Sümer Plita ýazgylary (dowamy)

TOPRAKDAN EDILEN ILKINJI YNSAN DOGULÝAR

Palçykdan edilen gabyň içine iki aýakly Ýerli urkaçynyň ýumurtgasyny enaýy edip ýerleşdirdi. Bir Anunnakiniň ganyndan çykarylan ýaşaýyş ýüpüni hem gapda goýdy.
ME formulalaryna görä garyndy taýynlandy; Şeýdip döllenen ýumurtga Ýerli urkaçynyň enelik ýatgysyna goýuldy. ''Hamyla boldy'' diýip Ninmah begendi. Dogulmaly wagtyna garaşdylar. Wagty sagady dolanda Ýerli urkaçynyň içi sanjyp ugrady. Bir çaga doguldy. Ninmah öz elleri bilen täze dogulan çagany eline aldy. Ol oglanjykdy. Keşbini gözden geçirdi. Ýalňyşlyk ýokdy. Ellerinde tutup ýokaryk galdyrdy. Enka we Ningişzidda görkezdi. Üç baştutan begenjinden ýaňa ha-haýlap gülüp şatlandylar.
Enki we Ningişzidda biri-birleriniň arkasyna kakdylar. Ninmah Enkini gujaklap öpdi. ''...Elleriň bilen ýaratdyň ony'' diýdi Enki. Parlak gözleri oňa seredýärdi. Ony doguran enä berdiler, täze dogulan çagany. Nibirudaky çaganyň ösüp ulalşyndan örän tiz ulalyp ýetişýärdi. Aý aýdan keşbe girýärdi täze doglan; bäbeklikden çykyp çaga boldy. Elleri aýaklary iş etmäge çeýedi, gürläp bilenokdy. Soraga jogap berip bilenokdy. Hyrryllap hümmürdemekden ybaratdy sözleri.

ONDA KEMISLIK BARLYGY SEBÄPLI ÝUMURTGA ANUNNAKILERIŇ ÝATGYSYNA ÝERLEŞDIRILÝÄR.

Enki bu mesele boýunça pikirlenýärdi, her garyndy-da näme etmelidigi hakynda oýlanýardy. Enki Ninmaha: ''Her testlerde bir zady ýatdan çykarýarys'' diýýärdi. Enki ýene-de şeýle diýip sözüniň üstüni ýetirdi:'' Döllenen ýumurtgany diňe Ýerli urkaçynyň ýatgysyna goýýarys. Ýeketäk ýalňyşlyk şol bolaýmasyn'' diýdi.
Ninmah Enkä üýtgeşik şekilde, geň seretdi. Ninmah: ''Sen näme diýjek bolýarsyň?'' diýip ondan jogaba garaşdy.


(dowamy bar)

Zakariýa SEJIN

SÜMER PLITA ÝAZGYLARY


Terjime eden: @Jeksparro
1 лайков 58 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.