Nibiruna gaty çalt akym bilen ýollamaly...'' diýip karara geldiler. Ninurta planetanyň içki gysymlary hakynda köp zatlar öwrenipdi, ulylara palçylyk edip şeýle diýdi. Bir metal şäherini guralyň, altyn göwherleri ol ýerde. işlenip artdyrylsyn, şeýdip Ýerden göterilen ýük gämileri has aňsat ugradarys. Her roketa gämi has köp altyn gatnadyp biler, bu ýerden Nibiruna barar, Anunnakilerede ýer açylar. Ýadawdyrlar, Nibiruna dolanyp barsyn, täze güýç Ýere gelip olaryň ýerini tutsyn. Enlil we Enki Ninmahyň Ninurtanyň gelen kararlary makullanypdy.
EDINDE METAL ŞÄHER BAD-TIBIRA GURULÝAR
Maslahaty Anu hem diňledi we makullady. Edinde metal şäheri planlandy; Enlil şol ýerde bolmaga höweslidi. Nibirudan gelen materiýallar bilen bina edildi; Nibirudan gelen gerek-ýarak zatlar bilen daşyny berkitdiler. Gurluşyk üç şarlap dowam etdi; adyna Bad-Tibira diýlip atlandyrdylar. Onuň üstünde durang Ninurta kent şäheriniň ilkinji serkerdesi boldy. Altynyň Nibiruna äkidilişi şeýdip tizleşdirildi. Öňki döwürleriň başynda Ýere we Lahmuwa gelenler Nibiruna dolanyp bardylar.
Alalgar we Abgal hem-de Nungal hem olaryň arasyndady. Olaryň ýerine gelen täzeler has ýaş we höwesjeňdiler. Ýeriň we Lahmunyň aýlawyna gije-gündizine öwrenişikli däldiler.
Olaryň Ýere gelen wagtlary Nibirunyň aymosferasyndaky gädik gowlanyp başlapdy. Planetanyň üstünde we asmanynda bolup geçen apatlaryndan bu ýaşlaryň habary ýokdy. Altyn çykarma wezipesi berlenine heýjanly bolup syýahata çykmaga höwesjeňdiler.
Ninurtanyň taýýarlaýşy ýaly göwherler Abzudan ugradyldy. Bad-Tibiratdan işlenilen altynlar roketa gämileriň kömegi bilen Lahmuwa ugradyldy. Ninurtanyň maslahaty bilen Abzudan Nibiruwa altyn bary akdy durdy. Emma ugruna gitmeýän bir zat bar, olam Abzuda ezýet çeken, täze gelen Anunnakileriň gozgalaň turuzmagydyr. Içini gemrip gelýän surnukdyryjy kyn işlere Enki asla üns bermezdi.
ENKI ÝERDÄKI JANLY-JANDARLARY BARLAGDAN GEÇIRÝÄR
Onuň bar ünsi Abzudaky başga meseleler bilen baglanyşyklydy. Abzuda ulalyp ýetişen janly-jandarlary haýranlyk bilen barlagdan geçirýärdi. Ýerde we Nibiruda görünen jandarlaryň arasyndaky tapawudynt öwrenmek, Ýeriň aýlawlarynyň we atmosferasynyň haýsy hassalyga sebäp boljakdygyny orta çykarmakçy boldy.
Abzudaky joşgunly akýan suwly derýanyň ýanynda haýran galdyryjy Amaly iş ýerini gurnady. Her dürli gerek-ýarak zatlardan üpjün edişdirdi. Ýaşaýyş öýi diýip at dakdy bu ýere. Ogly Ningişziddany hormatlap garşylady.
Düzüminde mukaddes formulasy, ýaşaýyşyň we ölümiň syrlary bolan kiçijek ME-leri bilelikde taýýarladylar. Ýeriň janly-mahluklarynyň ýaşaýyşlaryna we ölşüne degişli gizlinlikleri açyklamakdy. Enki aýratynam käbir jandarlara haýran galdy. Olar uzyn baglaryň arasynda ýaşaýardylar. Öňki aýaklaryny el hökmünde ulanýardylar
(Suratlandyrylmagyna görä bular maýmynlar bolmaly).
IGIGILER TÄZEDEN GOZGALAŇ TURUZÝARLAR
Giň sähralygyň uzyn otlarynyň arasynda betgelişik jandarlar görülýärdi. Dik ýöreýän ýalydylar. Enki bar wagtyny olary barlagdan geçirmek üçin sarp etdi welin, Anunnakileriň arasyndaky düşünişmezlige asla üns bermedi.
Bu meseläni ilkinji gezek gören Ninurta boldy. Bad-Tibira gelen altyn-göwherler azalýardy. Enlil Ninurtany Abzuda nämeleriň bolup geçýändigini bilmek üçin ugratdy. Baş subaşy Ennugo oňa belli bir ýol aralykda ýoldaşlyk etdi.
Anunnakileriň şikaýatlaryny öz gulaklary bilen eşitdi. Çekeleşip, aglaşýardylar, ýer gazýarkalar , biri-birlerine igenýärdiler. Ninurta ýüzlenip bu kynçylygy çekip çydar ýaly däl diýýärdiler. Ninurta muny agasy Enkä aýdyp berdi. Enlili çagyrmaly diýdi Enki. Enlil hem Abzuwa geldi, gazylan çukurlaryň ýakynlarynda bir öýe ýerleşdi. ''Öýüne baryp Enlile nägileligimizi bildireliň'' diýip gygyryşdy gahrymanlar.
(dowamy bar)
Zakariýa SEJIN
Terjime eden: @Jeksparoo

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.