Sümer Plita ýazgylary (dowamy)

''....Çagany dogurmaly enelik ýatgysyndan gür açýaryn. Döllenen ýumurtgany ýetişdirip soňra ony dogurana çenli garnynda göterýänden söz edýärin. Biziň keşbimizde we bize meňzeş bolmaly bolsa Anunnakiniň enelik ýatgysy gerek bolaýmasyn'' diýdi Enki. Ýaşaýyş öýüne sessizlik aralaşdy. Enkiniň bu aýdanlary öň eşidilmedik geň sözlerdi. Biri-birine bakdylar; biri-birleriniň näme hakda pikir edýändikleri hakda oýlanyşýardylar.

NINMAH HAMYLA BOLMAKLYGY KABUL EDÝÄR


Ninmah ahyrsoňy: ''...Aýdýanlaryň hut öňdengörüjilikdir gardaşym'' diýdi. ''...Ýalňyşsyz bolan garyndyny, terslik bilen enelik ýatga goýupdyrys.
Indi haýsy Anunnaki öz enelik ýatgysyny muňa taýýar tutar öýdýäň?...'' diýip Ninmah çala agzyny titirdedip gürledi.
''Muny ýoldaşym Ninkiden sorap göreýin. Ony bu ýere ýaşaýyş öýüne çagyraly; meseläni oňa düşündireli...'' diýip Enki sözüni soňlap çykyberjek bolanda Ninmah eli bilen onuň egninden tutdy-da şeýle diýdi: ...Ýok, ýok...Garyndylary meň özüm taýynladym; onuň garşylygy meň özümiňki bolmaly. Ýagny meniň enelik ýagtymda döresin, erbet kysmat ýa gowy kysmat bilen meň özüm ýüzbe-ýüz boljak...'' diýdi. Enki başyny egip ony enaýy gujaklady-da ''Goý, şeýle bolsun'' diýdi. Palçyk gapda garyndyny taýynladylar, Ýerli urkaçynyň ýumurtgasy bilen Anunnaki erkeginiň suwuklygyny bir ýerde gardylar.

NINMAH ÇAGANY DOGURÝAR

Döllenen ýumurtga Ninmahyň ýatgysyna Enki ýerleşdirdi, ol hamyla boldy. Olar biri-birlerine: ''Garyndy bilen başlan hamylalyk näçe wagtlap dowam eder?'' diýişdiler. Nibirunyň dokuz aýymy ýa Ýeriň dokuz aýy? Ýerdäki wagtdan Nibirunyň gysga wagty aralykda Ninmahyň garny sanjyp başlady. Ninmah bir ogul dogurdy. Enki oglanjygy elleriniň arasyna aldy. Onda kemçiliksiz keşp bardy.

TÄZE DOGULAN ÇAGADA UKYP BAR

Mundan soňra täze dogulanyň ''Adamu'' (Biziň ulanýan Adam kelemesiniň köki şu bolsa gerek) at bilen çagyrylmagynyň we oňa dişi (aýal, urkaçy) Ti-Amatyň nädip ýaradylýandygy hakda ýatlanylyp geçilýär.
Baştutanlar täze dogulan oglanjygyň keşbini we ellerini, aýaklaryny ünsli barlap gözden geçirdiler. Gulaklarynyň şekili gowudy, gözleri ýumuk däldi, elleri aýaklary çeýedi; aşaky bölegini aýak we ýokarsyndaky synasyny el hökmünde ulanýardy
Ýabanylar ýaly gür tüýli däldi, saçlary goýy garady.

ÝERLINIŇ SÜNNET HAMYNYŇ BARDYGY BELLI BOLÝAR

Teni Anunnakileriň teni ýaly ýumşakdy. Reňki goýu gan gyrmyzy reňklidi. Abzunyň topragynyň reňkini alypdy. Jynsy agzasyna seretdiler. Görnüşi ýönekeýdi, öňki bölegi ham bilen örtülendi!!!!!!
Anunnakileriň jynsy agzalary bolsa tersine onuň yz tarapynda deri bardy. Enki bu hamy synlap: ''Ýerliler biz Anunnakilerden bu ham arkaly tapawutlansyn'' diýdi (Bu ýerde sünnete degişli edim-gylymlar hakda gürleşeliň! Sünnet penis Taňry tarapyndan belgilenendigine görä adamlaryň sünnete degişli edim-gylymlary şol sebäpden bolmagy mümkin. Ybraýym Rebbiň emri bilen penisini sünnet edýär. Munuň üçin hem keser pyçak ulanýar (Yslamda; bu hakda öňde üstünde durup geçeris) Anunnakileriň penisiniň Ýerdäki adamlaryňkydan has uly bolandygyny görkezýär.
Belkäm Ýeriň beýleki ýerlerinde tapylan uly penisli Taňry heýkelleri şol sebäpden ýasalan bolmaly. Ybraýym hem ýarym taňrydy. Ýagny bir Anunnakiden dogulan nesliň dowamaty. Anunnakiler ýarym Ýerli şeýle çagalary guran şäherlerine görä patyşa ýa-da ruhany edip belläpdirler. Ybraýym hem Ruhany bolan Terahyň
Şeýle ruhanylar we patyşalar Anunnakiler, ýagny Taňrylar bilen gan bagy bolandygyny görkezmek üçin özlerini sünnet edip tapawutlanmaga çalşypdyrlar).
Töwratda we Yslam silselelerinde (aslynda Kuranda sünnet bilen baglanyşykly söz aýdylmandyr. Diňe Ýahudylaryň düzen sünnetinde Yslamda başdan bäri hem bardyr???!!!) Sünnet emri Taňrylaryň, ýagny Anunnakileriň özüne bagly kabylalaryň tapawutlanmagy üçin aýdylan bolmagy mümkin dälmikä? Sebäbi Taňry Ybraýymy penisinden tanajakdygyny aýdýar. Edil ýokarda Enkiniň Ýerliler bilen Anunnakileri aýyrýan sünnet hamynyň bolşy ýaly. Indi Töwratdan Ybraýymyň nädip sünnet emrini alandygyny okalyň:
11- Sünnet edilmelisiňiz. Sünnet aramyzdaky ähtleşmäniň belligi bolar.
12. Öýüňizde dogulan ýa-da nesliňizden bolmadyk başga kesekilerden satyn alan gullaryňyz sekiz günlik her erkek çaga sünnet ediler. Indiki nesilleriňiz boýunça bu dowam eder.
13. Öýüňizde dogan ýa-da satyn alan çagaňyz sünnet edilsin.
14. Sünnet edilmedik her erkek halkynyň arasyndan kowular. Sebäbi ähdimizi bozdugydyr.
23. Ybraýym öýündäki bütin erkekleri Taňrynyň özüne aýdyşy ýaly şol gün sünnet etdirdi.
24. Ybraýym sünnet edilende 99 ýaşyndady.
25. Ogly Ysmaýyl on üç ýaşynda sünnet edildi.
26. Ybraýym ogly Ysmaýyl bilen bir günde sünnet edildi.
27. Ybraýymyň öýündäki bütin erkekler onuň bilen bilelikde sünnet edildi.
(dowamy bar)
2 лайков 68 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.