«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri:türkmen obasynyň täze keşbi»atly döredijilik bäsdeşlige

Günüň mährem çoguny kalbyna siňdirip, güler ýüzli obadaşlarymy hoşamaý bagryna basyp, mähirli ýylgyryp oturan , erkana obam ! Sen şeýle mähriban , sen şeýle eziz .Hasam milli Liderimiz gahryman Arkadagymyzyň , hormatly prezidentimiz Arkadagly Serdarmyzyň baştutanlygynda , günbe-günden görklenýärsiň, döwür bilen aýakdaş ösýärsiň , özgerýärsiň. Ine muňa gözlerimiň görüp duran mysallary. Seniň günbataryňda we demirgazygyňda gurulyp ulanmaga berlen, mähriban obadaşlarymyň mährem ojagyna öwrülen , döwrebap jaýlar. Öňküsündenem özgerip , bag bakjalara bukulyp oturan , her göreniňde iň hezil günleriňi , okuwçy ýyllaryňy ýadyňa salýan mähriban mekdebim. Günde bäş wagtyna Allany ýatladýan , Biribaryň Ýerdäki öýi hasaplanýan "Sary kary ahun" metjidim , ýyl-ýyldan özgerşliklere eýe bolýar. Seniň goýnuňda arkaýyn ýaşap , işlemäge , okamaga , öwrenmäge , döretmäge mümkinçilikler azmy eýsem ?! Seniň sapaly saýaňda , eşretli eýýamyň eşretinden lezzetlenip , Garaşsyz , baky Bitarap watanyma buýsanyp arkaýyn ýaşabermeli.
Isberden obam !
Sen iň gözel goşgylara mynasyp.
Esasanam şeýle ajaýyp ýurdumyzda , berkarar döwletimiziň bagtyýar günlerinde ýaşap , säheriň salkynjak şemalyndan ylhamlanyp, bagtyýar halkyma buýsanyp , asuda ülkäme guwanyp, şadyýan çagalaryň şadyýan gülki seslerine joşup , göbek ganymyň daman ýeri, iň ýakymly ýatlamalaryň siňen ýeri, Isberden obam barada şeýle şirin şygyrlar ýazasyň gelýär.
Beýik Allaň nazar salan topragy,
Kalbymyň buýsanjy Isbirden obam.
Gözel görkiň haýran edýär köpleri,
Gözlermiň guwanjy Isbirden obam.
Şehitleriň gany siňen ýaýlaňa,
Janym ruhum aýlanyp ýör gaýbana,
Ýaş ýüregim gelýär bu gün heýjana,
Köňlimiň buýsanjy Isbirden obam.
Ömümiň örki sen ,dünýämiň görki,
Jan,jiger ,baýlygym ,bar zadym seňki,
Gözlermiň garasy ,ýüregmiň erki,
Erkana topragym Isbirden obam.
Gaýrasyna Amyderýa çekilen,
Ilersine bag-bakjalar ekilen,
Adyň öwilýäniň ady dakylan,
Gudrat,keramat sen Isbirden obam.
Wasbyňy sözlesem ajap heň bilen,
Gür baglygyň gülzarlyga deň gelen,
Gaýgysyz günlerim geçdi seň bilen,
Mähriban topragym Isbirden obam.
Toý güninde gaýgy-gussa ýat bolar,
Şatlyk-şowhun bütin oba ýaň salar,
Ýas güninde öten -geçen ýatlanar,
Haýyr sahawatly Isbirden obam.
Atalarmyz bardyr pähimli pentli,
Enelermiz bardyr arassa kalply,
Ýigitleri merdem ,gyzlary görkli,
Ýaşar seň goýnuň Isbirden obam.
Gerçeknazar sözleseň seň tarypyň,
Goşga sygmaz ölmez ýitmez taryhyň,
Gunça güller bark urup dur bar ysyn,
Tükenmez tarypyň Isbirden obam.
Ine-de seniň jomart goýnuňda ýaýylyp ýatan , çogly Güneşiň çoguna lawurdap oturan maýsalaryň içinde, säheriň salkyn şemalyna maňlaý deriňi sylyp, bereketli topragymda boý alýan bugdaýlara buýsanyp , joýalardan-joýalara "jübür-jübür" jübürdeýän, bütin janlynyň teşnesi , ýaşaýşyň çeşmesiniň başynda durus. Gurbanyň bolaýyn, her damjasy altyna deňelýän şu bereket çeşmesiniň bir damjasynam isrip etmezlik maksady bilen "şildir-şildir" akyp gelýän ýabyň suwuny her bir joýalara deň bölüp , günortadan demirgazyga siňňin akdyrarsyň. Emma suw diýlen juda ynjyk , juda näzik närsedir. Sähelçejik ýalňyşsaň , sähelçejik jaýrykdanam syzyp bildigi boldugydyr. Ullakan edip , berkden-berk hasaplan böwediňem böwser geçäýer. Kärendeçi kakam eýýäm ýigrimi ýyl bäri şu rysgally ýerlerden bugdaý öndürip çörek iýen soň , daýhançylygyň abyny-tabyny mazaly alandyr. Ol pilini ezberlik bilen işledip, ulyrak ýap bilen alňasap gelýän suwlary , her joýa des-deňje bölerde , siňňinje akar ýaly edäýer. Ine, menem onuň kömekçisi. Ol näme diýse, diýeni bilen ylgap ýörün. Siňňinje akyp ýatan suwlardan özüne gerek paýyny alan maýsalar, başlarny çar ýana ýaýkaşyp , zähmetkeş daýhanlara "sag bolsun" aýdarlar. Kän wagt geçmänem haýdan-haý pajarlap asmana sary boýlanarlar-da buýsançly başlaryny aşak sallaşyp , saralşyp oturandyrlar.
Hawa obam . Şeýle gözellikleri , hakydaňda baky ýaşajak duýgyly täsinlikleri duýup, synlap, bilip durkaň , neneň guwanmajak , neneň buýsanmajak , neneň joşmajak ?!
Uzakdan görinýar ýaşyl maýsalar,
Lowurdaýar olar Güniň çogyna.
Dagyň eteginde ekin ekdik biz,
Käte aýlanardyk Köpetdagyma.
Ine ýene geldik ekin meýdana,
Bir eiňde orak, bir eliňde pil.
Gök maýsalar yranyp dur her ýana,
Joýalardan-joýa akyp barýar sil.
Orak bilen orýas haşal otlary,
Hem pil bilen akar ýaby bekleýäs.
Işleýäs meýdanda her gün der dökip,
Şeýdip halal maşgalany ekleýäs.
© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
(Gökdepe 30.07.2023)

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.